Bolmady. Ýüzüme urdular menin, Ümdüzime tutdum tasan mal yaly. Mähelläñ içinde, göýä bir çölde Gezdim adam gözläp, suwsan mal yaly. Nirden geldi oglan basha bu höwes? Men adam gözledim bichäre kör deý. Agyr mahelleden eshdilmedi ses, Yogsa men gygyrdym; "kim bar bu yerde?" birdenem mägelläñ akymna düshdüm, yitdim gitdim, bashky howesim gachdy. Ejizledim. Menden zor chykdy müshgül ynam syndy. Shübhe gözümi achdy. Gan sowady. Karar tapdy yurek hem Göwräm oya dolup, olüp galdym men Shuny az görmäliñ birek-birekden mahal-mahal adam boljak boldum men. (B.GÖKLEÑ) Dogurjalap tema achmagy owrenyancham tema achjak durjak :)
B.GOKLEN
-
adatyadam
12 years ago
- Ahyry owrendimow :) 1 kürshgejik ganymy gechin yzly-yzyna bulashyk yazgyly tema achanym ucin :)
-
URGENCLI
12 years ago
- Bapby gökleñiñ özi hakda maglumatlaram yazsana,
-
turkmenntug
12 years ago
Bapba Gökleñ 1949 ýylyñ 15-nji ýanwarynda Gyzyl-Arvatda dünýä inýär. Ol orta mekdebi tamamlap, Aşgabadyñ Oba hojalyk institutyna okuwa girýär. Emma edebiýata bolan höwesi ony oba hojalygyndan gitdigiçe daşlaşdyryp, metbugat işlerine golaýlaşdyrýar.
Netijede ol Oba hojalyk institutyny bitirse-de, bu ugurdan uzak işlemän, metbugata işe gelýär we şondan soñ onuñ ilkinji goşgulary, hekaýalary dürli gazet-jurnallarda çap edilip ugraýar. Biraz soñra Bapba Gökleñ Moskvanyñ M.Gorkiý adyndaky edebiýat institutyna gaýybana okuwa girýär. Emma özboluşly, guýmagursak zehine Edebiýat institutynyñ galyby dar görünýär. Şonuñ üçinem tiz wagtdan onuñ bu institutda okamak islegi gaçyp, öz zehinini tebigy ugruna görä ösdürmegini dowam edýär. Ol köp okaýar, öwrenýär, türkmen, rus we dünýä edebiýatynyñ iñ gowy nusgalaryny özbaşdak özleşdirýär.
B.Gökleñ diñe bir goşgy däl, eýsem kyssa eserlerini-de ýazardy. Onuñ käbir hekaýalary dürli döwürde respublikanyñ gazet-jurnallarynda çap edildi. Şolaryñ arasynda onuñ ”Ýaşlyk” jurnalynda çykan ”Oýtak” hekaýasy, ”Edebiýat we sungat” gazetinde çap edilen hekaýalary okyjylaryñ aýratyn ünsüni çekipdi. Ýöne B.Gökleñe il arasynda şöhrat getiren onuñ goşgularydy. Metbugatda kän çap edilmese-de, Bapbanyñ goşgulary okalman galmazdy, ol goşgular dilden-dile, elden ele geçerdi. Öz ýazan eserleri päsgelsiz çykýan ýazyjy-şahyrlar-da Bapbanyñ çap edilmeýän goşgularyny tapsalar, hezil edip okardylar. Ol goşgularyñ şöhraty il arasyna-da ýaýrardy.
Türkmen sovet senzurasy Bapba Gökleñiñ garşysyna diş-dyrnak bolup çykdygyça, şahyryñ şöhraty şonça-da artýardy. Dirikä B.Gökleñ diñe bir kitap çap etdirip bildi, emma ol kitaba şahyryñ belli goşgulary girizilmedi, senzura muña ýol bermedi.
Bapba Gökleñiñ goşgulary ilkinji gezek dolulygyna Swedende, ”Gün” neşirýatynda ”ÝOLMA GUŞUÑ GANATYN!” ady bilen 2005 ýylda neşir edildi.
B.Gökleñ 1991 ýylyñ 23-nji dekabrynda tragiki ýagdaýda aradan çykdy. Onuñ duýdansyz ölümi köp sanly soraglary döretdi. Ol soraglara häzire çenli-de degerli jogap tapylanok… Şahyryñ yzynda iki ogul bilen bir gyz galdy. Onuñ wepaly ýanýoldaşy Laçyn-da biraz wagt mundan öñ dünýäden ötdi.
Bapba Gökleñiñ özi aýny ýaşda, zehininiñ añrybaş goýalan döwründe wepat bolsa-da onuñ eserleri, hyjuwly hem adamkärçilikli, batyrgaý hem näzik, çuññur pelsepä, mertlige ýugrulan goşgulary ýagtylyk ugrundaky göreşi dowam etdirýärler.
Ölüm Bapba Gökleñi biziñ elimizden alyp bilmedi, ol öz ilhalar goşgularynda ýaşaýar we adamlary mertlige, ynsaplylyga, halallyga, päklige çagyrýar.
Ak Welsapar, ýazyjy
http://www.magtymguly.org- dan
-
turkmenntug
12 years ago
- http://www.magtymguly.org
-
URGENCLI
12 years ago
- Sagbol turkmentug
-
turkmenntug
12 years ago
- hiçle,şo taýdan göçürdim menem :)
-
boeing757
12 years ago
- GOWY GOSHGY HEM ONUN AWTORY BARADAKY MAGLUMATLAR UCIN MINNETDAR!!!
-
1merdan
12 years ago
- "nädip öldürende bolmaýar iti"....
.. diýen şahyr my bul
-
turkmenntug
12 years ago
- hawa ...
-
1merdan
12 years ago
- ..."ýöne soňky demde gowşatgyn ýüpi"...
-
lukmantm
12 years ago
- Bapby goklen diysen meshgur yazyjylaryn biri bolupdyr ......
Awtor kop sagbol yatlamaly tema açypsyn
-
adatyadam
12 years ago
- "Dûnýe"
Durky pälwan dünýe,
Görki hüýr-jenan dûnýe,
Owsun atyp owadan,
Bagrymy badan dûnýe.
Wyjdanla wyjdan dünýe
Deýýus diýr "sham dûnýe"
agyz ýarman, Huday dek
Baryna çydan dunye.
Nadandan ýadan dûnýe
yadany gidýän dûnýe
ýaman-ýagshy biperwaý,
günäsiz meydan dûnýe
aklara aýan dûnýe,
Parhsyza peýan dûnýe.
O ýana - o ýan dûnýe,
bu ýana - bu ýan dúnýe.
Ýagshysy ýaýran dûnýe,
ýürek dek urýan dûnýe
adalatyñ ýolundan
Mytdyldap barýan dünýe
(B.GÖKLEÑ)
-
adatyadam
12 years ago
- "Dûnýe"
-
Durky pälwan dünýe,
Görki hüýr-jenan dûnýe,
Owsun atyp owadan,
Bagrymy badan dûnýe.
-
Wyjdanla wyjdan dünýe
Deýýus diýr "sham dûnýe"
agyz ýarman, Huday dek
Baryna çydan dunye.
-
Nadandan ýadan dûnýe
yadany gidýän dûnýe
ýaman-ýagshy biperwaý,
günäsiz meydan dûnýe
-
aklara aýan dûnýe,
Parhsyza peýan dûnýe.
O ýana - o ýan dûnýe,
bu ýana - bu ýan dúnýe.
-
Ýagshysy ýaýran dûnýe,
ýürek dek urýan dûnýe
adalatyñ ýolundan
Mytdyldap barýan dünýe
-
(B.GÖKLEÑ)
-
adatyadam
12 years ago
- "KÖPEK"
-
Obañ ýeñsesinde, bir el tersine
Edilen ish - gara ishe nusgalyk
ýatyr bezeg berip ýeriñ üstüne -
bir owadan köpek, dañylgy maslyk
-
yatyr köpek rahat, azapdan azat,
günäsinden, janyn berip, üzülip.
Eh, yöne henizem bahana arap,
maslygyñ boýnundan dañylgy dur ýüp.
-
nädip öldüreñde bolmaýar iti?!
Aryñ alyp öldür, öldür keýpine.
Ýöne soñky demde gowshat ýüpüni -
bir gowshaklyk duýsun soñky deminde.
-
ýatyr köpek özün siñdirip ýere
yowuz nadanlygyñ bir pidasy dek
hem çañ basan ýüpüñ çala sudury
türmede öleniñ familiýasy dek
-
(B.GÖKLEÑ)
-
adatyadam
12 years ago
- "KÖPEK"
-
Obañ ýeñsesinde, bir el tersine
Edilen ish - gara ishe nusgalyk
ýatyr bezeg berip ýeriñ üstüne -
bir owadan köpek, dañylgy maslyk
-
yatyr köpek rahat, azapdan azat,
günäsinden, janyn berip, üzülip.
Eh, yöne henizem bahana arap,
maslygyñ boýnundan dañylgy dur ýüp.
-
nädip öldüreñde bolmaýar iti?!
Aryñ alyp öldür, öldür keýpine.
Ýöne soñky demde gowshat ýüpüni -
bir gowshaklyk duýsun soñky deminde.
-
ýatyr köpek özün siñdirip ýere
yowuz nadanlygyñ bir pidasy dek
hem çañ basan ýüpüñ çala sudury
türmede öleniñ familiýasy dek
-
(B.GÖKLEÑ)
-
adatyadam
12 years ago
- Has kop goshgularyny okasynyz gelse "gunesh" neshiryatynyn sayty bolan gunesh.org'dan okap bilersiniz
adatyadam 12 years ago- Bolmady. Ýüzüme urdular menin,
Ümdüzime tutdum tasan mal yaly.
Mähelläñ içinde, göýä bir çölde
Gezdim adam gözläp, suwsan mal yaly.
--
Nirden geldi oglan basha bu höwes?
Men adam gözledim bichäre kör deý.
Agyr mahelleden eshdilmedi ses,
Yogsa men gygyrdym; "kim bar bu yerde?"
---
birdenem mägelläñ akymna düshdüm,
yitdim gitdim, bashky howesim gachdy.
Ejizledim. Menden zor chykdy müshgül
ynam syndy. Shübhe gözümi achdy.
--
Gan sowady. Karar tapdy yurek hem
Göwräm oya dolup, olüp galdym men
Shuny az görmäliñ birek-birekden
mahal-mahal adam boljak boldum men.
(B.GÖKLEÑ)