salam hemmä! bu meniň şu günde açan üçünji temam. bu gün işde kän iş bolmady. menem öz arhiwimdäki saklap goýanlarymy terjime edip siziň bilen paýlaşaýyn diýdim (paylaşmak ki o en güzel demişler). men ertire-de agza boldum, ýöne öwrenşenje ýerim bu. ol ýerde biraz ýadyrgajak bolýan. şoň üçin kän giremogam. o saýtda bu ýerdäki käbir agzalary görsem bir ýakynymy gören ýaly begenýän. ertirde surat goýmak aňsat diýäýmeseň mowzuk, teswir sany çäkli, bu ýerde welin hezillik umuman, bu ýerde beter baýry agzalardan bolmasam hem birtopar ýere burnumy sokup ýetişdim =). meni hataryňyza kabul edendigiňiz üçin sag boluň. hany onda meň üçünji temama geçeliň: Bir işsiz mikrosoftyň süpüriji üçin beren iş bildirişine ýüz tutýar. İşgärler bölüminiň başlygy (otdel kadrow) gysga bir gürrüňdeşlikden we testden (pol süpürme) soň oňa “Işe kabul edildiň. Maňa e-mail adresiňi ber, men saňa işe başlamaly senäňi we getirmeli dokumentleriňi ýazaýyn” diýýär Ol adam oňa boýnuny büküp kompýuteriniň hem, we elbetde e-mail adresiniň hem ýokdygyny aýdýar. İşgärler bölüminiň başlygy beýle ýagdaýdaky adamyň bolup bilmejekdigini we şeýle adamy mikrosofta! Kabul edilip bilinmejekdigini aýdýar Adam näme tejegini bilmän gynanyp jübüsinde bar bolan 10$ bilen daşary çykýar. Gök önüm bazaryna gidip 10 kg pomidor alyp satmak kararyna gelýär. Gapy-gapy aýlanyp pomidor satýar we puluny iki esse köpeldýär. Bu işi üç gezek ýene edýär we puly 160$-a ýetýär. Mundan soň ol söwdagär bolmagy ýüregine düwýär. Gysga wagtyň içinde el arabasyny edinýär, soň ýük maşynyny. 5 ýylyň içinde ol ada ABŞ-yň iň uly azyk distributorlarynyň birine öwrülýär. Bir gün ol ömrüni strohowaniýe etdirmekçi bolýar we strohowaniýe kompaniýasyndan bir wekil bilen duşuşýar. Duşuşykdan soň wekil oňa tekliplerini ibermek üçin e-mail adresini soraýar. Adam oňa özüniň e-mail adresiniň ýokdygyny aýdanda ol adam geň galyp: “geň zat, e-mailiňiz bolmasa-da şeýle kompaniýa gurup bilipsiňiz, e-mailiňiz bolan bolsa dagy nähili bolardyňyz, kim bilýär?!” diýipdir. Ol adam pikirlenipdir we “mikrosoftda süpüriji bolardym” diýipdir. Gepiň gysgasy: 1. internet ýaşaýyş üçin çözgüt däldir, 2. eger bu haty e-mailiň üsti bilen alan bolsaň süpüriji bolma ähtimallygyň millioner bolmakdan ýokarydyr. Meniň e-mailime-de zat ýazyp oturma. Men gitdim... pomidor satmaga! :D
Belli däl
-
Friendship
12 years ago
- täsirli hekaýa... Gyzyklanyp okadym... Minnetdar, @hazeleye!
-
imperator1
12 years ago
- pamidor satsan sat welin awaza suzme satmaga gidayme onde birininki yaly
-
makgush
12 years ago
- gyzykly eken, öñem bir ýerde okapdyp şuña meñzeş hekaýany ýöne pomidor dälde almajyk satýady.
Sagbol awtor ýetireniñe.
-
ceyhun82
12 years ago
- gowy hekayady. sag bol
mirasymyz 12 years ago- Sagbol Hazeleye. Öň hem bir ýerlerde duşupdym şu hekaýa. Gyzyklyja eken.