Salam hemmelere! Menem siz bilen bilýänjämi paýlaşaýaýyn diýdim. Şu aşakdaky ýazanlam dogrumyka, baha beriň hany: Käte ynsan öz pikir beýnisini gowşadýarda, oňa diň salýar... Mydama pikiriňi pugta saklap bolanok, oňada käte arkaýynlyk berip, öz duýgusynda synlap oturýar. Pikirler at çapyp, hezil edip keýpini görýär. Durmuşy ýagdaýlary pikir etse, käte taryhyň jümmüşine siňip gidýär, käte bolsa gelejege baryp gelýär. Adamyň psihologiýasy gaty üýtgeşik bolýar. Her bir adam, tasin bir dünýä, her adamyň öz duýgy dünýäsi (territoriýasy) bolýar. Şol ýerde hem ol pikirini özüçe synlaýar hemde synaýar. Eger ol pikir göwnüne ýarasa, ony gapdalyndakylar bilen paýlaşmak isleýär, durmuşda amala aşyrmak isleýär. Köpler duýgy arzuwynda gahryman bolmagy arzuw etse, köpler bolsa awarany halaýar. Esasan hem bu pikir, ýaş wagtyň has köp peýda bolýar, soňra kem-kem ýitip gidýär. Kimler bolsa hyýalynda üýtgeşik bir dünýäni emele getirip, ony bu jahana ýaýman öz ýanynda gizlin saklaýar. Köp adamlar birinden göwni galsa, hyýalynda her hili ýollar bilen aryny aljak bolýar, emma ony real durmuşda känbir amala aşyrmaýar. Bu ýagdaý esasan hem ýaşlarda kän gabat gelýär. Şonuň üçinem gahar kapyrdyr, şolar ýaly ýagdaýda ýüregiňe giňlik salyp, sen oňa hyýalyňda-da ýagşylyk etmäni başarsaň, ol real durmuşda hem peýda getirer. Her bir adam täsin bir uly dünýä, her bir adamda gaýtalanmajak, entek açylmadyk tebigy bir başarnygy bardyr. Köpüsi ony ýüze çykarsa, köpüsem ýüze çykarman şo durşuna ýany bilen alyp gidýär. Şonuň üçinem her bir adama hormat goýup, onuň amallaryna goldaw bermek zerur. Iň täsin ýerem, olaň özlerem şol tebigy aýratynlygyndan habarsyzlygydyr. Meselem: ol sazy gowy görsün, islede ekin ekmegi... emma onuň durmuşy başga sebäpler bilen ýoly aýra bolýarda, ömür oňa duşubam bilmeýär, asla ol hakda pikirem etmeýär. Köpler welin duşýar, kimse özüçe ýykgyn edip öwrense, kimse birden gabatlaşýar. Eger şol adamyň täsin, üýtgeşik tebigylygy bilinende, oňa bildirmän ýardam etmek zerurdyr. Bolmasa ol tersinede bolup biler. Eger bir adamyň etjek bolýanşol üýtgeşik başarnygyna, biz gyýa göz bilen garasak, ol adamyň göwni hem galýar. Ol ýagşy niýetdäki arzuwlarynyň üstünden gülünýänine, garşy çykylýanyna gahar edýär. Ol öz tebigy başarnygyny, ters ýol bilen adamlara garşy ulanmaga başlabam bilýär. Şonuň üçinem her bir ynsanyň üýtgeşik taraplaryna goldaw bermek zerur. Käte özüňizde hem peýda bolýandyr üýtgeşik pikirler. Siz şonda kän ünsem bermän ýene ýatdan çykarybam bilýänsiňiz. Emma ol pikiriň bir ýerde size, hökman kömek etjekdigini unutmaň. Pikirler haçan köpelýär... Haçanda dynç alanymyzda, uklajak wagtymyz olar hasam köpelýär. Edil telewizordaky reklamalar ýaly bir-birden göz öňüňden geçip ugraýar. Sen olardan saýlap birini tutýaňda, az-kem özleşdirip ugraýaň. Eger sen şol proýekti hyýalyňda doly tamamlasaň, sen ony maksada geçirmäge çalyşýaň. Pikirler, pikirler million pikirler... Durmuşy, gelejek, hyýaly, taryhy, arzuwy, söýgi pikirler. Bular hakynda näçe ýazsaň ýazyp oturmaly. Ýöne biz näçe pikir etsegem, älemi ýaradan beýik ALLANYŇ bize beren bu peşgeşini peýdaly zatlara ulanjak bolalyň!
Adam psihologiýasyna goşmaça
-
Shajy
11 years ago
- догры
-
hakykygyz
11 years ago
- -kate ynsan yashayshyn manysy,ozunin ondaky orny ya-da yashayshyn pelsepeli soraglary hakda pikir etyar.
aslynda yashayshyn manysy ozumizin ondaky ornumyz ya-da yashayshyn pelsepeli soraglarynyn enchemesi hem islendik adamyny pikirlenmage mejbur edyar.
dunya akyl yetirmek,yashayshyn manysyna dushunmek durmushyn durli basganchaklaryny gechenson bashardar.shol sebapden bir gun b.n yashap,shol yashan gunumize shukur edip,shol gunumizin manysynyn,onda eden hereketlerimizin ertirki guni gurjakdygyny bilmelidiris.
t.karleylin aydyshy yaly "bizin yashayshymyzyn duyp manysy bizden dashlashan we dumana gaplanan zatlary gormage ymtylmak dal-de,elimizin ashagyndaky zatlaryn ustunde zahmet chekip,olary owrenmekdir"
awtor:dogurdanda esasy zat her bir zady dogry pikirlenip dogry netije chykarmak.(tema u.n sag bol)
-
Kuraldyshy
11 years ago
- ++++
-
URGENCLI
11 years ago
- berekella awtor
-
ombudsman1984
11 years ago
- Molodes!
Gaty gowy bolupdyr. Yone cap ediljek bolsa, gazeytde yada jurnalda, 1-2 adam ustunden gecse kabir sozleri uytgedip has gelsikli has akyjy yazga owurup biler...
kop sagbol yazgyny tayyarlanyn ucin..
-
Amanmyratgeldisapargulynazardurdymuhammet
11 years ago
- gaty gowy. Oz pikirin boyuncha yazdynmy muny barmaley?
-
phenomen2
11 years ago
- chun pikirler
nadir 11 years ago- mena bilmedimay barmaley .