“Ỳusup-Züleýha” dessany öz gözbaşyny Beýik Allatagalanyň kelamy bolan Kur’an-y Kerimden alyp gaýdýar. Kur’anda Ỳusuba bagyşlanylyp, “Elif lam tilke” aýaty hem ýerleşdirilipdir. Mukaddes kitabyň 12-nji süresi: “Ỳusup” diýlip atlandyrylyp, bu süre 111 aýatdan ybaratdyr. Süraniň başyndan ahyryna ҫenli Ỳakup pygamberiň ogly Ỳusup pygamberiň durmuşy beýan edilýär. Kur’anda ýazylmagyna görä, Ỳakubyň 12 ogly bolupdyr. Olardan diňe Ỳusup bilen Ibni-Ỳemin süýtdeş dogan, galanlary Ỳakubyň beýleki aýallaryndan bolýar. Ogullarynyň iň ýaşy bolan Ỳusuby atasy aýratyn gowy görýär. Bu bolsa beýleki doganlarynyň görübilmezҫiligine getiryär. Olar dil düwşüp, Ỳusuby özleri bilen awa äkidip, ony möjek iýdi diýip, guýa salýarlar. Ỳakup betbagtҫylygy öňden duýýar. Sebäbi Ỳusup oňa öz gören düýşüni beýan edipdi. Ýusubyň düýşünde oňa on bir ýyldyz we Aý sežde edýärler. Ýakubyň ata ýüregi, üstesine-de pygamber kalby oglunyň başynda bir bet işiň bardygyny derrew syzýar. Ýakup ogly Ỳusuba gören düýşüni doganlaryna aýtmazlygyny tabşyrýar. Şonuň üҫin hem, ýakup Ỳusubyň doganlary bilen gitmegine köp wagtlap razy bolmaýar. Teýahyr ogullary: “Biz köplük, jigimizi gorarys” diýşip atalaryny razy edýärler. Ỳakup pygamber ҫeşmi giryan bolup ogullaryny ugradýar. Agalary ҫöle ýetip, ҫola ýerde topulanlarynda, Ỳusup: “Ӧldürmäň!” diýip ýalbarýar. Kur’an-y Kerimde beýan edilýän hadysalar şu ýere ҫenli beýleki poemalar bilen birmeňzeş ösýär. Wakalaryň soňraky ösüşlerinde köpwariantlylyk bar. Olardan käbirine salgylanalyň: Andalyp öz dessanynda hadysalary gatyşdyryp başlaýar. Mysal üҫin, dessanda Ỳusuby guýa zyňyp, köýnegini gana bulap, soň ony ҫykaryp söwdagärlere satýarlar. Başga wariantlarda bolsa, söwdagärleriň özi Ỳusuby tapyp alýarlar we äkidip, Müsüriň bazarynda gul edip satýarlar. Andalybyň dessanynda doganlaryň özleri Ỳusuby möjegiň iýendigine ynandyrsalar hem, ýokardakylar dessanda ýok. Umuman aýdanymyzda, haýsy döwürde haýsy ýazaryň ele almagyna garamazdan, bu kyssalaryň ählisinde mübalaga, ýagny ulaltma köpdür. Käbir hekaýatlarda Züleýhanyň Müsüriň häkimini hilegärlik bilen aldanlygy duýulýar. Züleýha Ỳusuba aşyk bolýar. Ýusup başdangeҫirmelerinden soň, Müsüre häkim, ýagny Azizi-Musür bolýar. Maglumatlara göra, dessanyň epizody gadymy ýewreýleriň rowaýatlarynda b.e. müň ýyl öň döräpdir. Gahrymanlar gadymy ysraýyllylar we müsürliler diýen iki goňşy halklardan ybarat bolan toparlara bölünipdirler. Ýordum ysraýyl halkynyň Müsüre garşy göreşýän döwründe başlanýar.bir ýagdaý, bu rowaýatda Ỳusup gan döküp däl-de, hasylsyzlyk, aҫlyk zerarly halkyň islegi bilen şa bolýar. Ýusubyň bellenmegi, gullaryň gul eýelerinden üstün ҫykanlygynyň şaýadydyr. Ỳusup baradaky şol gyzykly rowaýat b.e. öň ɪx asyrlarda arap halkynyň arasynda döreyär. Wagtyň geҫmegi bilen onuň geografik ҫäkleri barha giňelýär. Bu gyzykly rowaýata her bir halk milli reňk berýär, öz taryhy şertlerine görä işleýär. Şeýlelik bilen hem, ol rowaýat ýazuw ýadygärligine öwrülýär. Ýusup hakdaky rowaýat b. e. öň ɪx asyrda Töwrata girizilýär. Şol hem bu rowayatyň ýazuw görnüşiniň iň irki nusgasy hasaplanýar. Soňra bu rowaýat özüniň örän gyzykly mazmuny bilen şol döwrüň ýazyjy-şahyrlarynyň hem ünsüni özüne ҫekýär we biziň eramyzyň v asyrlaryndan başlap, şol rowaýatyň esasynda edebi eserler döredilip başlanýar. Şeýlelikde, bu rowaýat her döwrüň öz taryhy şertlerine we şahyryň döredijilik fantaziýasyna görä işlenilip barha kämilleşýär. Ýöne Ỳusup hakyndaky bu rowaýat ilki arap halkynyň arasynda dorän hem bolsa, onuň arasynda ýokary derejeli ҫeper eser döretmeklik pars edebiyatynyň paýyna düşýär. Ҫünki şol döwürde araplar, esasan, ҫarwa halk bolup, olaryň medeni derejeleri Horasanda we Orta Aziýada özlerine tabyn eden oturymly halklarynyňkydan pes bolupdyr. Eseri döwürden-döwre geҫirip, ölmez-ýitmez eden bu ýordum däldir. Esasy-söýgi mowzugydyr. Ýagny, Müsüriň patyşasynyň aýalynyň öz guluny (Ỳusuby) söýmegidir. Bu söýgi aristokratlar tarapyndan gutarnyksyz teýenä sezewar bolýar. Emma Züleýha söýgä erkini aldyrýar. Özüniň synpy artykmaҫlygyny hem unudýar. Ýusubyň daşýürekliligine seretmezden, onuň üҫin at-abraýyny pida edýär. Ýusup bu söýgüden ýüz dönderýär. Bu ýüz dönderme hem döwrüň antagonistik garşylyklary – gullaryň gul eýelerine garşy göreşleri göz öňüne gelýär. Bu gadymy rowaýat örän ҫeper, şahyrana esasly bolup, enҫeme asyrlary başdan geҫirýär. “Ỳusup – Züleýha” hakynda dürli dillerde 45 eseriň ýazylandygy mälim. Olaryň 23-si türk dillerinde, 2-si kürt dilinde, 16-sy rus, nemes, fransuz dillerindedir. Onuň gruzin diline geҫirilendigi barada hem maglumar bar. Bular bu eser hakda edilen işleriň hemmesi däl. Nemes ýazyjysy Tomas Mann özüniň prozaik eserini Ỳusuba bagyşlap ýazan bolsa, 1916-njy ýylda latyş ýazyjysy Ỳan Raýnis “Ỳusup hem onuň agalary” atly dramasyny ýazypdyr. Bu drama enҫeme ýyllaryň dowamynda Ỳewropanyň teatrlarynda sahnadan düşmän gelipdir. Eýran we özbek edbiýatҫylarynyň berýän maglumatlaryna görä, bu temada ilkinji gezek Abul – Muaýýid Balhy eser döredipdir, soň Bahtyýary- da dessan ýazypdyr. On birinji asyryň başlarynda Şahabeddin Amgagyň hem Ỳusup we Züleýha boýunҫa poema ýazandygyny ҫeşmeler görkezýär. Emma bu eserler bize gelip ýetmändir. Xvɪɪ asyrda Şahyn – Şirazy diýen şahyr şu temada dessan ýazypdyr. Bu dessanyň ýordumy görnükli türkologlaryň hem ünsüni özüne ҫekipdir. Şolardan A. N. Samoýlowiҫiň, Ỳe. E. Bertelsiň eden işleri ýorite bellenmäge mynasypdyr. Alynyň eserindäki käbir wakalaryň türkmen edebiýatynyň aýry-aýry eserlerinde öz yzyny galdyrandygyny aýtmak bolýar. Eseri dil jähtden öwreneniňde-de ondaky sözleriň agramly bölegi türkmen diline ýakyn, olaryň aglabasy hem şu günki türkmen edebi we janly gepleşik dilionde ulanylýan sözlerdir. Meselem: Oglanjyk, dura-dura, etme, ölҫäp, yza, aýrylmak, daglamak, dilemek, ýanmak, ýazyk, saҫ daramak, uýluk, oýarmak, ýagmak, gök (gön), gürläp, ýyldyrym, solmak, ҫökmek, gorkmak, gitmek, baglamak, bakmak, urmak, bu günki gün, boşanmak, münmek, göҫmek, gyragynda, berkitmek, gaҫmak, ýola, dilden-gözden, öňe düşmek, indermek, ҫykmak, görk, elin almak, dolan aý dek, iýmek, urmak, habarlaşmak, göwresinde, alynda, ýaka, görünmek, düşürmek, gowa, göҫürmek, ýyrtyk, saҫ ýolmak, alyp gelmek, aldyrmak, saramak, tutmak, bu arada, butin, iҫmek, gan iҫmek, ynamlyk, et, ýanmak, bagyr, dänmek, guýy, düýp, gizlemek, dilemek, ibermek, diýmek, ýer, akar suw, gonmak, aňmak, iş, endam, bogazlamak, ýaramak, ýüz, ýag, gulak, aglamak, üýn, gowşurmak, ýetirmek, görüşmek, bulaşdyrmak, uýmak, gaty ýürek, aglaşmak, urgan (ýüp), ýylan-ҫyýan, ýormak, ardym (ýadadym), agyrmak, ýere süýremek, köýmek, berk, ökünҫ, guşanmak, gopmak, boýun, ary (arassa), baýak, sawҫy, ýaşar we ş.m. Bulardan basga-da, Ỳe. E. Bertels “Türkmen halkynyň edebi geҫmişi” diýen işinde Alynyň “Kyssaýy - Ỳusup” poemasynyň dilini nazarda tutup we onuň oguz dilinde ýazylandygyny belläp, şeýle diýýär: “Ahmet Ỳasawynyň döredijiliginiň özboluşly dowam etdirilmesini biz omri hakynda hiҫ zat bilinmeyän Aly diýen bir adam tarapyndan ýazylan, XIII asyra degişli “Kyssaýy-Ỳusup” diýen poemada görýäris. Bu poema has soňraky wagtlarda Powolžýede juda köp ýaýran hem bolsa, onuň dili oguzҫa beýan edilipdir. Şonuň üҫin-de ol, jedelsiz, türkmen edebiýatyna degişli diýip hasaplanyp bilner”. Eseriň oguz dilinde bolup, onuň sözleriniň köpüsiniň häzirki zaman türkmen edbiýatynyň hem gadymy ýadygärlikleriniň biri hasaplamaga esas döredýär. A. N. Samoýlowiҫ hem öz işinde Alynyň poemasynyň oguz dilinde ýazylandygyny görkezýär. Eserde Alynyň haýsy dilde ýazylan ҫeşmeden peydalanandygy aydyň görkezilmändir. Awtor poemanyň girişinde: “Kitap iҫre bişek anyň meshurlygy Uşbu kyssa erdi zahyr imdi” diýmek bilen ҫäklenipdir. Her niҫik-de bolsa, bu eseri öwreneniňde, onuň esasynda Kur’andaky ýordumyň hem-de halk arasyndaky rowaýatyň ýatandygyny bilmek bolyar. Poemanyň ahyrynda bu eseri Alynyň ýazanlygyny görkezyän hem-de onun ýazylyp gutaran ýylyny anyk bildiryän setirler bar: “Buny düzen zagyf bende, adym Aly… Taryh ҫuň bu kitaby düzdi imdi. Bu zagyf bu kitaby dizdi imdi.” Ỳokarda ýazylan setirler bu eseriň Ala degislidigine, şahyryň ony 633-nji hijri yylynda (1233-nji miladyda) ýazyp gutaranlygyna şek goýmaýar. Aly eseriniň başynda ilki Hudaýa ýüzlenmek, ony wasp etmek bilen birlikde, Muhammedi (SAW) , onuň ýaranlaryny alkyşlaýar, soňra kyssalarda Ỳusup hakynda gürrüň edilendigini ýatlaýar, soňra kyssalarda Ỳusup hakynda gürrüň edilendigini ýatlaýar. Ony ýazyp, köpҫulige ýaýratmagyň peýdaly boljakdygyny aýdýar. Alynyň eseriniň ýene bir aýratyn tarapy hem, ýazaryň rubagy bilen uly poemany beýan edip bilmegidir. Eserde iҫki rifma köp ýerde ussatlyk bilen ulanylypdyr. “Ỳusup – Züleýha” dessany öz ilkinji formasyny buthana ýazuwynyň üsti bilen ýaýradýar. Dessanyn esasy ideýalary ýamanlyga garşy ýagşylygyň goýulmagy hem-de kysmata kaýyl bolmakdyr. Ýagşylygyň hemişe üstün ҫykmagydyr. Iň gadymy dini hekaýalardan biri bolan bu kyssa gözbaşyny Töwratdan alyp gaýdýar. Her döwürde her hili öwüşginler ҫaýylyp biziň günlerimize ҫenli ýetip gelipdir. Iň gözel kyssa bolan bu eser hiҫ garramaýan romandyr. Bu kyssa birnäҫe tefsir kitaplarynda hem ýer berilipdir. Eýran edebiýatynda hem birnäҫe şahyrlar bu kyssany galamlaryna alypdyrlar. Olaryň iҫinde iň möhümleriniň biri hem 1492-nji ýylda aradan ҫykan Jamynyň eseridir. Molla Jamynyň bu eseriniň birnaҫe nusgalary hazirki wagtda Türkiýe döwletinin kitaphanalarynda saklanyp galypdyr. Türk şahyrlarynyň birnäҫesi bolsa bu eserden täsirlenipdirler we oňa nezireler ýazmaga girişipdirler. Parsca ýazylan bu eser Süleýmaniye, Raşit Efendi, Atɪf Efendi, Nurosmaniýe, Beýazit we birnäҫe beýleki kitaphanalarda yazmaҫa nusgalary bardyr. Edebiýatda bu kyssanyň manzum(proza) görnüşi mensur(kyssa) görnüşine garanyňda has köpdür. Kyssanyň proza görnüşleri köplenҫ bir dilden başga dile edilen terjimelerdir. Türk edebiýatynda bolsa “Ỳusup-Züleýha” kyssasy barada eser ýazanlar hökmünde şular görkezilip biliner : Şeýýad Hamza (xɪɪɪ asyr), Halilogly Aly (xɪv asyr), Suli Fakyh (xɪv asyr), Erzurumly Darir (xvɪ asyr), Şeýhogly Mustapa (xv asyr), Kɪrɪmlɪ Abdülmejid (xv asyr), Dur Big (xv asyr), Hataýy(xv asyr), Çakeri Sinan Çelebi (xv asyr), Behişti Ahmet Sinan (xv asyr), Kemalpaşazade, Hamidi, Jelili (xvɪ asyr), Likaýy (xvɪ asyr), Nimetullah (xvɪ asyr), Taşlɪcalɪ Ỳahýa, Halife, Kami Mehmed, Ziýai Ỳusuf Çelebi, Şikari, Manastɪrlɪ Kadɪ Sinan (xvɪ asyr), Gubarɪ Abdurrahman, Havai Mustafa, Zihni Abdü’d-Delil, Rɪ’fatɪ Abdü’l-Haý, Havai Abdurrahman, Köprülüzade Esad Paşa, Ahmed Mürşidi, Molla Hasan (1761), Süleýman Tevfik Beý (xɪx asyr), Mehmet Izzet Paşa we beýlekiler. Türk edebiýatynda iň meşhur “Ỳusup - Züleýha” kyssasy mesnewi görnüşinde Abdullah Hamdi tarapyndan ýazylypdyr. Onuň mesnewisi 6241 bentden ybarat bolup, ol türk edebiýatynyň liriki eserleriniň iň naýbaşysy hasaplanylýar. Arap edebiýatynda bolsa, ilkinji “Ỳusup we Züleýha” hekaýasy Gazalynyň “Bahrü’l-Mahabba” atly eseridir. Bu eser 1894-nji ýylda Bombeýde, 1900-njy ýylda bolsa, Delide neşir edilipdir. Arap edebiýatyndaky ikinji “Ỳusup-Züleýhany” bolsa, Ibnü’l-Jewzi Abdurrahman Aly b. Muhammed Ebu’l-Ferej Jemalüddiniň “Ez-Zehrü’l-Enik Fi Kɪssati Ỳusuf u Sɪddɪk” atly eseridir. El Ensary el Awsi el Meliki el-Müzekkir tarapyndan ýazylan “Ez-Zehrü’l Kimam Fi Kɪssati Ỳusuf atly eseri, şeýle-de birnäҫe beýleki eserleri we olaryn ýazarlaryny görkezip bileris. ” Kur’any Kerimde beýan edilýän wakalar esasynda türki dilde ýazylan x-xɪ asyrda beýik Firdöwsiniň, xɪɪɪ asyrda Alynyň “Kyssa-Ỳusup” (“Kyssaýy-Ỳusup”), xɪv asyrda Dürbegiň, xvɪ asyrda Fizulynyň poemalarynyň meşhurdygyny bilýäris. Bulardan başga-da, bu wakany enҫeme Gündogar we Günbatar şahyr-ýazyjylary kitap-dessan şekilinde ýazyp gidipdirler. Umuman aydanymyzda, x asyra ҫenli 40-a golaý türki dilde “Ỳusup-Züleýha” dessany ýazylypdyr. Nasyreddin Rabguzynyň “Kysasyl-Enbiýa”sy 72 eserden ybarat bolup, olaryň hem iň gyzyklysy “Ỳusup-Züleýha”dyr. “Kysasyl enbiýa” “Pygamberleriň kyssasy” diýmegi aňladýar. Dil-edebiýat ylymlarynyň doktory Geldi Nazarow Andalybyň “Ỳusup-Züleýha” dessanyna ýazan sözbaşysynda bu ýordumyň Orta Aziýa halklarynyň arasynda giňden ýaýramagyna sebäp bolan esasy kitaplaryň biri hökmünde Rabguzynyň “Kysasy Rabguzysyny” adalatly belleýär. Bu eseriň 72 kyssasynyň her biri bir pygambere ýa-da meşhur din wekillerine, perişdelere bagyşlanypdyr. Kyssalar göwrüm taýyndan deň däldir. Musa, Ỳusup, Salyh, Şiş pygamberler hakyndaky kyssalary beýleki pygamberleriň kyssalary bilen deneşdireniňde juda uly bolup, olar hem öz aralarynda pasyllara, ýagny bölümlere aýrylýarlar. Her bir pygamber barada ýazylan hekaýatda Gurhanyň aýatlarydyr süreleri getirilipdir. Esere arap we türkmen dilinde ýazylan goşgular hem özboluşly öwüşgin ҫaýýar. Hekaýatlaryň esasy bölegi dini rowaýat-kyssalaryň esasynda ýazylan hem bolsa, olarda durmuş wakalary, durmuş tejribeleri bilen bagly pursatlar hem suratlandyrylýar. Nasyreddin Rabguzynyň “Kysasy Rabguzy” eseri türki dilli halklaryň arasynda uly meşhurlyk gazanypdyr. Yslam ylmynyň ähli beýleki ugurlarda-da bolşy ýaly beýleki halklaryň dillerinde hem “Kysasyl - enbiýalar” peýda bolup başlaýar. Rabguzynyň pygamberleriň durmuşyndan habar berýän hekaýatlarynyň iҫinden aýratyn hem, “Ỳusup Syddyk” kyssasy özünden soňky türkmen edebiýatyna güýҫli täsir edipdir. Magtymgulynyň bu kyssa bilen baglanyşykly ýazan onlarҫa goşgularyndan başga hem, xvɪɪ-xvɪɪɪ asyr türkmen şahyry Nurmuhammet Andalyp bu kyssanyň ýörite dessan ýazypdyr. Şahyrlaryň döredijiligine salgylansak, Magtymgulyda : “Depderler iҫinde bir kitap gördüm, “Kysasyl enbiýa” atly ýaranlar. Hazreti Ỳusubny beyan eýläli – Kyssasy şekerden datly ýaranlar. ” ýaly setirler bar. Andalypda bolsa : “Diýdi olar : - Eý, Andalyp, binowa Köňlümize düşdi ajap majera. Bar kysas iҫre bir ajaýyp dessan, Ne bolaýdyr kylsaň any gülüstan.” Rabguzynyň eseriniň on altynjy kyssasy “Ỳusup alaýhyssalamyň wakalarynyň beýany ” diýlip atlandyrylýar. Taňrymyz Kur’an-y Kerimde şeýle habar berýär : “Eý, Muhammet! Biz saňa kyssalaryň iň gözelini aýdyp bereli”. Rowaýat edilişine görä, Hudaýtagala : “Bu gözel kyssa gysga bolmasyn!” diýip buýrupdyr. Çünki ozal hem aydyşymyz ýaly, bu kyssada peýdaly öwüt-nesihatalaryň köp bolmagy sebäpli, ony uzyn edip aýtmak maksada laýykdyr. Bu kyssa “Ahsanal - Kysas” diýlip hem atlandyrylýar. “Ahsan” sözi “hüsn” kökünden gelip ҫykyp, “jemal, owadanlyk” diýen manylary berýär. Rabguzy eserinde Allatagalanyň Ỳusup alaýhyssalama on zady, ýagny görki, hoş gylyklylygy, geҫirimliligi, pygamberligi, düýş ýorgudyny, gönisözlüligi, şejagaty, päkligi, patyşalygy, tagwil suhufy keramat edendigini aýdýar. Ỳusubyň jemalyny gören müsürliler dört aý tagam iýmän oňup bilipdirler. Rabguzy Ỳusup Syddygyň keşbini şeýle suratlandyrýar : “Kim Ỳusubyň ýüzüne baksa, onda aýna ýaly öz ýüzüni görerdi. Ol Günüň nuruny gidermezlik üҫin ýüzüne nykap tutardy. Tagam iýse, bokurdagyndan ötýänҫä görnüp durarady. Bir kişi onuň ýüzüne baksa, sabry-takaty galmazdy. Onuň iki ҫekgesinde kyrk örüm saҫy bardy, ýigrimisi sag tarapynda, ýigrimisi bolsa, ҫep tarapyndady. Saҫlaryndan müşki-anbaryň ysy bark urardy. Onuň ýüzi ak, görkli, saҫlary buýra-buýra, giň gözli, inҫe billi, ajaýyp bilekli, doly injikli, tegelek başlydy. Ol gülse dişlerinden nur erginleri daşyna ҫykýardy. Ỳusup hem görklidir, hem päkdir, hem takwadyr, hem alymdyr. Pygamber alaýhyssalam şeýle diýýär : “Men magraj gijesinde Ỳusuby dolan aý ýaly görkli gördüm. ” Onuň görküni näҫe wasp edeniň bilen tarypyny aýdyp soňuna ҫykyp bolmaz. Indi bolsa, Alynyň “Ỳusup-Züleýha” eseri barada kelam agyz söz. Aly harezmli oguzdyr, ýagny türkmendir. Aly eserlerinde özüne Gul Aly tahallusyny beripdir. Käbir ҫeşmelerde Aly Mihrajogly diýlip hem atlandyrylýar. Ol orta asyrlarda ýaşap geҫen we eserler ýazan beýik türkmen şahyrydyr. Aly ömrüniň kyrk ýyla golayyny Harezmde geҫiripdir. Ol belli bir wagt böleginde Ürgenҫdäki medreselerde müderrislik hem edipdir. “Kyssa-ýy Ỳusup” eserini bolsa, 1233-nji ýylda 50 ýaşyndaka ýazyp tamamlapdyr. Ol bu eserini bogun ölҫegi bilen dörtleme görnüşinde ýazypdyr. Dini mowzukly bu kyssa Gündogar we Günbatar halklary tarapyndan uly üns berlipdir. Bu eseriň “Leýla we Mejnun”, “Hysrow we Şirin” dessanlaryndan tapawutly ýeri hem, onuň dini mowzukda ýazylmagydyr. Edil şu aýratynlygy hem aradan enҫeme asyrlaryň geҫmegine garamazdan, bu eseriň ýordumynyň düýpgöter üýtgemeginiň we şahyrlaryň bu kyssa esasynda başga-başga eserler döretmeginiň öňüni alypdyr.
“Ýusup - Züleýha” dessanynyň gelip ҫykyşy we köpdürliligi
-
Shahyrjyk
12 years ago
- inshalla seydip yazanyna gora kimselere komegin deger dp tama edyan
-
makgush
12 years ago
- +5
-
URGENCLI
12 years ago
- dogry ...
-
Ayyuzli
12 years ago
- aga593 agza gyzyklanypdy, okar-da...
-
URGENCLI
12 years ago
- alynyng kyssayy yusup eserini tatarlar ozlerinin edebi mirasy hasaplayarlar, name ucinka!?
-
wulkan
12 years ago
- Bahhh. Tuweleme yaltanman yazanyn ucin tanyryalkasyn!
-
Ayyuzli
12 years ago
Bahhh. Tuweleme yaltanman yazanyn ucin tanyryalkasyn!
wulkan
hemmani bile yalkasyn, yaltanmadym, agam, sebabi copy-paste etdim, bu tema mana iki yyllap ish boldy. yokarda yazdym-a, diplom ishimdi diyip, shonun bir bolejigini goydum. dogrusy, az zahmet sinmedi. peydalanarlar diyip goydum, yogsam calaja gysganclyk duygym öňe gecjegem boldy welin, yenilmedim )))) joke
-
Ayyuzli
12 years ago
alynyng kyssayy yusup eserini tatarlar ozlerinin edebi mirasy hasaplayarlar, name ucinka!?
bu yagday, dine ady agzalan eser babatynda beyle dal-a! turki halklaryn mirasy bolan eserlerin hemmesinin ustunde haysy millete degishlidigi barada jedeller hazirem gidip dur. "Gorogly" bilen "gorkut ata" barada dawa acylanda, yalalashmadygym ucin tasdan sapakdanam kowulyadym.
aly bilen tatarlar barada maglumat tapsam, hokman paylasharyn!
-
URGENCLI
12 years ago
- bu tema yusup we ona bagyshlanyp yazylan eserler hakda pikirleriming has aydynlashmagyna uly goldaw boldy.
Sagbol ayyuzli.
Alynyn kyssayy yusup eseri hakda maglumaty tapyp yazsan has gowy bolardy. Belki tapsam ozum yazaryn.
Yene bir gezek sagbolun ayyuzli
Shahyrjyk 12 years ago- uyam zahmetine sozum yok)))