Egerde ýagşylyk isleseň ile, Küýüňde-köýüňde bolmasyn hile. *** Bagtyňy zähmetden, derden gözlegin, Näme ýitirseňem ýerden gözlegin. *** Ynanmagyn, näçe etsede puşman, Dönük bir sypdygy ýene bor duşman. *** Näme etseň, çyndan etgin, taslama, Uzaga gitmeýär ýalan toslama. *** Söýmek bir zat, halamagam bir zatdyr, Gorkmak bir zat, sylamagam bir zatdyr. *** Goňşyda saklansa, goňşyň açary, Bir-birine penadyr iki içeri. *** Eneňe-ataňa bermeseň wepa, Görjegiň görgi bor, çekjegiň jepa. *** Geplände gep oňarmadykdan boldy, Ol ulalyp, oňalmadykdan boldy. *** Diýlen sözüň many-mazmunna düşmän, Nadan bir danany saýyp dur duşman. *** Menikli bolanda maşgalabaşy, Aýdar-durar eken töwerek daşy. *** Jübüsi pökgerip dikelse tumşuk, Ilki bilen öýde bozular oňşuk. *** Ýüküň tutsaň, haýyr bilen sogapdan, Iki dünýäň azat sorag-jogapdan. *** Başyň aman bolar, gulak goý, akla, Diliňi dişiňden aňyrda sakla. *** Dogan doganyndan bolmasyn yrak, Dogan doganyna bolsun şamçyrag. *** Çäge bolsa böwsüp, daş bolsa ýaryp, Bir akan ýerinden akarmyş aryk. *** Mundan başga näme diýeýin eýse, Göwnübölek bolsaň, bogmarsyň sübse. awtory: Gurt Näzliýew.

Köneler, Yegen tarapyndan 11 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir