Talyp! Talyplygyñ chyn bolyan bolsa, Söÿüp, söýlüp- shoñ ugrunda ýanyp git. Talyplyk derejañ chuñ bolyan bolsa, Leksiyalara girde, ylym alyp git. Hem akyl ber, hem ussatdan akyl al, Kitapdan dal, taýýar zady kakyp al, Alan zadyñ ýazgylara chekip al, Syñaglarda jûbûleriñe salyp git. Mugallymy gowy tana, belet bol, Ýykylsañam müzzermeyan polat bol, Synaglarda süýji dilli, mährem bol, Mugallymyñ akyl hushyn alyp git. Okuw bir durmushdyr, müñ ýanylar, öchüler, Bagtly ýollar kynlyk bilen gechiler, Synaglarda bagtyn küshti gochüler, Senem galma, sholar bilen eñip git. Talyp hakyn gijikdirme, baryp al, Gyssanmada öz adyñy görüp al, Alan zadyñ erkek kimin durup al, Alañdan soñ ýeñ bermeýän jeren bol. Okuwdan galyan diyip mydam gyssanma, Dekanatda söz bermegi gysganma, Chalarajyk käýelseñem suslanma, Bir shapbady bermeseler oñup git. Hä penjek geý, Hä palto geý, ädik geý, Aýna bakyp, käte ýöräp, ädip geý, Esasy zat bolsañ bolyar "Talyp deý", Ähli pishañ "aýagyña" chalyp git. Söýeni söý, söýmedige süýkenme, Özüñ söýgün, özgelere öýkünme, Dushjak wagtyñ hich näkesden chekinme, "Söýýän" diyip, iki dyza chöküp git. Ylym almagyñda öz wagty ýagshy, Durmush gurmagyñ-da möwrüti ýagshy, Men diñe bir zada nobata garshy, Kursdashyñka islän chagyñ gonup git. Basharsañ- mertleriñ ichine garysh, Sholardan dost tutun, gyzlardan tanysh, Ulag aýnasyndan gözleme durmush, Köplük bilen seýligähe, teatra eñip git. Köpelsin toparda ýürekdesh dostlar, Balkandan, Ahaldan, Marydan, paytagtdan. Elbetde, Dashoguzly doganlar hökman, Üýship, chashyp, char tarapa eñip git. Sheyle dostlar bilen seýil et saherler, Ýetersin iñ uly matlaba chenlem, Adimler urulsyn"Bagt öýüne" chenli, Hol oñde-le ... Durmush hakda dymyp git. Talyp wagtyñ öýkünmegin halypa, Otagyn öwrülsin mydam toýhana, Agshamlaryna gaýyp düshseñ meýhana, Dostlar bilen ýarym litr uryp git. Yene bir zat, munam aytjak goýjak däl, "Okuwdan soñ mugallym bol" diýjek däl, Gaty gorkma, mundan artyk diýjek däl, Senden tama has ýokary yñyp git.
Talyba pent!
-
akylym1989
12 years ago
- +
-
Gooool
12 years ago
-
eminemshock
12 years ago
- gyzyklyja goshgy
-
vyshybal
12 years ago
- sagbolun sagbolun
-
Yzganttm
12 years ago
- Umuman prikol görnü$inde gyzyklyja ýazylan!
-
atdas
12 years ago
sag bol, haladym, bet yazypsyn
-
jeka11
12 years ago
- Sagboluñ talyplarada gün yokda özüñiz üytgetdiñizmi?
Gooool 12 years ago- gowy duzulipdir