Tanyşmak üçin maglumat:1962- nji ýylda Daşoguz welaýatynyň Görogly etrabynda dogulýar. Mekdebiň 4-nji synpynda okaýarka, ejesi ýogalýar. Okuwyny Daşoguz şäherindäki, Görogly we Tagta etraplaryndaky mekdep-internatlarda dowam etdirýär.1980-nji ýylda paýtagtyň öňki G.Seýitliýew adyndaky medeni-aň bilim tehnikumynyň teatr bölümine okuwa girýär. Tehnikumy tapawutlanan diplom bilen tamamlap, Ýaş tomaşaçylar teatrynda işe başlaýar. Artist, režissýoryň kömekçisi bolup işleýär.Häzirki döwürde Medeniýet institutynda talyplara aktýorlyk hünäri boýunça sapak berýär. 1986-njy ýylda Kiýewiň Dowženko adyndaky kinostudiýasynyň “Älemde hiç kim” atly filminde esasy keşpleriň birini döretdi. Türkmenistanyň Prezidentiniň “Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň Altyn asyry” bäsleşiginiň ýeňijisi. -Ýazgeldi, ilki bilen seni we seniň ýolbaşçylyk edýän döredijilik toparyňy Hormatly Prezidentimiziň elinden sylag-serpaý almagyňyz bilen gyzgyn gutlaýarys. -Sag boluň. Hormatly Prezidentimize kiçijik zähmetimize beren uly sylagy üçin çäksiz minnetdarlygymyzy bildirýäris. -Artistlik kärini saýlap almagyňa näme sebäp boldy?! -Meni artistlik hünärine durmuşyň özi oklady. Neberämizde bu kär bilen meşgullanan ýok. Mekdep-internatda okaýarkam, bile terbiýelenýän çagalaryň hersi sungatyň bir ugry bilen gyzyklanardy. Olaryň täsiri bilen sungata imrinip gitdim. Ilkinji gezek, internatdakam, çagalaryň öňünde aýdym aýdanymda, ýürekden aýdandyryn-da, haladylar. Okuwçylaryňam, mugallymlaryňam maňa garaýşy özgerip başlady. Şonda men sungatyň adamlary bir-birege ýakynlaşdyrýandygyna, sungata hyzmat etseň, adamlaryň özüme hormat-mähir bilen garajakdygyna göz ýetirdim. Mekdep-internaty tamamlap, öýe gelenimde, kakama (oňa Aşyr aga diýýärler, häzir 80 ýaşynda) “Artist boljak” diýdim. Ol: “Oglum, artistlikdenem bir kär bolarmy?” diýip garşy çykdy. Indi onuň her hepde dynç güni öňüne çaý alyp, Haýyt, Oguljan dagymyzyň çykyşlarymyza tomaşa edýändigini gürrüň berdiler. -Telewideniýä gelşiň? “Käte şeýle-de bolaýýar” nädip döredi? -Telewideniýede 1994-nji ýyldan bäri işleýän. “Käte şeýle-de bolaýýar” sahnamyzyň pikiri zehinli kinorežissýorymyz Myrat Orazowa degişli. Ol maňa “Şeýleräk oýny oýnaýsaňyz” diýdi. Meni režissýor edip bellediler. Öň edebi ýazgysyny Myrat Orazow ýazýardy, indi özüm ýazýaryn. Artistlik ýoluna girişişimiň öz taryhy bar. Sahnalarymyzdaky baş keşp ilkibada Hoja (Hojadurdy Ýegendurdyýew) üçin ýazylypdy. Ilkinji sahnany surata düşürmeli günümiz Hoja toýa gidipdir-de, surata düşmäge gelmedi. Bizem ertir ýaýlymda durus. Şonda sahnada bile çykyş etmeli kärdeşim Haýyt: “Şu keşbi özüň oýnaýsana” diýdi. Ýaýdana-ýaýdana, synanyşyp gördüm. Boljagam ýaly. Tomaşaçylaram gowy kabul edipdir. Şeýdip Gurban boldum galdym. Soň Hoja sataşanymda ony gujaklap: “Sag bol, Hoja. Eger şol gezek sen sahna düşmäge gelen bolsadyň, men asla Gurban bolmazdym” diýdim. -Indi sahnada bile çykyş edýän egindeşleriň Oguljan, Haýyt barada... -Oguljan Bekiýewa, Haýyt Durdyýewem teatrda işleýär. Haçanda ilkinji ssenariý tassyk bolup, keşplere artistleri saýlanymyzda, “Aýalymam özüm ýalyjak hop-horja bolsun” diýdim. Ýöne maňa: “Sen aýalyňdan gorkýaň, şonuň üçin aýalyň daýaw bolsa gowy” diýdiler. Şeýdip Oguljanda saklandyk. Haýydam, Oguljanam ussat artistler, olar meni goldaýarlar, kemçiligimi öz ussatlyklary bilen ýapýarlar. Biz gaty agzybir. Olar teatrda çykyş edensoňlar, iş wagtlary gije sagat 9-10-lardan soň gutarýar. Sahnalarymyzy şondan soňam, gije surata alýan wagtlarymyz bar. Emma olaryň ikisem hemişe surata düşmäge taýýar. Köplenç öý içindäki sahnalary Haýytlarda surata düşürýäs. Haýydyň maşgalasy Gözel Akmyradowa teatrda işlänsoň, bize düşünýär. Ýogsam gijäniň bir çeni, her kim uzakly günüň zähmetinden soň argyn, dynjyny aljak. “Oguljan seniň, hakykatdanam, aýalyňmy?” diýip soraýan köp. “Ýok” diýenimde, geň galýarlar. Bu Oguljanyň öz keşbini ussatlyk bilen döredýändiginiň netijesi. -Ýazgeldi, okyjymyz “Sen durmuşda-da aýalyňdan gorkýaňmy?” diýen sowal bilen ýüz tutýar. -Gowy sowal. Aýalym Sona şäher mekdepleriniň birinde başlangyç synp mugallymy. Ol meniň kärime, hünärime düşünýär. Işden soň bir ýere gitmeli bolsam, hökman jaň edip: “Sona, meniň şu gün gyssag işim bar. Maňa garaşmaň-da, naharyňyzy iýiberiň” diýýärin. Onsoň oglanlar diýýä: “Bä-ä, hakykatdanam, aýalyndan gorkýan eken’’. Ýok, beýle däl. Maşgalada är-aýalyň arasyndaky sylag-hormat ikitaraplaýyn bolmaly. Ol meniň çagalarymyň enesi, men ony sylaýmaly. Eger men ony sylamasam, erteki gün çagalarym meni sylarmy?! Men aýalymy-ejelerini sylaýan bolsam, olar üçin enäniň mertebesi, abraýy artýar.

Köneler, Yegen tarapyndan 12 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir