giç yagşy gadyrdan agzalar we yakyn dostlar. gaty kan wagt bolmasa-da , peydaly maslahatlaryn paylaşylyan, yagşylygyn emredilip yamanlygyn gadagan edilyan bu türkmen saydyna agza bolup bir zatlar yazyp gelyan. agzalara sözüm yok, gyzykly we peydaly temalar yazyarlar. okamany öwrenenimden son kan kitap okadym, roman, hekaa, goşgy, erteki, filosofik eserler, ylmy kitaplar, mekdep materiallary, taryh, garaz hemme ugurdan bir zatlar aydyp biljek derejede özümi yetişdirmek üçin elimden gelenini sarp etdim. belli bir yaşdan son din bilen gyzyklanyp başladym, ateistik kitaplary, yslam hakyndaky kitaplary okadym. bu wagtlar bolsa öz ugrumdan okayan. elbet-de, bu dünya durmuşy. nebis hem bar, bir zatlar bilen wagt geçirmeli. durmuşyn hezilini we ajysyny datmaly, pidakarlik, söygi, duşmanlyk, ahmyr, kinya, öyke, ejizlik, zalymlyk... bular hemme adamda hem bar bolan potensiallar. okamana gyzykly zat kan, öwrenmage maglumat elyeterli. bularyn hemmesini öwrendim, emma amal etmegi başarmadym. güyjüm yetmedi. möçberi meni aşdy. aytmak isleyanim bu dünyade adama in zerur zat name ? men özüm-ha şulary sayladym : 1. iman 2. dogryçylyk 3. mertlik gaydawsyzlyk 4. söygi 5. sabyr iman-din baylygym, ahyryetim-yagny baky dünyam, maksadym galany hem maksadym üçin serişdam şulary gözden gaçyrmasam, şulara yapyşsam, şulary idealym halyna getirsem mana başga zat gerek dal.

Köneler, Kuraldyshy tarapyndan 11 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir