salawmaleykum dostlar, doganlar we uyalar. öñ birnache gezek okanlygyngyza garamazdan nusga alarlyk goshguny paylashmak isledim. Köňlüm, saňa nesihat, gezseň serbeser gezgin, Tany dosty-duşmanyň, öýňe bahabar gezgin, Ganym bilen garjaşsaň, daýym muşty-per gezgin, Gezseň dünýä ýüzünde, dowam täze-ter gezgin, Kyrk ýyl maýa gezinçäň, bütin bir ýyl ner gezgin. Iki adam uruşsa, öter ýaly ýol berme, Birisine gep berip, ol birine al berme, Owwal adamdan gaçma, gaçsaň asla el berme, “Jan aga, özüň bil” diýp, her näkese ýalbarma, Kyrk ýyl maýa gezinçäň, bütin bir ýyl ner gezgin. Nepes, hiç bir kem durma deňi-duş-u, dost-ýardan, Pul tapmasaň göterme näkes bilen süýthordan, Her diläňde gam basar, köňlüň dolar gubardan, Dogmaz togsan dört ýylda, bogaz bolsa är-ärden, Kyrk ýyl maýa gezinçäň, bütin bir ýyl ner gezgin.
Ner gezgin
-
turkmeningozeli
12 years ago
- Sizinem gurwanlyklarynyz kabul bolsun gosgyn ucinem sag bol gosgy okamany gaty gowy goryan.
-
turkmenntug
12 years ago
- sagja bol dostum.meň gowy görýän goşgym.
NEPES,SEN SÖZLESEŇ,ULUS ILLERDE
bilbil şeýda bolar,täze güllerde ...
-
turkmenntug
12 years ago
- aýdymy
-
Yegen
12 years ago
- Göziň bilen
Neçüýn däli eýlediň,
Söwdügim, göziň bilen?
Kürsä oturdym, galdyrdyň
Ol toty sözüň bilen...
Şöhle saldyň äleme,
Ýar, şekli-ýüziň bilen.
Aý-güni bendi kyldyň,
Gaş kakyp, uzyň bilen.
Seýran kyldyň çemene
Sonaly gazyň bilen.
Gülälekden bezediň
Ol dagy-düziň bilen.
Wepa bermediň maňa,
Ötdi gün ýazyň bilen.
Seýil kyldyň säherler
Sen gelin-gyzyň bilen.
Ukydan oýatdyň sen
Ol tylla sazyň bilen...
Halamadyň, söýmediň,
Gara gaş göziň bilen.
Basan yzyň öpmedim,
Ýörip sen dyzyň bilen.
Bilbili saldyň derde
Şirin owazyň bilen.
Toý-tomaşa eýläp sen
Söhbetli bazyň bilen.
Jesedimni daş etdiň
Gyş pasly, buzyň bilen.
Diýer Nepes, öldürdiň
Ahyry näziň bilen...
Mollanepes
-
missmaysa
12 years ago
- sag bol yetirenine,okuwchykak mugallym birin birin her bir setirini dushundiripdi,owut edinerli setirleri bar
-
akylym1989
12 years ago
- sag boluñ karat we ýegen
Karat 12 years ago- soñky wagt girmänimden gutlabam yetishmedim. hemmañiziñ gurbanlyklaryñyz kabul bolsun.