Internetde ozbek sitlerinin birinde shu hekaya-satira gozum dushdi,onki sitde ruschasyny goyupdym,okap goren bolmady oydyan;indi shony turkmencha terjime edip goyyan; Goymagymyn sebabi:hekayany hema gulkunch tapdym,hemem kabir tanysh zatlary yadyma dushurya:),ozbekler bizin gonshylarymyz,kop zatlary bizinka menzeya; turkmenchesi shol vagt kellame gelmedik sozler bar,sholary ruschalygyna goydum,garyshyk bolsa gulmaverin,arassa turkmenche yadymdan chykyp barya:) alnan cheshmesi: http://community.livejournal.com/uzbek_woman/ EGER ERKEKLER VE AYALLAR YERINI CHALYSHSADYLAR yada OZBEK AYALYNYN DURMUSHYNDAN BIR GUN. Sagat gulaga yakymsyz ses bilen jyrlayar. Tashkentde dandan sagat 4 .Men suyji ukuda yatan adamyma bakyp,ony yralap bashlayan : -Tur,sagat eyyam dort bolupdyr. Adamym duyshunde bir zatlar samyrdayar.Men ony onkuden has gatyrak yralayan : -Tur,hov !Sen entak hovlyny arassalamaly ! Gonshular name diyerler ?! Tur yerinden ! Adamym ahyry ukudan oyanyp geyinmage bashlayar. Hazir ol hovlyny supurmage bashlar. Bizde,ozbekler-de,adat sheyle.Men bolsa gaytadan uka gidyan.Sagat sekizlere yakyn kofanin ve blinchiklerin yakymly ysy meni ukudan oyaryar.Turup naharhana giryan,adamym onluk dakynyp,plitanyn ustune eglip bishir-dushur edip yor.Stolun bashyna gechip oturyan. Buyruk beriji ahende adamyma: -Mana shekeri uzat !- diyyan. Adamym shekeri alyp mana uzadya,sonra onlugini chykaryp asyp, geyim utuklemek uchin gapdaldaky otaga gechya.Yzyndan : -Men ishime gija galyan,men bluzkamy tizrak utuklap berjekmi ? – diyip gygyryan. On minut sonra utuklenen bluzkamy,chal renkli yubkamy geyip,papkamy elime alyan.Adamym meni hovlyn gapysyna chenli ugradya.Mashynymy otlap gidiberemde adamymy duyduryan : -Biz bu gun gyzlar bilen chayhana belleyas,men gich gelerin. Mashynym yzynda tozan galdyryp gozden yitdi.Adamym yzyna dolanyp,gap-chanaklary yuvup bashlady. Shol vagtda men bolsa mashynda « Dostluk » prospektinde ofisime yetip baryadym.Menin ofisim Tashkendin in govy biznes sentrlerinin birinde yerleshyar.Men bolsa « nedvijimost » bilen meshgullanyan karhananyn general direktory. Svetoforda gyzyl chyra garashyp durun velin,yzymdan bir mashyn gelip birnache santimetrlikde saklady.Tasdanam men mashynymy chitiklapdi !!! Gaharlanyp bashladym,yone seretsem rulda oturan erkek-lay .« Ay,bir erkek ,ondan name alyp boljak»diyyan oz-ozume.Onda-da blondin erkek. Ayal bolmagyn govudygyny.Bize islan zadymyzy etmage hakymyz bar.Butin dunya bizin ayagymyzyn ashagynda.Dunyani biz dolandyryas,in mohum kararlary biz kabul edyas,erkekler bolsa bize hyzmat etmeli.Bizde hakymyz ve privelegiyalarymyz kop. Shol bir vagt adamym oyde kir yuvmaga bashlayar.Men duyn yuvar yaly geyim baryny goyup gaytdym.Men adamyma ishlemage rugsat edemok.Ay,nama geregay ?Degme oyde otursyn,oyun ishini etsin,hojalyk dolandyryjy ozi dalmi ?Eger ol oyde oturmasa,men egin-eshiklerimi kim yuvar,naharymy kim bishirer,oy-icherini kim arassalar ? Bir gezek,yadymda, adamym ishlemek barada soz achdy,shonda aramyzda galmagal boldy. « -Men sana ol uchin oylenmandim »-diydim . Adamym men sozume garshy chykjak boldy velin,men ony bir yelmedim.Bizde,ozbeklerde,bu yagday adaty. Adamsyny vagtal-vagtal urup durmayanam bir ayal bolarmay ? Men ofisime geldim.Hemmeler mana salam beryaler.Kstati,bizde esasan dine ayallar ishleyaler. Bolmanam name,men sheyle vajyp ve jogapkarchilikli zatlary erkeklere ynanyp bilerinmi ! Tem bolee,alymlar ayallaryn erkeklerden has akyllydygyny subudam etdilera!Erkeklerem ishleyaler bizde,yone koplench olar ya ofis arassalamak yada sekretar yaly gara ishleri yerine yetiryaler. Ine-de menin sekretarym.Yaman govja oglan,ozune chekiji muskullary bar.Ozem dine shol sebapli ol menin sekretarym.Bar edyan ishi-mana chay yada kofe getirmek,yada kavagtlar ol menin joralarymy yaya biznes boyuncha ishdeshlerimi garshy alya.Men onki sekretarym menin azar bermegime chydap bilman ichden chykdy.Natjek-da,menin bolshum sheyle.Sekretarlaryma goz gyzdyrmagy govy goryan.Menin joralarymam koplench sheyle edyaler.Ay,biz erkega,bize rugsatly bu zat.Ine,menin adamym ,onda ol bashga gep,bashga birisine seredip bir gorsun, yzynyn govulyga barmajagyny bilyandir. Sekretarym mana mylayimja yilgyryshy bilen seredya,edil shol vagt joram Nilufardan jan gelya. Nilufar : -Nadyas,shu gun chayhana belleyasmi ? - diyip trubka gygyrya. -Elbetde,belleyas,alkogolly,oglanly,shol onkuleri yaly- diyip gulup jogap beryan. -Bor onda,gichlik dushusharys- -Gyzlary jan edip chagyrmagy unudayma- diyip trubkany goyyan ve sekretaryma mylayim yilgyryan. Men oz ishlerime guymenyan,bu vagt adamym bolsa oyi arassalamaga bashlayar.Hemme otaglary pylesos bilen arassalaya,tozanlary supurya,pollary yuvya.Bizin oyumiz ullakan,arassalamak uchin onun iki-uch sagat vagty gidya.Bu ishden son,ol bazara gerekli zatlary almaga gidya,yzyna obeddan son gaydyp gelya. Gelibem gichlik naharyny bishirmage tayyarlyk gorup bashlaya. Menin ish gunumin sony,shatlanmagynam vagty yetip gelya.Joralarym eyyam jan edip bashladylar. Zatlarymy toplap ofisden chykyp gidyan.Tashkendin gije klublarynyn birinde dushushmagy gurleshipdik.Oz oturyshlyklarymyzy biz « chayhana » diyip atlandyryas.Girish gapyda joralarym onumden chykyalar,hemme kim toplanypdyr.Ine,bu Nilufar,onun oz restorany bar.Bu bolsa Nargiza,onki ay bir kompaniyanin direktory boldy.Kstati,Nargizanyn iki adamysy bar,ikisinem yupe danylgy yaly saklaya. Ine bu Zarifa,adamsyna ikilik etmekde ona tay geljek yokdur ;adamsy ondan habarly,yone shonda-da chydaya.Pul beryan ayaly bolsa,bolmanam nira gitsin ? Biz,ayallar,sheyle-da.Garashsyz,buysanchly hem-de derzkiye. Bize hemme zat prostitelno,sebabi biz yokary kasta.Bizin elimizden hemme zat gelya, s e b a b i b i z a y a l l a r ! Bizin jemgiyetimizde erkeklerin ses bermage haky yok,olaryn yerine hemme zady biz chozyas.Biz gijeki klublarda vagtymyz,bizin adamylarymyz oyde oturyalar,nahar bishiryaler,chagalarymyz terbiyeleyaler ve bize vepalylyk bilen garashyalar. Men zordan ayak ustunde durun,menden gymmat bahaly wiskinin ysy gelya.Serhosh bolmadyk Nilufar meni oyume chenli getirdi.Gapyny kakyan,yadav adamym gapyny achya. Stolun ustundaki nahara chala gozum dushdi .Adamym « nahary gyzdyrmalymy ? » diyip soraya. -Naharyn gumune gitsin !-diyip gygyryan,geyimlerimi zordan chykaryp zynyp yorgana giryan.Adamym bluzkamy,yubkamy yerden alyp kir yuvyan mashyna salya.Yone menin eyyam bu zatlara seretmage yagdayim yok,men gaty yadadym. Sagat yakymsyz sesi bilen jyrlayar.Tashkentde dandan sagat 4…

Köneler, cendrillon tarapyndan 11 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir