•Haýsy her bir söýgi kellede däl-de, ýürekde bolsa özüçe hakykydyr hem gözeldir. W.Belinskiý •Söýgi bilen ýigrenjiň arasy bir ädimdir. •Söýginiň bir sagadynda – tutuş ömür bar. O.Balzak •Gabanjaňlyk – başgalara garanyňda, özüňe köp ýamanlyk etmegiň sungatydyr. A.Dýuma ogly •Birek-biregi söýmek üçin öz-özüň bilen göreşmek gerek. F.M.Dostoewskiý •Söýmek diýmek özümizdäki hem-de töweregimizdäki müňlerçe päsgelçilikler bilen göreşmekdir. J.Anuý •Söýýän adamyň gahary uzaga çekmez. Menandr •Gowy zenan durmuşa çykanda bagt getirýär, ýaramaz zenan bolsa bagta garaşýar. B.Klýuçewskiý •Är-aýal diňe bilelikde gowy adama öwrülip bilýär. L.Feýezbah •Öýlenmek öz hukuklaryňy iki esse azaldyp, borçlaryňy iki esse köpeltmekdir.A.Şopengauez. •Söýýän adam dünýäniň manysyna göz ýetirip başlaýar. M.Prişwin •Namysjaň adamyň maşgala durmuşy çylşyrymly bolýar, binamysky bolsa gülala-güllükdir. L.Tolstoý •Jahylyň ýygralygy, gyzyň bagtyýarlygy çyn söýgüniň alamatydyr. B.Gýugo •Çyn söýgi diňe başga bir adamyň ykbaly hakdaky alada ulaşan ýürekde döräp biler. B.Suhamlinokiý •Maşgala durmuşynyň keşigi ynsanyň ahlagyny has tämiz edýär. A.Puşkin •Nika – söýgüniň tepbedidir. Ýa.Knýajin. •Nika – özüňi söýgi derdesinden halas etmegiň serişdesidir. M.Prişwin •Nika – hyjywuňy köşetmäge ýardam edýär, ýöne söýgiňi basmaga haýyrsyzdyr. A.Rýunoske •Ajalyňky ýaly hiç bir alajy bolmadyk ýagdaýy öýlenmek gerek. L.Tolstoý •Eger ýalňyzlykdan gorkýan bolsaňyz onda öýlenmäň. A.Çehow •Şowly nika seýrek duş gelýändigimiz özi onuň arzylydygyna hem-de ähmiýetlidigine güwä geçýär. M.Monten •Gelni gözüň bilen dälde, gulagyň bilen saýlap al. P.Ýeremenýew •Söýgi lezzetli ezýetdir, sebäbi söýýän adam onuň jebri-jepasyna kaýyl. Bon •Söýgini ýeňip bolmaýan päsgelçilikler ýaly möwjetýän zat ýokdur. L.Wega •Söýginiň ähli zada emri ýetýär, ýeriň ýüzünde onuň jebrinden uly jeza-da, oňa gulluk etmegiň lezzetinden uly bagtam ýokdur. W.Şekispir •Söýgi gyzamyk ýalydyr: näçe giç degse, şonçada howplydyr. Jerrold •Söýgi köplenç akyly baryň akylyny alýar, akyly ýoga akyl berýär. Didro •Deňlik söýginiň iň berk esasydyr. Lope de Wega •Söýgüsiz ömri men günäli hem-de ahlaksyz hasaplaýaryn. W.Wan Goga •Maňa ynan:- nirede bizi söýýän bolsalar, nirede bize ynanýan bolsalar, bagt hem şol ýerdedir. M.Lermentow •Aşyklyk adama onuň nähili bolmalydygyny görkezýär. A.Çehow •Eger söýgüde dostluk, ýoldaşlyk, umumy bähbitler bolmasa ol ownukdyr. N.Ostrowskiý •Adamyň ýeten iň paýhasly zady aýallary söýmek başarnygydyr, onuň gözelligine baş egmek başarnygydyr: aýalyna bolan yşkdan zemindäki ähli ajaýyp zatlar dörändir. M.Gorkiý •Eger näçe kelle bar bolsa, şonçada aklyň bolşy ýaly, näçe ýürek bar bolsa, şonçada söýgi bardyr. L.Tolstoý •Sylag-hormatsyz söýgi uzaga-da gidip bilmez, belentligi-de galyp bilmez, ol ýeke ganatly perişdedir. A.Dýuma ogly •Söýgi üçin ertir ýok, söýgi ertir barada aladalanmaýar. Genrih Geýne •Söýgüde öz-özüňi söýmek, dostlukda öz şahsy bähbidiňi aramak ýaly.J.Sand •Sowuk gülkiniň jümmişinden kuwwatly baky söýginiň gyzgyn uçgunlarynyň tapylmagy mümkin. N.Gogol •Hem söýmek, hem parasatly bolmak mümkin däldir. Bekon •Aýala bolan söýgisi her neneňsi bolsada, hat-da diňe ejir çekdirsede, erkek kişi üçin haýyrlydyr şolarda hem gymmatly zatlar bardyr. M.Gorkiý •Hiç mahal sabryňy ýitirme, ol gapylary açýan iň soňky açardyr. A.Sent •Söýmek – söýýän adamyň durmuşy bilen ýaşamakdyr. L.Tolstoý •Bir adamy gara çyny bilen söýýän adam dünýäni söýýändir. E.From •Söýýän adamyňy söýmekden ýeňil zat ýokdyr, ýöne söýmeýänleriňi hem az kem söýmek gerek P.Çaadaýew •Söýgi bagt hazynasydyr. Mýuller. •Çyn söýgi haçan-da, üç zadyň bir ýerik jemlenmegine aýdylýar. Oňa akyl, ýürek hem-de ten duýgusy degişlidir. Hytaý pähimi.

Köneler, Wepa tarapyndan 16 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir