Edil düýn ýalydy, Ýaňy ýalydy, Sagadyn dillerin rehimsie towlap, Seň ýanyna duşuşyga barýanym Ädimlerim bilen elhenç sakawlap. Paýtagtyň asuda köçelerinden Kä öňe ýörärdik, kä yza bakaýa. Şemal össe, tolkun atar durardy Sypaýy köýnegiň, sypaýy ýakaň. Bu erde hiç hili düşünmezlik ýok, Belki, şeýle bolmalydyr bu zatlar. Sen saga sowuldyň, Men bolsa çepe, Seni ençe ýyllap çykardym ýatdan, Ýöne agşam bir düşnüksiz gam bile. Gitdim şol duşuşan ýermize bakan. Tolkun atdy göz öňümde yene-de Sypaýy köýnegiň, sypaýy ýakan. Birden ýüregime çümdi-de gitdi, Iňňän ujy ýaly rehimsiz ünji, — Seň bilen duşuşyp bilmänime däl, Seň ilkinji söýgim bolanyň üçin. Çigrek güýz agşamy haýal barýaryn, Öçügsi ýyldyzlar öçül asmanda. On bäş ýyl! On bäş ýyl! Ýaňy ýalydy. Bir damja şor ýaşym gaçýar asfalta,

Köneler, nadir tarapyndan 11 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir