Musulman: Ol Allahdyr we ol ýeketäkdir. Muhammet onuň ilçisidir.
Hristiýan: Bardyr. Ol ýeketäkdir we Isa onuň ogludyr.
Ýehudy (Ýewreý): Bardyr. Ol ýeketäkdir we Musa onuň ilçisidir.
Induist: Bardyr. Brahman iň esasy hudaýdyr.
Buddist: Taňry ýokdur. Budda biziň ýol görkezijimizdir.
Gadymy Iskandinaw: Bardyr, ol Odindir.
Gadymy Grek: Bardyr, ol Zewsdir.
Gadymy Müsür: Bardyr, olar; Atum, Anubis, Sekmet, Hator, Horus we başgalary.
Zaraduştra(Eýranda käbir taýpalar): Bardyr, ol Ahuramazdadyr.
Şintoist (Ýapon): Bardyrlar, olar Kamilerdir (mukaddes ruhlar).
Ateist: Taňry ýokdur.
Deist: Taňry bardyr, dinler we pyýgamberler ýokdur, olar adamlaryň oýlap tapan zadydyr.
Agnostik: Bolup biler, bolmanam biler. Muny hiç-haçan bilip bilmeris.
...
Sorajagyňyzy bilýärin :)
Pastafarian: Bardyr. Ol Flying Spaghetti Monster-dir (Uçýan Unaş Monstry).
*Bellik: Ýone Pastafarianizm parodiýa bir dindir. Uçýan Unaş Monstr sarkazm üçin toslap tapylan taňrydyr. Ynanýan diýýänlerem (men ýaly) olar ýaly diniň ýa-da taňryň ýokdugyny bilýärler ýöne käbir din fanatiklerini troll-lamak üçin ýa-da sarkazm üçin aýdýarlar.

Sorag-jogap, Panturkist tarapyndan 2 weeks ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir