Seniň menden geçip gideliň bäri Pasyllar aýlandy,ýyllar dolandy. Ençe sapar bilbil saýran baglara Ençe sapar gelip gargalar gondy. Gara gözüm,ýarpy göwräm dälmidiň, Men neneňsi ony kesip taşlaryn. Sen menden ýylba-ýyl daşlaşdygyňça, Men saňa şonça-da golaýlaşaryn *** Gara gazan,gara däldiň aslynda, Ak çoýundan ýasapdyrlar ýasanlar. Ýyllarboýy ojar ýakyp astyňda Sende nahar bişiripdi ynsanlar. Hiç bir kine getirmegin göwnüňe Aklygyňdan galmasa-da nyşanlar. Hatar durup gaýnaryňa garaşýar, Gara diýip göwni ýetmedik jamlar. *** Diýýärler,tokaýa düşenmiş eşek, Aňňyranda tokaý gelýär lerzana. Kimkä bu aýylganç sesli gelmişek? Jandarlar hopugyp gaçýar her ýana. Tokaýyň häkimi gazaply şirem Gelmişegiň kimdigini tanaman, Özüniň mülküne soragsyz giren Eşege baş egip dilänmiş aman. Bolýandyr aldanýan wagty şiriň-de, Ýöne galp ömürler uzaklaşmaýar. Eşekdigin tanap,günleň birinde Ony bir zarbada tüýdüp taşlaýar.

Köneler, idealman92 tarapyndan 7 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir