Ak sakgally ýaşulular şar oýnaýar, görsene! Ozal çagalar oýnardy, indi bar zat tersine… Sebäp şatlyk-şagalaň, Bagtyýarlyk asyry, Ýurtdan kowduk, ýok etdik kejeňegi, kesiri. Dogry, iki-ýekesi hüňürdeýär öýünde: “Ogulrlykdan başga zat ýok hökümet köýünde!” Ýaşulular perdemişin ogurlygy ýapmaga, Ondan soňky perdeler – aýal-gyz, çaga-çuga… “Agras hemem asylly, dogry sözli gojalar, Her sözi doga ýaly, asly halal ejeler Ýanýar – diýýärler – öýünde bu ýalana çydaman”, Heý, beýle-de töhmet bormy, ediň elheder-aman! Adam ejiz bolsa busar, gürrüň eder bukulyp, Dilär ata çykanyň ölmegini ýykylyp. Käbirisi diýen bolýar: “Namart galdy, mert öldi, Ozal türkmen gönümeldi, indi gowja egreldi!” Dogry-dürsi birýanuçdan iýenmiş Sapar-böri, Şondan Gözel Şagulular eýeläpmişin töri. Bulaň bary ýalandyr (ýaz diýdiler şeý diýip), Gitmäň ownuk gepe, iller, gybat etmeýär iri!

Köneler, Hayranmen tarapyndan 12 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir