Eý meniñ giç gelen,giç gelen söýgim, Ynanypdym geljegiñe her daýym, Bu gün saýasynda pel-pellän söýgiñ, Ýörün men özümi iñ bagtly saýyp. Ýörün men özüme iñ bagtly saýyp, Menden bagtly ýokdyram şu pursatda, Gözüme bolmasa barýaryn gaýyp, Duýgym ganat kakýar juwan gursakda. Duýgym ganat kakýar juwan gursakda, Şatlyk meni öz erkime goýanok. Bir-birege näçe garap baksak-da, Öz ýarymyñ gül keşbinden doýamok. Öz ýarymyñ gül keşbinden doýamok, Gaýtam barha artyp barýar ylhamym, Ýar dilinden özge dile uýamok, Söwür ýarym ýüregime melhemim. Eý,meniñ giç gelen,giç gelen söýgüm, Hiç wagt gelmezlikden giç gelen ýagşy, Eger günäm bolsa bagyşla duýgym, Ýuwsyn bar günämi ýaz günüñ ýagşy.

Köneler, sahett tarapyndan 12 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir