Salam Bega, gowumy ýagdaýlaryñ dost, gulluklar nädýär? Sag-amanja watany gorap ýören bolsañ bolýar. Bega, bu habaryñ saña ajy bolmazlygy üçin, dogrusy nämeden başlajagymam bilemok dostum, ýöne bu haty okamazdan öñ, aýtjak zatlaryma dogry düşünmegiñi isleýän. Ýadyñdamy, gulluga gitmezden öñ maña bir zat haýyşt edipdiñ, sen maña halaşýan gyzyñ Gülşada, göz-gulak bolmagymy, hem-de hiç kime onuñ göwnüne degmezligini isläpdiñ. Menem bor dost, arkaýyn bol, hökman serederin diýip söz beripdim. Ine Bega, men şol söz berişim ýaly hem etdim, emma bir gün Gülşatdan maña jañ geldi. Ol salam berdide şu gürüñleri aýtdy: - Nazar, saña kä bir zatlary aýtmakçydym, eger garşy bolmasaña? Menem: - aýdyber Gülşat diñleýän, diýdim. - Nazar näme diýsene, muny aýtmak gelşiksizem welin, emma hiç içimde saklap bilemok. Ýadyñdamy, biziñ ilkinji görüşen günümiz? Ol gün dostuñ Begenç bizi tanyş edipdi. Ine, hut şol gün saña göwnüm gidip, seni söýüpdim. Aýtjak zatlarymam ine şul. Men seni söýýän Nazar, dogrusy sensiz oñup bilemok, başarsañ meñ söýgimi kabul etsene, diýdide dymdy. Menem: - A hany Begenç näme, ýa oña bolan söýgiñ ýalanmy!? diýip soradym. Olam: - Men Begenje nädip bor diýenimem bilemok, çynymy aýtsam mende oña bolan söýgem ýok. Bilýän, bu habarym Begenje ýaramajagyny, emma nädeýin Nazar, ahyr bir gün aýtmaly bolaryn, diýdide ýene dymdy. Menem näme diýeýin dost, dogrusy Gülşadyñ bu aýdanlaryna gaharlanmanam duramokdym, we oña: - bagyşla Gülşat, meniñ öz göwün söýenim bar, galybersede biz Begenç bilen dost, aramyzdaky dostlugam ýitirip biljek däl, bagyşla diýdimde telefony goýdum. Ine dost, onuñ aýdanlara şular boldy. Ýalñyş hereket edendirinem öýdemok. Ýöne Gülşadyñ şol jañ eden gününden 2 gün soñra, ir bilen turdymda, ertirlik edinmek üçin aşhana, ejemdagyñ ýanyna bardym. Çaý içeýin diýip bir käse çaýy guýanymam şoldy welin, ejemiñ "hol pylanylaryñam gyzy özüni asаýypdyr" diýen gürrüñini eşitdim, menem: - kim-kim, näme boldy, kim özüni asypdyr eje, diýip soradym. Ejemem: - hanha, Meret agañ gyzy bara Gülşat, ana şol. Pahyrjyk gowja gyzdy, ene-atasyna gynanaýdymda diýdide gürrüñini tamamlady. Menem öz içimdem "Näme bolduka, näme üçin beýtdikä? Edil 2 gün mundan öñemä maña jañ edipdi ahry" diýip öz-özüme sorag berdim. Dogrusy üstümden gaýnag suw guýulan ýaly boldy Bega. Näme üçin Gülşadyñ beýle elhenç zady edendigini, nämäniñ sebäp bolandygyny welin, özümem bilemok dost. Mümkin maşgalada bir zat bardyr, ýa-da başga zatmy, bilmedim. Garaz ine dost, indi göwün beren gyzyñ bu dünýede ýok. Allajan oña iman baýlygyny bersindä hermä, aýtjak zatlarymam ine şular, ýöne sen gynanma dost, giñ bol, mümkin ýene öz söýgiñe duşarsyñ... Borda Begam, sagbol onda dosjan, sag-amanja gulluk borçlaryñy tamamla. Dostuñ Nazarçik!
Esger dostuma ýazylan hat...
-
Filip
12 years ago
- Bu bolan wakamy? Ya hekayamy?
-
phenomen2
12 years ago
- makgush agan oz tapan zady bolaymasa :D
-
virmenaard
12 years ago
- bäh, gyzyň bu eden işi hä bolmandyr. adamlaram muňa çyn söýgüdir öýderler. ejizliklaý bu baryp ýatan. sensiz ýaşap bilmerin diýýänlerden öýtýän bu gyzam. şoň bilen tanyşmazdan öň ýaşap ýören ondan soňam ýaşar. ýaşamak islemän ejizlik eden başga gürrüň. oglan ýa-da gyzyň ugruna ýaşap bilmeýän bolsa ejesi-kakasy bar, ol söýmesede ony söýüp ýörenler bar. men-ä şeýle pikir edýän...
-
phenomen2
12 years ago
- menem virmenäärde goshulyan :D
-
Bayramsoltan
12 years ago
- gynanyan
-
makgush
12 years ago
- nämesine gynanýan, realda bolmadyk zat bul:-)
-
Bayramsoltan
12 years ago
- Näme özüña yazyañ, yene-de bolmadyk zat diyip otyrsyñ?! Menem gynanankishi boldumda, azap edip yazypsyñ:-D
-
Makintos
12 years ago
- alaýt makgush senemaý, menä chynym bilen gynandym welin, senem realda bolmadyk zat diyip otyrsynay :-)
-
messibet
12 years ago
- Gullukdaky Begadan gelen hatam yazsana doss.
-
makgush
12 years ago
- Men ýazjak welin, bega ýazyp ýetishmedi, olam özüni asypdyr:-)
-
phenomen2
12 years ago
- хахахахаха
-
virmenaard
12 years ago
menem virmenäärde goshulyan
phenomen2 | 2012-12-11 04:30:09
sen zorlay :-)
-
phenomen2
12 years ago
sen zorlay
virmenaard | 2012-12-11 10:56:49
bilýänä :)
-
virmenaard
12 years ago
- suratdaky hat yaman bolashyk yazylypdyr. biraz owadanrak yazaymaly eken
-
gadymypaytagt
12 years ago
- arapcanam sagdan cepe yazyan ekenler
-
gadymypaytagt
12 years ago
- arapcanam sagdan cepe yazyan ekenler)))
-
Abadan
12 years ago
- bee beylede bolyamyka diysem real dal eken. dostam yazyp yetismandiri okap gulkum tutdy. basyha gowy gynanclydy welin.
-
pida
12 years ago
- eeee men tasdan ynanypdymov, durmushda hakyky bolan zatdyr oydup.
-
virmenaard
12 years ago
eeee men tasdan ynanypdymov, durmushda hakyky bolan zatdyr oydup.
pida | 2012-12-12 16:23:27
ynanan bolaysan durmushyn in uly yalnyshlygyny eden bolardyn. maldis
-
pida
12 years ago
- ynanan bolaysan durmushyn in uly yalnyshlygyny eden bolardyn. maldis
virmenaard | 2012-12-12 19:13:34
hehehe yspasyba!
Makintos 12 years ago- gynanch bildiryan, ol gyzyñ hem ýatan yeri yagty bolsun