Paýtagtyň merkezinde, “Mir” mikroraýonynda “Central Hospital” hassahanasy ýerleşýär. Ol hassahana Türkmenistan garaşsyzlygyny alandan soň türkler tarapyndan guruldy. Gospitalyň hojaýynlary häzir hem türkler. Bu gospitalyň apparaturalary güýçli, diagnozy goýşy mydama dogry. Ilki işe başlan ýyllarynda onuň hyzmat üçin alýan nyrhy hem türkmen keselhanalarynyňky bilen deňdi. Soňy bilen gospital öz hyzmat nyrhyny köpeldip, häzir ol ýerde saglygyňy barlatmak ýa-da keseliňi bejertmek üçin türkmen hassahanalarynyňkydan on esse köp töleg tölemeli. Ol ýerde pol süpürijiler ýa-da sanitarlardyr medsestralar bolaýmasa, wraç hökmünde türkmenler juda az işleýärler. Gospitaldaky wraçlaryň köpüsi rus dilli halklar. Keseliň diagnozyny dogry goýýandyklary üçin gymmat bolsa-da, adamlaryň köpüsi şol ýere barýarlar. Diňe bir Aşgabat şäherinden däl, eýsem bäş welaýatdan-da hassalar bu ýere gelýärler. Şeýle bolansoň, gospitalyň içi mydama köp adamly. Nobatlar wagty bilen ýetenok. Aýratyn-da, ýüregi, beýninini, iç goşlary barlaýan UZI apparatlaryna nobat köp. Nobatyň köpdügine garamazdan, bu ýerde köp bölümler üçin ikinji bir kabinet açylmaýar. Hemmeler şol bir ýeke apparatyň daşynda garaşyp kösenýärler. Adam köplüginden ýaňa, wraçlar aşa gaharjaň, olaryň mydama jany ýanyp, nerwleri çekilip dur. Ep-esli pul töleýän näsaglaryň üstüne gaharly gygyrýarlar. Pul kabul edýän kassir hem müşderileriň üstüne gygyryp durýar. Gospitalyň işgärleriniň ählisi sorag berlenini halanoklar. Näsagyň arzyny arkaýyn oturyp diňlemäge takat tapmaýarlar. Näsaglarda alaç ýok. Olar uzakly gün nobata durup, sögünç eşitmelem bolsa, çydaýarlar. Sebäbi türkmenleriň sowet döwründen galan keselhanalarynda dogry diagnozy-ha bir goýup bilenoklar, üstesine keseli dogry bejerip bilýän wraçlar-da galmady. http://www.chrono-tm.org/tm/archives/185

Köneler, dtwsa tarapyndan 12 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir