gaty uzyndyr, yaltanman okap, shahyslara baha bermeginizi hayisht etyarin, olar hakdaky pikirlerinizi bilesim gelya. bolan vaka, yone menzetme shekilinde yazdym. Yillardan 1941-di, gazaply sovesh bashlapdy, germanyanin gana doymadik fashistleri adamchylygy yatdan chykaryp onune gelen hemmekimi gyrmana bashlapdy. Olar chaga gelin tananokdylar. Oyleri yikyalar, ocaklari yikyadilar. Olara dine bir emir berilipdi, o-da oldurmek, gan chykarmakdy. Shol gunlerde gun guychlininki, govurga dishlininkidi. Watany goramalydy, bolmasa bizinem eziz ocaklarimiza howup abanjakdi, Abanypdy-da. Watanyn gulluguna her ojakdan yashi yeten ursha gityardi. Ursh yashulyny ya-da yashkichini, mugallym, director, dogtar… tanamayardy. Obalar boshap galypdy, ishler durupdy, hemmekim ursha elinden gelen komegi etmage sinanyshyardy. Hemmeyerin boshap galyshy yaly mekdeplerde boshapdy, yash chagalara bilim ovredere mugallym yokdy, olar-da ursha, watan goragyna gidipdi. Shol gunlerde men 8-nji klasda okayardym. Bashlangych klaslara bilim bermage mugallymlar bolmanson, bizleri eyyam mugallym hokmunde olaryn bashyna bellapdiler. Biz indi hem mugallym, hemde okuwchydyk. Gunlerin birinde beyleki bir obada mugllym yetmeyandiginin habary geldi, bizin obamyzdan ol mekdebe mugallym alyp gitmekchidiler. Eshidip otursam, bije mana dushen ekeni. Goshlarymy toparlap dasha chykdym. Mashyna mindik, yola dushduk. Az yorap, kop yorap barmaly obamyza baryp yetdik. Ol yerin adamlary bilen tanyshdyk, men vagt yitirman ishe bashladym. Ol yerdaki adamlar bilen tanyshyp bilemokdym, sebabi azirak utanjan, kopchulikden gacha duryan gylygym bardy. Birgun gamgyn otyrdym, ichim gysyady. Birdenka Arslan yanyma geldi, ol sylanyan adamdy, hemmekime maslahat bermekde yzda duranokdy, elinden gelen komegi etyadi. Menem yanyma geldi, derdimi sorady, derdimi ile aytmayanlygym uchin, menden derdimi bilip bilmedi, emma yenede birinin gelip gamlanma hemme zat yolunda bolar diymesi menin azirak derdimi yenletdi. Shondan son Arslan bilen kop goruship bashladyk, onun bilen gaty kop vagtymy gechiren gunlerim bolardy, problemam bolsa shonun yanyna giderdim, obanyn beyleki adamlary bilenem gatnashygym bolardy, emma esasan Arslan bilen gatnashardym. Sheydip yil gechdi, oba ovadan taze eshik geyinen adam geldi, ol adam yokardan gelyan bolmaly, ol mugallym bolup ishlan oglanlaryn ichinde yaltalyk edenleri, ishinde kop usdunlik gorkezip bilmedikleri ursha ibermek uchin gelendigini habr berdi. Ony dinlap oturshyma gurruni goni menin usdumden alyp baryanlygyny bildim. Ol adam dogurdanam men yanyma gelipdi, emma muny hichkime aytmazlygyny hayish etdim, ol razylashdy. Men eden yalnyshlygymy bilyadim, hemme zada razydym, sonunda barybir watan uchin janymy berip bilmejek bolsam, onda yashamagynda manysy yokdy, men ursha gitmage hich garshy daldim, emma ichimde soyenlerimden ayrilyanlygym uchin azyrak gorky bardy. Men oye gitdim, zatlarymy toparladym. Shol gun gije Arslan men yanyma geldi, ol gamgyndy, mana derdinin barlygyny aytdy, menem name boldy diydim, ishde ona sitem etyandiklerini aytdy. Directory yigrenyanligini aytdy. Gaty yadaw gorupdum ony, Arslan ichini gysdyrma diydim, meni ursha alyp baryalar, asyl gynanaly men, sen name kichijek zatlara janyny yakyan diydim. Ol meni ursha alyp baryandyklaryny eshdip gaty gamlandy. Muny son gurlesheris diydi. Ertesi men yanyma Berdi geldi, ol menin eden bir ishimden gaty goren ekeni, menin yanyma shunun hasabyny soramana gelipdir. Men ona hichzadam diymedim, ol sebabi gaty gaharlydy, ol oz sozuni dovam edip otyrka Arslanyda sozune goshdy, Arslanyn mana yakin bolany uchin, mana ol eden ishimi goydurup bilman Berda goy diyen ekeni. Berdinin aydyshyna gora ondanda gaty goren ekeni. Shol pursat men Arslany chagyrdym, emma birden Berdi ichindaki yurek agrysyny dile getirip bashlady, men olaryn arasynda kanflikdin chykjagyny piker edip derrev Arslany oye saldym ve dashyndan gapyny urdym. Berdi bilen sozumuzi sonlap ony oyune iberdim, sonra Arslany oyden chykaranymda mana sen name uchin beyle etdin, ol name uchin aytjagyny aytdy, mana aytdyrmadyn diyip bashlady, ol menden-de gaty gorupdir. Mana “sheyle agyr gunumde senin beytmane chydap bilmedim diyip gurrune bashlady. Indi ozunin gidesinin gelyandigini aytdy, bu adamlardan doydum, indi men gitmekchi diyip gurrune bashlady. Ol gurrune bashlanynda menin anarym bari geldi, name uchin beyle diyyardi, sonky gunlerim obada gezyadim, sonky gunlerimde meni goyup gider diyen piker men kellame gelenokdy, usdelik men ol beyder diyip piker etmanligim uchin ona ozumin ursha baryanlygymy aydypdyma. Arsalan menin ynamymdan gachyp bashlapdy. Ol mana sana urshda gowi yere dusherin yaly men tanyshlarym bilen gurleshdim, ursha gitsen men habarym bolsun diydi, men ona sen nirik gitmekchi diyip soradym, ol men yuregim agyryar indi, chydap bilemok diydi. Obanyn adamlary name diysem bu gezek bashga gurrune bashlady, yogsamda men tutush dost diyip gezip yoren adamym iki yuzlidimi, men kellamde herhili pikirler yuze chykyp bashlady. Ertesi Arslan gitdi. Men sonky gunumi gechiryadim obada, ertir ursha tarap yorejekdik, shol gun ikindin oye Halmyrat geldi, onun bilen gurrundesh bolup otyrdyk. Bir sessizlik chokdi, Halmyrada ertir ursha baryan diydim. Halmyrat name diyip yuzume seretdi, ona seredenimde usdunden gaynan suw guylan yaly bolanyny gordum onun uly doganyda urushdady, hamana shol doganyndan ervet habar gelen yaly gynanypdy. “howwa-diyip men sozumi dovam etdirdim-ishde usdunlik gazanmadyklary soveshe ugratyan ekeniler, men garshy dal, eden yalnyshymy bilyan, ve hemme zada razy baryan” diydim. Halmyradyn bu bolshuna hayran galypdym, men on bilen aramy saklamasamda ol dost mysaly meni gujaklapdy. Dosdyn bu yagshylygy men gozume yash aylady, menem ony gujakladym, goz yashymy tutup bilman agladym. Ol sho vagt mana hich yerik butnama, men hazir gelyan diyip ylgap gitdi. Menin gysdanyan yerim yokdy. Az salymdan Halmyrat dostlaryny jemlap geldi, hemmesi meni gujaklap mana ozlerinin gynanyandygyny aytdylar. Aralarynda chopanchylykdan gununi aylayan biri bardy, ol men orime gideli, shol yerde Aganyn sonky gijesini bellalin diydi, uyshup ora gitdik, vagt yitirman 1 goyun soydy, Ashyr dutarda chalmany bilyardi, ol aydim aytyardy, watany, dostlygy, ejeleri wasp etyan aydymlardan yanlandyryardy, sesi sheyle ovadandy. Shol gije hichbirimiz-de yatmadyk, dana chenli gurrundesh bolduk, herkim bashyndan gechiren vakasyny gurrun berdi. Shol pursat men kellame Arslan geldi, Arslan niredeka diyip piker etyardim. Asyl dost, shu wagt men yanymda boljak oglan niredeka diyip oylanyardym. Menin oya batanymy gren Ashyr, “Aga kop piker etme, dali dunye bu, hemmamizde olup gityas, kimimiz gyzgyn dushekde, kimimiz gark bolup, kimimizde kesellap, sana bolsa soveshde olmek nesip etdi, sen gahryman bolmaly, sen shehit bolmaly, munyn uchin Alla shukur et, gynanma” diydi. Ol dogry aytyady, hemmamizde olmeli, emma hemmekime beyle olum miyesser edenokdy. Ertesi gun oye gelip goshlarymy alyp meni almak uchin gelen adamyn yanyna bardyk, ol mana seredip guldude: “Aga, gutlayan, sana yene 1 yil yalnyshyny duzeltmek uchin muminchilik berdiler” diydi. Gulagyma ynanyp bilemokdym. Halmyrada seretdim, onun gozleri yashlydy, mana seredip meni gujaklady, hemmesi meni alyp yokaryk goterip begeniship kantordan chykyp gaytdyk. Shol gije yene 1 goyun soydyk. Men yene ishe bashladym, indi onkim yaly yaltanamokdym, bosh vagtlarym az bolyardy. Sheydip ish bilen bashagay bolup yorshume birden Arslan onumden chykdy. Men gozlerime ynanyp bilemokdym, Arslan mana gitjek diyipdi ahyry, eysem bu goryanim Arslan dalmika diyip yanyna bardym, bashda salamymam almady, gormediksiran bolup durdy. Men-de unus bermedim, gaytdym. Emma ondan name uchin beydendigini sorasym gelyadi, birgun yolda sakladym “Arslan bun a bolush, gormediksiran bolup yorsun, salamymam alanok, nirelerde yitirim bolup gitdin” diyip soradym. Kesellandigi hakda, agyr yatanlygy hakda gurrun berdi. Menin hem ondan gachyp yorenimi aytdy, asyl men onki goyberen yalnyshlygymy duzeltmek ugrunda ylgayanymdan habaram yok ekeni. Birtopar problemalarynyn barlygyny, dost hasap eden adamlarynyn arkasyndan urandygyny aytdy. Men ichimden senin ozun bu adamlary agyr gunde tashlap gitdin diydim, sebabi ol mana bir gun gelip doydum shul adamlardan diyipdi. Name keseldigini soradym, hemmezady gurrun bermegini talap etdim, azyrak sesimin tonuny ulaldyp ishimin koplugini, asyl onun menden gachyp yorenini yatlatdym. Bugezek ondan ses chykmany goydi. Jogabyna garashyp oturdym, jogap berenokdy. Shol pursat azan sesi yanlandy, men namazymy okayin diyip ayrildym ve gaydyp Arslanyn yanyna barmadym. Ursh dovam etyardi, hemmekim gamgussa burenipdi, yolda chagalar onkileri yaly oynanokdylar. Muna bir chare gozlayin diydim, obanyn adamlaryny uyshurdum. Orta chykyp halmyrat hakda gowy gurrunler aytdym, ona owgi sozlerini yetirdim, minetdarlygymy bildiresim geldi. Shol jemagatyn arasynda Arslanda bardy, hemishekisi yaly ilkinjilerden bolup Halmyrady o-da gutlady. Obanyn adamlaryda Halmyrady sonradan gutladylar. Olara chay chorek berip oyli oymuza dagadyk. Agshama yakyn Arslan oye geldi, men hakyky dost dalmi, sen halmyrady hakyky hasaplayan meni hasaplanokmy diyip gurrune bashlady. Men-de bu men oz pikirim diydim. Shol yerde Arslan bilen chynlakay gurleshdik, ona sen meni in sonky gunumde tashlap gitdin, mana senden hichzadam gerekdaldi, dos elin gerekdi, sen shol gun men yanymda yokdyn diydim. Arslanyn ichki dunyasi mana bolan yigrenchden dolandygyny gordum, ol mana sen adam dal ekenin, senden dost bolmaz diyip tohmet atmaga bashlady. Onun yanynda indi durasym gelenokdy, birshekilde ondan halas bolasym gelyadi. Allajan dilegimi duydy, oye myhman geldi we men Arslandan halas boldum. Emma Arslan ozunin sonky sozuni senden razy daldirin diyip sonlady. Tutush yil boyi dost diyip gezenim bashda meni terk etmani bashardy, indem menden razy daldigini aytyardy. Arslan men gozumde ozunin hakyky yuzuni gorkezipdi. Men ona sen adyna mynasyp diyyardim, meger ichinde bir tilki beslap yoren ekeni. Halmyrat yaly dostlar sizede Alla nesip etsin, olar yaly dostlaryn omri uzak bolsun.

Köneler, aga593 tarapyndan 11 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir