Wyždan bilen ýüzleşmek her müminiň her gün, her sagat, ýagşy-ýaman, ýalňyş-dogry, günä- sogap - eden işlerini gözden geçirip, haýyrly we gözel amallary üçin şükür etmegi; ýalňyşlyk laryny, günälerini-de birin-birin toba we istigfar bilen ýuwmaga, gidermäge çalyşmagy nukdaýna zaryndan örän möhümdir. Nebsini hasaba çekmek, wyždanynyň öňünde hasabat bermek arkaly ynsan özüniň içki dünýäsini, ruhy aýratynlyklaryny açýar, tanaýar, özündäki gizli hakyky ynsanyýet gymmatlyklaryny ýüze çykarýar, bu gymmatlyklaryň esasy özeni bolup durýan duýgularyny kämilleşdirýär. Wyždany bilen ýüzleşmek arkaly ynsan düýni, bu güni we ertiri bilen baglanyşykly haýry-şeri, gözeli-görksüzi, peýdalyny-zyýanlyny bir-birinden tapawutlandyryp, köňül dünýäsini abat saklap biler. Hawa, onuň häzirki ýagdaýyny gözden geçirip, derňäp geljege taýýarlanyp bilmegi; geçmişde goýberen ýalňyşlyklarynyň, kemçilikleriniň öwezini dolup, Allahyň öňünde aklanyp bilmegi; düýni, bu güni we ertiri babatda öz-özüni soraga çekip, özüni bilmegi, has möhümi-de Allaha has ýakynlaşyp bilmegi diňe we diňe nebsiňi pugta hasaba çekmek, ony wyždan bilen ýüzleşdirmek arkaly mümkindir. Musulman bir tarapdan düýn haramlar we günäler bilen harap eden geçmişini, alyslardan gelip wyždanynyň jümmüşinde ýaňlanan “Toba edip, Allaha ýöneliň!..” (Nur, 24/32) we “Rebbiňizden bagyşlanmagyňyzy diläň!..” (Zümer, 39/54) ýaly umyt beriji, merhemet gapysyna çagyryjy, rehmet buşlaýjy ylahy permanlar bilen abat etmäge çalşar. Beýleki tarapdan-da, “Eý iman edenler, Allahdan gorkuň. Oňa hormatsyzlyk etmäň! Her kim ertirki gün üçin näme taýýarlandygyna seretsin!..” (Haşr, 59/18) ýaly ylahy duýduryşlar bilen öz hal-hereketlerini her pursatda gözden geçirer, wyždanynyň emri bilen hereket eder, elinden geldigiçe ähli erbetliklerden daş durmaga çalşar... Ömrüniň her pursatyna aýry bir many gazandyrar... Wagtal-wagtal-da şeýtanyň duzagyna, nebsiň toruna düşüp, durmuş ýolunda büdrese-de, “Ýürekleri her pursatda Allaha hormat bilen urýan müttakiler şeýtandan bir taýf, was-wasa gelende derrew Allahy ýatlarlar we şol demde gözleri açylar” (Araf, 7/201) ylahy beýanyna görä her daýym hüşgärdir. Wyždanyna hasabat bermek duýgusy müminiň içki dünýäsine nur saçýan ýagtyltgyç kibidir. Her bir şahs onuň bilen haýry-şeri, oňady-erbedi, Allahyň söýýänini- söýmeýänini bir-birinden tapawutlandyrar we ýolundaky ähli päsgelçilikleri aşyp, ahyrky maksadyna ýeter. Yzygiderli nebsiň hasaba çekilmegi iman kämilliginiň alamatydyr. Kämil imana eýe ynsan her işinde nebsini jylawlar; kalbyna giren her bir düşünjäni, aňyndan geçen her bir pikiri oňat derňär, olary bolşy ýaly, gelşi ýaly kabul etmez; köplenç iň bir haýyrly işde-de şol işi etmekdäki hakyky maksadyny gözden geçirer - hakykatdan hem ol işi Allahyň razylygyny gazanmak üçin etdimi ýa-da iliň hormatyny, söýgüsini gazanmak, özüniň abraýyny, wezipesini beýgeltmek ýaly şahsy bähbitleri ony şol işi etmäge iterdimi?!.. Kämil mümin her agşam nogsanlyklaryny, ýalňyşlyklaryny birin-birin gözden geçirer, her säher ähli günälerden, haramlardan daş durmak niýeti bilen, täzeçe bir durmuşa gadam basar.
Wy£dan adamyñ neti barda
-
Makestm
12 years ago
- Bir adamyň özüne erk edip
bilmegi – onuň öz-özüne
düşünip bilmegi diýmekdir. Ahlak
taýdan gowşaklyga sezawar
bolan adam, öz hereketlerine erk
edip bilmez we asla dogry netijä
gelmegi başarmaz. Ol beýle
ýagdaýdan gutulmak üçin,
nebsini jylawlap, öz
hereketlerine, duýgularyna erk
etmegi öwrenmeli.
Bilşimiz ýaly, öz erki bilen hereket
edip bilýän ýeke-täk barlyk
ynsandyr. Beýik Biribaryň ynsana
bagyş eden bu artykmaçlygy
şeýle täsin bir çyrag bolup, bu
çyrag nirede ýansa, bütin älemleri
edara edýän Gudratyň nury we
erki-de şol ýerde öwüşgin berýär.
Özüniň çäkli erkini Beýik
Ýaradanyň erkine baglan adam
çäksizlige ulaşýar, ejiz halyna
güýçli bolýar, damja halyna derýa
öwrülýär ...
Hawa, ynsanyň erki şeýle çäkli
bolsa-da, Ýer ýüzünde Beýik
Ýaradanyň soňsuz erkinden
ýeke-täk ylahy serpaý diňe oňa
ýapylan. Bu serpaýyň gadyr-
gymmatyny bilenler, iň kyn
meseleleri aňsatlyk bilen çözüp,
tümlükleri ýagtylyga öwrerler.
Ynsanyň erki, ruhuň daýanjynyň,
köňlüň rahatlygynyň esasy
çeşmelerinden biri bolşy ýaly,
mümkinçilikleriniň serhedinde,
gutarýan ýerinde adama baky
ýollary açýan ýalňyz sebäpdir. Ine
bu sebäbe eýe bolan adam, iň bir
kyn meseleleri bir demde çözüp;
dowzahyň gapylaryny ýapyp,
jennete eltýän ýollary tapyp biler.
Beşeroglunyň öz köňül dünýäsini
abat saklamagy, daş-
töweregindäki haramlardan,
haramylardan gaça durmagy
hem ýene-de onuň erkine bagly.
Ynsan öz çäkli erki bilen Beýik
Biribara sygynmak arkaly, Onuň
güýjine, çäksiz erkine daýanyp,
Onuň hemaýatyna girer we
nebsiň was-waslaryndan halas
bolar, haram laýyna batmakdan
gutular. Hawa, her bir diriliş we
beýgeliş erkiň ganatlarynyň
pugtalygyna, ynamly we
tutanýerli pel-pelleýşine bagly
bolşy ýaly, ýykylyş we tükenişler
hem şol ganatlaryň ejizlemegi,
gurpdan düşmegi, synmagy bilen
başlanýar.
Ýönekeý maksat
Möwlana Jamy hezretleriniň
ýanyna bir adam gelip:
- Oňa beýle diýdim, muňa şu
jogaby berdm, pylankese şeýle
gaýtargy berdim – diýip
öwnüpdir. Möwlana hezretleri
onuň bu halyndan birahat
bolupdyr we:
- Ol jogaplar bilen däl, ertir Allaha
berjek jogaplaryň bilen meşgul
bol! – diýipdir.
Ynsan bir tarapdan özi ýaly ejiz,
erki-mümkinçiligi çäkli
ynsanlaryň nazarynda ulalmak,
olary ýeňmek arkaly güýçli
görünmek ýaly ýönekeý zady asyl
maksat edinmek ýalňyşlygyna
düşýär. Munuň üçin-de zol özüni
öwmek, mahabatlandyrmak
arkaly gadyryny gaçyrýar. Bu
onuň ýönekeý maksatlaryň
adamydygyny, özüniň nähili
kiçidigini öz dili, hal-hereketi
bilen yglan edýändigini aňladýar.
Tutumlary uly, maksatlary beýik
ynsanlaryň şahslaryny öňe
çykarmak, özlerini güýçli, uly
görkezmek aladalary ýokdur.
Ýedi ölçäp bir kes
Bir gün bir adam Hz. Pygamberiň
(s.a.w.) ýanyna gelip, “Ýa
Resulullah, maňa bir nesihat ber”
diýýär. Pygamberimiz-de (s.a.w.)
ondan “Sen hakykatdan hem
nesihat isleýärmiň?” diýip
soraýar. Adam “Elbetde” diýýär.
Söýgüli Pygamberimiz (s.a.w.)
şonda şeýle diýýär: “Bir iş etmek
isläniňde, soňuny gowy oýlan,
dogry bolsa et, eger egri bolsa,
ol işi etmekden ýüz öwür.”
Eger dözebilseň ...
“Magtymguly, tur goluňy köze
goý,
Eger dözebilseň, kylgyl bu işi.”
Muhammed bin Süleýman atly ýaş
ýigit özüniň medresede talypka
günleriň birinde, gijäniň bir
wagty şemiň ýagtysyna
derslerine taýýarlanyp otyrka,
birdenkä gapy kakylýar. Gapyny
açanda, garşysynda bir ýaş gyzyň
durandygyny görýär. Gyz
azaşandygyny we şol töwerekde
başga bir yş-ýagtylyk görmänsoň,
bu ýere gelendigini aýdýar. Ýigit
ony içerik salýar. Soňra-da özüni
ýene dersine berýär... Ýöne,
daňdana çenli mahal-mahal elini
ýanyp duran şemiň ýalnyna
tutýar. Daň atyp, jahan
ýagtylýança bu hereketini birnäçe
gezek gaýtalaýar. Gün dogandan
soň, ýaş gyz minnetdarlyk
bildirip, ol ýerden gaýdýar. Öýüne
dolanýar. Bu öý Osmanly
döwletiniň wezirlerinden biriniň
saraýy, bu ýaş gyz-da şol weziriň
gyzydy. Köşkdäkiler ondan gijäni
nirede, nähili geçirendigini
soraýarlar. Çünki tutuş gije ony
gözläp, tapman dolanypdylar. Ýaş
gyz başyndan geçenleri we
gören zatlaryny birin-birin
gürrüň berýär. Wezir şol ýigidi
köşgüne getirdýär we näme üçin
daňdana çenli elini ýanyp duran
şeme tutandygyny soraýar. Ýigit:
“Azaşyp, gapyma gelen gyzy gije
daşarda goýup bilmezdim. Bu
sebäpden ony otagyma saldym.
Nebsimiň aldawyna gitmezlik
üçin-de, elimi wagtal-wagtal
şemiň maňa dowzahyň oduny
ýatladýan alawyna tutdum.”
-
Abadan
12 years ago
- Tema uzyn,yone manyly.
-
Abadan
12 years ago
- Tema uzyn,yone manyly.
-
Bayramsoltan
12 years ago
- Temadan chykyan, bagyshlañ. Abadan dayza yitdiña, alada edyänä seni:-(
-
Abadan
12 years ago
- Yitmeli bolyanda bayramsoltan) alada etme entek ölemok :)) höyt $traf töle temadan cykyan :D)
-
Ayyuzli
12 years ago
- aslynda shu teman ilkinji sozuni yada salsanam yeterlik adamogly ucin... makes, tuweleme!
-
Bayramsoltan
12 years ago
- Abadan meñ mail.yma bilyañ, tapsana meni.
-
Bravo
12 years ago
- abadan daýzany, başga ýerde köp görýäs =D bärde ýitsede
-
Abadan
12 years ago
- Ok Bayramsoltan.Bravo ertirde diyjek bolyanmy,wagt tapan wagtym ertire giryan,senem kowjak bolup dursunay ) Makestm bagyslan temanyndan cykanyanyma.
Makestm 12 years ago- Bir adamyň özüne erk edip
bilmegi – onuň öz-özüne
düşünip bilmegi diýmekdir. Ahlak
taýdan gowşaklyga sezawar
bolan adam, öz hereketlerine erk
edip bilmez we asla dogry netijä
gelmegi başarmaz. Ol beýle
ýagdaýdan gutulmak üçin,
nebsini jylawlap, öz
hereketlerine, duýgularyna erk
etmegi öwrenmeli.
Bilşimiz ýaly, öz erki bilen hereket
edip bilýän ýeke-täk barlyk
ynsandyr. Beýik Biribaryň ynsana
bagyş eden bu artykmaçlygy
şeýle täsin bir çyrag bolup, bu
çyrag nirede ýansa, bütin älemleri
edara edýän Gudratyň nury we
erki-de şol ýerde öwüşgin berýär.
Özüniň çäkli erkini Beýik
Ýaradanyň erkine baglan adam
çäksizlige ulaşýar, ejiz halyna
güýçli bolýar, damja halyna derýa
öwrülýär ...
Hawa, ynsanyň erki şeýle çäkli
bolsa-da, Ýer ýüzünde Beýik
Ýaradanyň soňsuz erkinden
ýeke-täk ylahy serpaý diňe oňa
ýapylan. Bu serpaýyň gadyr-
gymmatyny bilenler, iň kyn
meseleleri aňsatlyk bilen çözüp,
tümlükleri ýagtylyga öwrerler.
Ynsanyň erki, ruhuň daýanjynyň,
köňlüň rahatlygynyň esasy
çeşmelerinden biri bolşy ýaly,
mümkinçilikleriniň serhedinde,
gutarýan ýerinde adama baky
ýollary açýan ýalňyz sebäpdir. Ine
bu sebäbe eýe bolan adam, iň bir
kyn meseleleri bir demde çözüp;
dowzahyň gapylaryny ýapyp,
jennete eltýän ýollary tapyp biler.
Beşeroglunyň öz köňül dünýäsini
abat saklamagy, daş-
töweregindäki haramlardan,
haramylardan gaça durmagy
hem ýene-de onuň erkine bagly.
Ynsan öz çäkli erki bilen Beýik
Biribara sygynmak arkaly, Onuň
güýjine, çäksiz erkine daýanyp,
Onuň hemaýatyna girer we
nebsiň was-waslaryndan halas
bolar, haram laýyna batmakdan
gutular. Hawa, her bir diriliş we
beýgeliş erkiň ganatlarynyň
pugtalygyna, ynamly we
tutanýerli pel-pelleýşine bagly
bolşy ýaly, ýykylyş we tükenişler
hem şol ganatlaryň ejizlemegi,
gurpdan düşmegi, synmagy bilen
başlanýar.
Ýönekeý maksat
Möwlana Jamy hezretleriniň
ýanyna bir adam gelip:
- Oňa beýle diýdim, muňa şu
jogaby berdm, pylankese şeýle
gaýtargy berdim – diýip
öwnüpdir. Möwlana hezretleri
onuň bu halyndan birahat
bolupdyr we:
- Ol jogaplar bilen däl, ertir Allaha
berjek jogaplaryň bilen meşgul
bol! – diýipdir.
Ynsan bir tarapdan özi ýaly ejiz,
erki-mümkinçiligi çäkli
ynsanlaryň nazarynda ulalmak,
olary ýeňmek arkaly güýçli
görünmek ýaly ýönekeý zady asyl
maksat edinmek ýalňyşlygyna
düşýär. Munuň üçin-de zol özüni
öwmek, mahabatlandyrmak
arkaly gadyryny gaçyrýar. Bu
onuň ýönekeý maksatlaryň
adamydygyny, özüniň nähili
kiçidigini öz dili, hal-hereketi
bilen yglan edýändigini aňladýar.
Tutumlary uly, maksatlary beýik
ynsanlaryň şahslaryny öňe
çykarmak, özlerini güýçli, uly
görkezmek aladalary ýokdur.
Ýedi ölçäp bir kes
Bir gün bir adam Hz. Pygamberiň
(s.a.w.) ýanyna gelip, “Ýa
Resulullah, maňa bir nesihat ber”
diýýär. Pygamberimiz-de (s.a.w.)
ondan “Sen hakykatdan hem
nesihat isleýärmiň?” diýip
soraýar. Adam “Elbetde” diýýär.
Söýgüli Pygamberimiz (s.a.w.)
şonda şeýle diýýär: “Bir iş etmek
isläniňde, soňuny gowy oýlan,
dogry bolsa et, eger egri bolsa,
ol işi etmekden ýüz öwür.”
Eger dözebilseň ...
“Magtymguly, tur goluňy köze
goý,
Eger dözebilseň, kylgyl bu işi.”
Muhammed bin Süleýman atly ýaş
ýigit özüniň medresede talypka
günleriň birinde, gijäniň bir
wagty şemiň ýagtysyna
derslerine taýýarlanyp otyrka,
birdenkä gapy kakylýar. Gapyny
açanda, garşysynda bir ýaş gyzyň
durandygyny görýär. Gyz
azaşandygyny we şol töwerekde
başga bir yş-ýagtylyk görmänsoň,
bu ýere gelendigini aýdýar. Ýigit
ony içerik salýar. Soňra-da özüni
ýene dersine berýär... Ýöne,
daňdana çenli mahal-mahal elini
ýanyp duran şemiň ýalnyna
tutýar. Daň atyp, jahan
ýagtylýança bu hereketini birnäçe
gezek gaýtalaýar. Gün dogandan
soň, ýaş gyz minnetdarlyk
bildirip, ol ýerden gaýdýar. Öýüne
dolanýar. Bu öý Osmanly
döwletiniň wezirlerinden biriniň
saraýy, bu ýaş gyz-da şol weziriň
gyzydy. Köşkdäkiler ondan gijäni
nirede, nähili geçirendigini
soraýarlar. Çünki tutuş gije ony
gözläp, tapman dolanypdylar. Ýaş
gyz başyndan geçenleri we
gören zatlaryny birin-birin
gürrüň berýär. Wezir şol ýigidi
köşgüne getirdýär we näme üçin
daňdana çenli elini ýanyp duran
şeme tutandygyny soraýar. Ýigit:
“Azaşyp, gapyma gelen gyzy gije
daşarda goýup bilmezdim. Bu
sebäpden ony otagyma saldym.
Nebsimiň aldawyna gitmezlik
üçin-de, elimi wagtal-wagtal
şemiň maňa dowzahyň oduny
ýatladýan alawyna tutdum.”