Täleýnama barada men köp wagtdan bäri gyzyklanýan. Aslyýetde täleýnama we ýyldyz ylmy dogrymy ýa-da adamlaryň özünden oýlap tapan biderekligimi? Bu barada pikirlendiňizmi? Men şu tema barada köp zat okadym. Şu ýerik bu barada öwrenen zatlarymy ýazasym gelýär emma bu ýazgyda ýazmakçy däl. İlki bilen siziň bu barada bilýän, eşiden zatlaryňyzy bilmek isledim. Käbir gyzlar görýän öz täleýlerine, ýyldyzlaryna we söýüşjek oglanlarynyň täleýlerine seredip käbir kararlar alýalar. Men hem bir gezek iş gözleýäkäm türkleriň bir saýtyndan öz täleýime seredipdim. Şol ýerde 4-nji gün iş gözleýän bolsaňyz işe girersiňiz diýip duran ekeni. Menem geň galdym we 4-nji gün geldi hakykatdanam şol gün işe aldylar meni. Beýle detalnyý zatlaram bilip bolýarmyka täleýine seredip? Meniňki ýyldyzym(täleýim) terezi. Terezi çalt çalt pikir üýtgedip belli bir kararda durup bilmeýä diýýäler, hakykatdanam şeýle bolýa mende we elinde pul tutup bilmeýä tereziler, puly çalt gutarýa sowup bu meniň öz gören zadym beýleki terezilerde-de. Köp meşhur adamlar (Tarkan, Hülýa Awşar, Oscar Wilde, Turgut Özal, Michael Douglas, Jean Claude Van Damme we ş.m ) (keýpihon adamlar) terezi ýyldyzyna degişli. Bu meşgurlaryň hemmesinde umumy häsiýetler jemlenen. Siz bu barada nämeler bilýäňiz? Men hem siziň pikirleriňizi alamsoň gowy ýazgylar taýýarlap ýazjak nesip bolsa.

Köneler, shahyr tarapyndan 16 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir