Men bu zatlary saña, belki-de,hiç haçan aýtmazdym... Belki-de, hemishe öz ýüregimde iñ mukaddes syrym hökmünde aýap saklardym... Ýöne indi munuñ hajaty ýok... Biz biri-birimizden aýryldyk...Has dogrusy, sen menden aýryldyñ... Bu bolan zatlarda, shunça jan etsem-de, özümde günä tapyp bilmedim. Kalbymyñ bir çüñkünden ses gelýän ýaly: -OL GÜNÄKÄR!- diýip... Adyñ dilimde dessandy... Soñky 1 ýyl töweregi wagtyñ içinde dilimiñ señ adyñy gaýtalaýshy ýaly, megerem, hiç bir sözi gaýtalan däldir..! Ilkinji dushushygymyz ýadyña düshýärmi? Meñ-ä ol gün hiç haçanam hakydamdan çykmazmyka diýýän... Men shol gün gözüme äýnek dakynyp barypdym bilgeshleýin! Hawa, dushushygyñ dowamynda ony gözümden bilgeshleýin aýyrmandym... Sebäbimi??? Sebäbi, shol gün diñe seni synlamakçydym. Hem-de, synlaýanymy töwerekdäkilere bildirmejek bolupdym. Äýnegi aýyrmazlygymyñ sebäbini sorañda, ýalan sözläpdim. Hawa! Gözümden ary çakdy diýip ýalan sözläpdim:-). Shol gün durmushymda gaýtalanmajak gün eken. Muny sho wagt añypdymam çalaja... Hoshlashanymyzda senden gözümi aýyrasym gelmändi...He-e-eý! Ýatlasañ ýatlap oturmaly bagtly günümdi sho gün... Ömrümiñ iñ ajaýyp günüdi... Ýöne bir zat teselli berýär göwnüme... Hakykat hemishe üstün çykýar. Ir-u-giç ýeñýär... Hawa, senem bir gün maña düshünersiñ! Ýöne bu zatlar meñ üçin giç bolarmyka diýýän! (käshgä, düshünmäýediñ!). Hol günem senden SMS geldi : #Sapa, indiki aý toýumdyr. Hökman toýa gel!# Barasym gelýär... Öz jan-tenden söýenimiñ bagtly pursadyny göresim gelýär... Emma, maña dostlarym bu toýa barmazlygy maslahat berdiler... Bagtly bol, (öñküje) melegim! Señ bagtyñ - meñem bagtym! Sen elmydama meñ hakydamda YLHAM PERISHDEJIGIM bolup ýasha:r ýörersiñ... Hawa, hemishe ýasha:r ýörersiñ! Menem ýatla:r ýörerin! Kim näme diýse diýsin, seni ömürbaky unutmaryn!! !

Köneler, Friendship tarapyndan 12 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir