Hawa \"tmolympiad adamlaryň pikirlerini paýlaşar ýaly internetde bir türkmen saýty bolar\" umydy bilen meniň hem başda uly höwes bilen gatnaşan saýtymdy. Ýöne wagtyň geçmegi bilen adamlaryň intellektual derejesiniň entek pikirleriň üstünde durmak däl-de şahsyýetleriň üstünde, şol şahsyýetiň ýa ýere sokulmagy ýa-da öwülip arşa çykarylmagy derejesine durmak bilen meşguldygyna düşünmeli boldum. Şol döwürler men saýtda syýasy temalar, has dogrysy ýokaşan jemgyýedini iň biderek jemgyýet edip taşlaýan \"şahsyýet kulty\" diýilýän zadyň üstünde köp ýazýanym üçin bir anketa edildi. Öň hem şuňa meňzeş bir anketa edilip syýasy zatlar ýazylybersin diýen netije çykypdy. Ýöne soňky edilen anketa şekil taýdan demokratiki däl režimlerde (diktatura) edilýän saýlawa meňzeşdi. Men bu anketanyň şekil boýunça demokratiki däldigine ynansam hem çykan netijäni şol ýerdäki anketa gatnaşmadyk ýa-da özleri her dürli syýasy temany gozgasalar hem anketa gatnaşyp syýasy temanyň ýazylmazlygyna ses beren agzalar üçin demokratiki hasapladym we birnäçe gün pikir edenimden soňra saýtdan çekilmek kararyny berip Hoş Galyň! diýdim. Şondan bäri saýt bilen kän gyzyklanamok. Men bu temany näme üçin gozgadym. Ýakynda bäriň hem agzasy bolan aganjanh, aňyrda Menem gidäýsemmikänäýt... diýip tema açypdyr. Oň aşagyna bolsa Atamyrat

kabir agzalaryn oz aralarynda dilleship hereket etmekleri, tmolympiad dargatmak ucin organizowat edilyan yorite ataka menzeyar
diýip ýazypdyr. Edil şol günler biz talyplar.com-yň täze sistemasyny açypdyk we Atamyradyň ýazanlary maňa näme üçindir \"organizowat edýänler\" diýip talyplar.com-y görkezýän ýaly bolup göründi. Eger çyndan hem ýokardaky ýaly pikir edilýän bolsa men talyplar.com-uň döredilen otagynda ýaşan (shahyr, muhacir, farabi) hiçkimiň hem şeýle pikiri kellesinden geçirmeýändigine ynanmak bilen öz kellämden şeýle zadyň pikiriniň hem geçmeýändigini bizden şüphelenýän bar bolsa aýdasym geldi. Ýene bir zat tmolympiad-dan adamlar gidýän bolsa muny başgalaryny şübhe astynda tutup gözlemek ýerine \"demokratiýa\" we \"medeni dilde\" gözlemek has makulmyka diýýärin. Boldy.

Köneler, Farabi tarapyndan 16 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir