Döwlet we hökümet näme üçin gerek? Haýsam bolsa döwletiñ döremeginiñ syýasy manysy, her bir döwûrde, her bir hökümet baştutanlygynda bir meñzeş bolup durýar. Bu manys özinde birnäçe maksady jemleýär, we olaryñ hemmeside ýer ýüziniñ hemme ýerinde, hemme wagt, hemme döwürde uniwersal we birmeñzeşdir: ykdysady ekspansiýa; içki we daşky mäkämligi saklamak; bäsdeş döwletiñ mäkämligini bozmak. Boldy, döwletiñ başga hiç hili maksady ýok. Başga maksatlar diñe bir gep we bilgeşleýin öz ýa-da başgalaryñ saýlawçylaryny aldamak. A ilatyñ maddy hal-ýagdaýy hakynda aladasy ýokmy? Bar, ol hemmişede bolupdy. Bar mesele hem, işi şowly döwletiñ ilaty hemmişe, yza galak döwletiñkiden, gowy ýaşaýandygyndadyr. Diýmek, döwlet öz bäsdeşlerini gowşatmaga çalşýar we öz ykdysady hereketleriniñ zonasyny giñeltmäge, eger bu işi üstünlikli ýerine ýetirse - onuñ ilaty has baý we gowy ýaşaýa. We tersine, bu hiçbir ýalñyşsyz işleýän kada. Eger nemesler we fransuzlar öz zawodlaryny Bolgariýada we Rumyniýada gursa, onda olar bolgarlara we rumynlara garanyñda hili taýdan has gowy ýaşar. Her bir döwlet öz ilatyna hemmişe diñe ýagşylyk we haýyr isleýä. Hiçkim hiçhaçan olaryñ hal ýagdaýyny bilgeşleýin erbetleşdirmegä çalşmaýar. Nasist reýhiniñ döredilmeginiñ sebäbi, nemes ilatynyñ başga halklardan gowy ýaşamagy üçin. Bolşewikler rewolýusiýany amala aşyrmaklarynyñ sebäbi, soñ has adalatly jemgyýeti we kommunistik utopiýany döretmek, şol ýerde hem her kime gowy durmuş üpjin edilmek üçin. 1991 ýylda biziñ garaşsyzlyk almagymyzyñ sebäbi, halka garaşsyz durmyşy, özbaşdaklygy almak üçin edlidi. Şonuñ üçin makastlar hemmişe haýyrly, ýone weli ŞOL MAKSATLARA ÝETIŞ ÝOLY - iñ möhüm zat. Iñ ýokary syýasy başarnyk - bäsdeş döwlede assyrynlyk bilen olaryñ meseleleriniñ jogabyny sokmak we olaryñ meselesini hasda çuñlaşdyrmaga, kynlaşdyrmaga getirmek. Netijede bu hemmişe döwlediñ dargamagyna, pese düşmegine we beýlekiñ gülläp ösmegine getirýär. Elbet-de bu öñler Gadym döwürde döwletara urşlar hakyky we ýönekey bolypdyr. Haçanda Seljuk türkmenleri Mongollar bilen urşanlarynda, her türkmen ýa-da mongol: eger olaryñ döwleti ýeñilse, onuñ özüni ölüm ýa-da gulçulyk garaşýandygyny bilýädi. Eger ýeñse: gülläp ösüş, arzan gullar, pul baýraklary we mugt iýmit garaşýardy. Diýmek öz ýurdyñ üçin urşmak höwesi bar, ylalaşsañyz gerek, özem diýseñ ähmiýetli höwes. Dowlet ýeñilen wagty ilatyñ aýra bir böleginiñ peýda gazanmagy mümkin däl, ýa hemmesi bile duşmanlaryñ jesetleriniñ üstinden ýöräp ýokaryk galmaly, ýa-da taryhdan ýitip gitmeli. Haçanda grekler köp ýyl urşlardan soñ aldaw bilen Troýany basyp alanda, ilatyñ hemmesini gyrypdyrlar ýada gul edip satypdyrlar, şäheriñ özini bolsa ýok edipdirler. Bärde esasy pikir aýdyñmyka diýän. Gadym döwürde bäsdeş döwletleriñ esgerleri üýşüp gahrymançylyk bilen biri birleri bilen başa baş söweşipdirler. Diýmek hakyku urş kim ýeñse, şol hem güýçli. Inha weli häzirki döwür düýbinden beýle däl. Biziñ kellämize jan edip, birä döwletleriñ "gowsy" birem "erbedi" bolýandygyny guýjak bolýalar. Hem-de "has erbedi" bolýandygyny. Soñky sananyma mysal - Üçünji Reýh we Sowet Soýuzy. "Erbet" döwletler bolsa - biz, ýagny häzirki Türkmenistan, Russiýa, Iran, Demirgazyk Koreýa we ýene-de başgalar. "Gowylaryñ" sanawam belli - bu ABŞ, Angliýa, Germaniýa, Fransiýa, Ýaponiýa, Italiýa. Bular "uly gowylar". Ýöne "kiçiräk gowylaram" bar. Olar gowy, ýöne kiçi - Estoniýa, Latwiýa, Polşa, Horwatiýa. Olar "gowydygyna" görä, ýone kiçi bolany üçin, "gowylar" ýone "ularaklar" şolaryn territoriýasynda islän zadyny edip bilýärler. Ýöne bu zatlaryñ hemmesi parahatçylygyñ hormatyna bolany üçin, dogry iş ýaly hasaplanýar. A biz bolsa "gowylar" we "erbetler" sözlerini goşa dyrnaga alyp ýazdyk, ýöne weli dünýäñ köpçülikleýin habar beriş serişdeleri olary gara çyny bilen we goşa dyrnaksyz aýdýarlar. Bu zatlaryñ maksady örän prozaiki (çişirlen) we iki hili: başga bir döwletiñ ilatyna bäsdeş döwlete gyzyk we höwes döretmek, öz döwletine bolsa ýigrenç. Gadymy döwürden bäri syýasy progressiñ eden ädimi haýran galdyrýar. Ol döwürler hiçkimiñ añyna Seljuk türkmenleriñ ilatyny, Mongollaryñ "gowy" döwletdigini, Seljuklaryñ bolsa "erbetdigini" ynandyrmak hem gelmändir. Mongollaryñ "gowy" bolany üçin şolar dünýäde höküm sürmelidigini ynandyrmak bolsa asylam. Seljuklardaky her bir türkmen, mongollaryñ ýeñäýen ýagdaýynda, olaryñ boýnyna zynjyrly halka asyljagyny bilýädi, şol sebäpden hem öz Watany üçin ölüme çenli söweşmäge taýyndy. Şonuñ üçin hem ençeme ýyllar dowamynda Seljuk türkmenleri we olaryñ tarapdarlary mongollaryñ we olaryñ tarapdarlarynyñ garşysyna söweşipdirler. Ýakypdyrlar, gyrypdyrlar biri birlerini öldüripdirler we hemmişe söweşiñ bir tarapynda bolupdyrlar, ýagny öz ýurdunyñ tarapynda. Dönükler bolupdyrlarmy? Bolupdyr elbetde, görkaklar we haramzada adamlar her döwürdede bar. Ýöne o dönükler hut şol görkaklar we haramzada adamlar bolupdyr. Hiçhaçanam dönükleriñ öz maksady ýa da yzarlaýan ideologiýasy bolmandyr, ýa siwilizasiýañ peýdasy üçin, ýa bolmasa dünýädäki parahatçylygynyñ hormaty üçin öz Watanyna dönüklik etmändir. Bu dönükler diñe öz şirin janyny halas etmek üçin gaçypdyrlar. Olar hem dönüklik eden adamlarynda, hem tarapyna geçen adamlarynda ýigrençden başga duýgy döretmändirler. Ýöne soñ ýagday biraz üýtgedi. Belli bir tapgyrda duşmanyñ ilatyna olaryñ öz döwletiniñ "nädogrydygyny" ynandyrsañ, onda olar gaty bir güýçli yhlas bilen soweşmejigi aýan boldy. Belli däl, haýsy akyldar, haýsy ýylda, haýsy ýerde duşmany öz özini içinden dargatmagynyñ formulasyny öýlap tapypdyr. Öz ýurdyña dönüklik etmek ýakymly we añsat bolmagy üçin iki zat gerek: öziñi ak kepderi ýaly duýmaly, dönük ne bir öz gözüniñ öñünde, ne de bir jemgyýetiñ öñünde özüni haramzada ýaly duýmaly däl; döwlet, şonuñ bähbidi üçin öz Watanyna dönüklik etýaniñ göz öñünde bolmaly. Ýöne bular üçin bahana gerek. Ol bahana dönük üçin bahana dälde "hakykat" ýaly bolmaly. Ol bahana adamy ýalñyşdyrmaly, ýolundan azaşdyrmaly. Ol adamy "bu" tarapa hakykat we adalat üçin söweşýä, a "ol" tarap bolsa düýbünden nädogry hereket etýändigine ynyndyrmaly. Edil şeýdip "adam hukuklary", "söz azatlygy", "umumyadamzat gymmatlyklary", "demokratiýa" we başga düşünjeler döredildi, edil şu sözleri häzirki döwürde hemme kişi gaýtalaýar, ýöne hakykatda bolsa, asyl manysyna hiç kim diýen ýaly düşünenok. Edil şunuñ ýaly hem adaty adama bu düşünjeleriñ döredilmeginiñ esasy manysy hem görnenok. Adamlar köplenç, bu owadan we progresiw aýdylan sözleriñ-nyşanlaryñ hakykatda örän güýçli ýaragdygyna düşinenok. Bu sözler bir döwlete başga bir döwletiñ üstünden, içinden datgatma ýoly bilen ýeñiş gazanmagy üpjin etýär. Syýasat belli bolşy ýaly arassa iş däl. Hemme syýasat, hemme döwletde, her bir döwürde birmeñzeş gara, bulaşyk işli substansiýa bolup durýa. Bu gaty bir göwüne ýaramazlygam ahmal, ýone bu hakykat, döwletara gitýän göreş, syýasatyñ iñ yokary derejesi edil şunuñ ýaly gara göreş bolup durýa. Bütin dünýä syýasat meýdanynda diñe öz peydasyny yzarlaýan syýasatçylar bar. Diñe öz! Diýmek, biz hem diñe öz döwletimiziñ tarapynda durmalydyrys. Göýä pikir bütinleý aýdyñ. Biziñ hemmämiz her bir sagdyn pikirli adamyñ esasy aladasy öz maşgalasynyñ abadançylygydygyna düşünýäs. Dostlarymyz, bir domdaky goñşylarymyz, hemaýatkärlik - bularyñ hemmesi örän gowy we gerek zatlar, ýöne ilki bilen maşgala. Inha weli döwletiñ derejesine çenli bu aýdyñ hakykat bizi näme üçindir aladalandyranok. Bu aýdylan zatlara düDöwlet we hökümet näme üçin gerek? Haýsam bolsa döwletiñ döremeginiñ syýasy manysy, her bir döwûrde, her bir hökümet baştutanlygynda bir meñzeş bolup durýar. Bu manys özinde birnäçe maksady jemleýär, we olaryñ hemmeside ýer ýüziniñ hemme ýerinde, hemme wagt, hemme döwürde uniwersal we birmeñzeşdir: ykdysady ekspansiýa; içki we daşky mäkämligi saklamak; bäsdeş döwletiñ mäkämligini bozmak. Boldy, döwletiñ başga hiç hili maksady ýok. Başga maksatlar diñe bir gep we bilgeşleýin öz ýa-da başgalaryñ saýlawçylaryny aldamak. A ilatyñ maddy hal-ýagdaýy hakynda aladasy ýokmy? Bar, ol hemmişede bolupdy. Bar mesele hem, işi şowly döwletiñ ilaty hemmişe, yza galak döwletiñkiden, gowy ýaşaýandygyndadyr. Diýmek, döwlet öz bäsdeşlerini gowşatmaga çalşýar we öz ykdysady hereketleriniñ zonasyny giñeltmäge, eger bu işi üstünlikli ýerine ýetirse - onuñ ilaty has baý we gowy ýaşaýa. We tersine, bu hiçbir ýalñyşsyz işleýän kada. Eger nemesler we fransuzlar öz zawodlaryny Bolgariýada we Rumyniýada gursa, onda olar bolgarlara we rumynlara garanyñda hili taýdan has gowy ýaşar. Her bir döwlet öz ilatyna hemmişe diñe ýagşylyk we haýyr isleýä. Hiçkim hiçhaçan olaryñ hal ýagdaýyny bilgeşleýin erbetleşdirmegä çalşmaýar. Nasist reýhiniñ döredilmeginiñ sebäbi, nemes ilatynyñ başga halklardan gowy ýaşamagy üçin. Bolşewikler rewolýusiýany amala aşyrmaklarynyñ sebäbi, soñ has adalatly jemgyýeti we kommunistik utopiýany döretmek, şol ýerde hem her kime gowy durmuş üpjin edilmek üçin. 1991 ýylda biziñ garaşsyzlyk almagymyzyñ sebäbi, halka garaşsyz durmyşy, özbaşdaklygy almak üçin edlidi. Şonuñ üçin makastlar hemmişe haýyrly, ýone weli ŞOL MAKSATLARA ÝETIŞ ÝOLY - iñ möhüm zat. Iñ ýokary syýasy başarnyk - bäsdeş döwlede assyrynlyk bilen olaryñ meseleleriniñ jogabyny sokmak we olaryñ meselesini hasda çuñlaşdyrmaga, kynlaşdyrmaga getirmek. Netijede bu hemmişe döwlediñ dargamagyna, pese düşmegine we beýlekiñ gülläp ösmegine getirýär. Elbet-de bu öñler Gadym döwürde döwletara urşlar hakyky we ýönekey bolypdyr. Haçanda Seljuk türkmenleri Mongollar bilen urşanlarynda, her türkmen ýa-da mongol: eger olaryñ döwleti ýeñilse, onuñ özüni ölüm ýa-da gulçulyk garaşýandygyny bilýädi. Eger ýeñse: gülläp ösüş, arzan gullar, pul baýraklary we mugt iýmit garaşýardy. Diýmek öz ýurdyñ üçin urşmak höwesi bar, ylalaşsañyz gerek, özem diýseñ ähmiýetli höwes. Dowlet ýeñilen wagty ilatyñ aýra bir böleginiñ peýda gazanmagy mümkin däl, ýa hemmesi bile duşmanlaryñ jesetleriniñ üstinden ýöräp ýokaryk galmaly, ýa-da taryhdan ýitip gitmeli. Haçanda grekler köp ýyl urşlardan soñ aldaw bilen Troýany basyp alanda, ilatyñ hemmesini gyrypdyrlar ýada gul edip satypdyrlar, şäheriñ özini bolsa ýok edipdirler. Bärde esasy pikir aýdyñmyka diýän. Gadym döwürde bäsdeş döwletleriñ esgerleri üýşüp gahrymançylyk bilen biri birleri bilen başa baş söweşipdirler. Diýmek hakyku urş kim ýeñse, şol hem güýçli. Inha weli häzirki döwür düýbinden beýle däl. Biziñ kellämize jan edip, birä döwletleriñ "gowsy" birem "erbedi" bolýandygyny guýjak bolýalar. Hem-de "has erbedi" bolýandygyny. Soñky sananyma mysal - Üçünji Reýh we Sowet Soýuzy. "Erbet" döwletler bolsa - biz, ýagny häzirki Türkmenistan, Russiýa, Iran, Demirgazyk Koreýa we ýene-de başgalar. "Gowylaryñ" sanawam belli - bu ABŞ, Angliýa, Germaniýa, Fransiýa, Ýaponiýa, Italiýa. Bular "uly gowylar". Ýöne "kiçiräk gowylaram" bar. Olar gowy, ýöne kiçi - Estoniýa, Latwiýa, Polşa, Horwatiýa. Olar "gowydygyna" görä, ýone kiçi bolany üçin, "gowylar" ýone "ularaklar" şolaryn territoriýasynda islän zadyny edip bilýärler. Ýöne bu zatlaryñ hemmesi parahatçylygyñ hormatyna bolany üçin, dogry iş ýaly hasaplanýar. A biz bolsa "gowylar" we "erbetler" sözlerini goşa dyrnaga alyp ýazdyk, ýöne weli dünýäñ köpçülikleýin habar beriş serişdeleri olary gara çyny bilen we goşa dyrnaksyz aýdýarlar. Bu zatlaryñ maksady örän prozaiki (çişirlen) we iki hili: başga bir döwletiñ ilatyna bäsdeş döwlete gyzyk we höwes döretmek, öz döwletine bolsa ýigrenç. Gadymy döwürden bäri syýasy progressiñ eden ädimi haýran galdyrýar. Ol döwürler hiçkimiñ añyna Seljuk türkmenleriñ ilatyny, Mongollaryñ "gowy" döwletdigini, Seljuklaryñ bolsa "erbetdigini" ynandyrmak hem gelmändir. Mongollaryñ "gowy" bolany üçin şolar dünýäde höküm sürmelidigini ynandyrmak bolsa asylam. Seljuklardaky her bir türkmen, mongollaryñ ýeñäýen ýagdaýynda, olaryñ boýnyna zynjyrly halka asyljagyny bilýädi, şol sebäpden hem öz Watany üçin ölüme çenli söweşmäge taýyndy. Şonuñ üçin hem ençeme ýyllar dowamynda Seljuk türkmenleri we olaryñ tarapdarlary mongollaryñ we olaryñ tarapdarlarynyñ garşysyna söweşipdirler. Ýakypdyrlar, gyrypdyrlar biri birlerini öldüripdirler we hemmişe söweşiñ bir tarapynda bolupdyrlar, ýagny öz ýurdunyñ tarapynda. Dönükler bolupdyrlarmy? Bolupdyr elbetde, görkaklar we haramzada adamlar her döwürdede bar. Ýöne o dönükler hut şol görkaklar we haramzada adamlar bolupdyr. Hiçhaçanam dönükleriñ öz maksady ýa da yzarlaýan ideologiýasy bolmandyr, ýa siwilizasiýañ peýdasy üçin, ýa bolmasa dünýädäki parahatçylygynyñ hormaty üçin öz Watanyna dönüklik etmändir. Bu dönükler diñe öz şirin janyny halas etmek üçin gaçypdyrlar. Olar hem dönüklik eden adamlarynda, hem tarapyna geçen adamlarynda ýigrençden başga duýgy döretmändirler. Ýöne soñ ýagday biraz üýtgedi. Belli bir tapgyrda duşmanyñ ilatyna olaryñ öz döwletiniñ "nädogrydygyny" ynandyrsañ, onda olar gaty bir güýçli yhlas bilen soweşmejigi aýan boldy. Belli däl, haýsy akyldar, haýsy ýylda, haýsy ýerde duşmany öz özini içinden dargatmagynyñ formulasyny öýlap tapypdyr. Öz ýurdyña dönüklik etmek ýakymly we añsat bolmagy üçin iki zat gerek: öziñi ak kepderi ýaly duýmaly, dönük ne bir öz gözüniñ öñünde, ne de bir jemgyýetiñ öñünde özüni haramzada ýaly duýmaly däl; döwlet, şonuñ bähbidi üçin öz Watanyna dönüklik etýaniñ göz öñünde bolmaly. Ýöne bular üçin bahana gerek. Ol bahana dönük üçin bahana dälde "hakykat" ýaly bolmaly. Ol bahana adamy ýalñyşdyrmaly, ýolundan azaşdyrmaly. Ol adamy "bu" tarapa hakykat we adalat üçin söweşýä, a "ol" tarap bolsa düýbünden nädogry hereket etýändigine ynyndyrmaly. Edil şeýdip "adam hukuklary", "söz azatlygy", "umumyadamzat gymmatlyklary", "demokratiýa" we başga düşünjeler döredildi, edil şu sözleri häzirki döwürde hemme kişi gaýtalaýar, ýöne hakykatda bolsa, asyl manysyna hiç kim diýen ýaly düşünenok. Edil şunuñ ýaly hem adaty adama bu düşünjeleriñ döredilmeginiñ esasy manysy hem görnenok. Adamlar köplenç, bu owadan we progresiw aýdylan sözleriñ-nyşanlaryñ hakykatda örän güýçli ýaragdygyna düşinenok. Bu sözler bir döwlete başga bir döwletiñ üstünden, içinden datgatma ýoly bilen ýeñiş gazanmagy üpjin etýär. Syýasat belli bolşy ýaly arassa iş däl. Hemme syýasat, hemme döwletde, her bir döwürde birmeñzeş gara, bulaşyk işli substansiýa bolup durýa. Bu gaty bir göwüne ýaramazlygam ahmal, ýone bu hakykat, döwletara gitýän göreş, syýasatyñ iñ yokary derejesi edil şunuñ ýaly gara göreş bolup durýa. Bütin dünýä syýasat meýdanynda diñe öz peydasyny yzarlaýan syýasatçylar bar. Diñe öz! Diýmek, biz hem diñe öz döwletimiziñ tarapynda durmalydyrys. Göýä pikir bütinleý aýdyñ. Biziñ hemmämiz her bir sagdyn pikirli adamyñ esasy aladasy öz maşgalasynyñ abadançylygydygyna düşünýäs. Dostlarymyz, bir domdaky goñşylarymyz, hemaýatkärlik - bularyñ hemmesi örän gowy we gerek zatlar, ýöne ilki bilen maşgala. Inha weli döwletiñ derejesine çenli bu aýdyñ hakykat bizi näme üçindir aladalandyranok. Iñ gynandyrjak ýeri hem, şu ýokardakylary bilmän gezen adam däl, şulary okap düşünmedik adam.
Hakykat
-
Makintos
12 years ago
- yaltanman okadymay
-
URGENCLI
12 years ago
- adamzadyn yetip biljek belentliklerinin biri dowletin yok bolup gitmegi, jemgyetcilik oz ozuni dolandyrysha gecmekligidir.
-
phenomen2
12 years ago
- Cheshmesi name?
-
eynshteyn
12 years ago
- çeşme: öz makalalarymdan
-
phenomen2
12 years ago
- Insider13 hem-de eynshteyn bir adammy
-
eynshteyn
12 years ago
- Howwa browserymy çalşanymda üýtgeýädä
-
Kuraldyshy
12 years ago
- +bellik
-
futbolistka
12 years ago
- menä okap düshündim gowy makala+
makgush 12 years ago- Hmm dogry.