Sen örän owadan,meniň gözüme, dogry hemmeleňki özüne gözel. häzir bolsa gulak sal meň sözüme, seň üçin yenede düzdim bir gazal, seň üçin ozalam ençesin yazdym, şolar bilen seniň yüregňe düşüp. belki başyňyda agyrdandyryn, goşmasyz sözleri şygryma goşyp. gaty görme,ayyp etme sözümi, kä mahal ylhamym perdesin yaryp, diňe senin üçin,bir seniň üçin döredyar ajayyp sözleriň baryn. İnede men geçiryärin depdere, yüregmiň sen kimin owadan sesin. gel yanyma ömür baky kepderim, gursagym azajyk dynjyny alsyn.. biz ikimiz bagtly borus elmydam, ynanyaryn,günün şeyle dogjagna, eger diri bolsa bagtyn durnasy ynanyaryn gelip bize gonjagna. beyle bolman nirä gitsin bagtymyz senin maňa bolan söygiň yanynda, meniň Pil hasaplan ullakan söygim, görnüp dur garynjalaň sanynda... onsaň seň söygiňe ynanman bilmen ögrenerin seň söygiňiň syryny. hemem tozan basan gara yüregmin, ahyr soňy ayyraryn kirini.... bu gursagym gara däldi owallar, yöne ähli zady salyp kükrege, bir azajyk garalypdyr şu mahal, şoň üçinem gülki bolyar köplere.. gara yokan zady yuwsan ayrylyar senem ony söygin bilen yuwarsyn. maňa ejir beren şol garalary, yüregimden başga yerik kowarsyn... Ay bolyala goyaly şu gürrüňi, başga zatlar hakda pikir edeli, bizde otdan dörän tämiz söygi bar, şoň üçinem bir az şükür edeli... men seň üçin yyldyz bolsam asmanda, saňa bakyp şol yylgyrar duraryn. hemem seň gözleňde baky orunly, özümüň nurana keşbim görerin.... goraryn men seni yagmyrdan gardan goraryn özgeleň garayyşyndan. diňe birje zatdan goraman seni, olam özümüň garayyşymdan... şoň üçinem sen özüňi horlama, men seni söyyarin özüňem bilyäň. öz söygiňi maňa beyan et diysem, diyyärsiň"sözlesem üsdümden gülyaň" yok men senin sözleriňe gülemok, yöne seniň bolşyň çagajyk yaly, meni azda-kände yylgyrdayyar ol. bagtyna guwanyan ata mysaly... sen söy meni,özge gyzlardan artyk, mähir bilen çoyunayyn söygiňe, bir pursatlyk aladamdan saplanyp, yad edeyin yürekdäki gaygymy... sen söy meni ähli zatlardan artyk, söygiň meniň pikirimi durlasyn.. meňem iň soňunda diňe sen diyip, kükregimde yürek goyar urmasyn.... ine şeyle yagşy pikirler bilen, seň söygiňiň mähirinden doymayan diňe seniň üçin yagty dünyäde, gije gündiz galamymy oynayan.... saňa POEZYADAN çemenlik yygyan, gowşuraryn baky solmaz gülüni, menden bagtly günüm sorasa biri, diyerin şoo bada senli günümi..... şahsy döredijilik

Köneler, dominic tarapyndan 11 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir