Häzirki wagtda Rubiniň baş tälimçisi bolup işleýän Gurban Bekiýewiç Berdiýew 1952-nji ýylyň 25-nji awgustynda Aşgabat şäherinde (TSSR) dogulýar. 1967-1971-nji ýyllarda ''Aşgabadyň döwlet demir ýol aragatnaşygy'' tehnikumynda okaýar. Soňra 1971-1975-nji ýyllarda Maksim Gorkiý adyndaky (häzirki Magtymguly adyndaky) Türkmen döwlet uniwersitetinde okaýar. 1989-1991-nji ýyllarda bolsa, Moskwanyň Ýokary tälimçilik mekdebinde okaýar. 1959-njy ýylda entek 7 ýaşly oglanjykka Aşgabadyň futbol mekdebine gatnap ugran Gurban Berdiýew, 1966-njy ýylda Aşgabadyň ''Stroitel'' (Kalhozçy) futbol toparynyň ýetginjekler komandasynyň düzüminde futbol oýnap başlaýar. Gurban Berdiýew professional futbolçylyk karýerasyna hem 1971-nji ýylda şol toparda başlaýar. 1976-nji ýyla çenli ''Kalhozçyda'' çykyş edenden soň, 1977-nji ýylda Gazagystanyň ''FC Kairat'' toparynda futbol oýnaýar. Soň (1978-nji ýylda) ýene Aşgabadyň ''Kalhozçysyna'' dolanan Gurban,1979-1980-nji ýyllarda Rossiýanyň ''SKA Rostow-na-Donu'' toparynda oýnaýar. 1980-nji ýylda hem Rossiýanyň ''Rostelmaş'' toparynda oýnan Gurban Bekiýewiç, 1981-1985-nji ýyllarda ýene-de ''FC Kairat'' futbol toparynyň düzüminde çykyş edýär. Futbolçylyk karýerasy: 1971-1976ý - ''Kalhozçy'' (134 oýun - 16 gol) 1977ý - ''FC Kairat'' (20 oýun - 5 gol) 1978ý - ''Kalhozçy'' (38 oýun - 3 gol) 1979-1980ý - ''SKA Rostow-na- Donu'' (35 oýun - 3) 1980ý - ''Rostelmaş'' (10 oýun - 4 gol) 1981-1985ý - ''FC Kairat'' (139 oýun - 28 gol) Tälimçilik işine 34 ýaşynda başlan Gurban Berdiýew 1986-1989-njy ýyllarda Gazagystanyň ''FC Himik Dzambul'' futbol toparynda işleýär. 1991-1992-nji ýyllarda Gazagystanyň ''FC Taraz'', 1993-1994-nji ýyllarda bolsa Türkiýäniň ''Gençlerbirligi'' futbol klubynda tälimçi bolup işleýär. Soň 1994-1995-nji ýyllarda Gazagystanyň ''FC Kairat'', 1996- njy ýylda ýene-de Gazagystanyň ''FC Kaspiý'' toparlarynda işländen soňra, 1997-1999-njy ýyllarda paýtagtymyzyň ''Nisa'' futbol topary bilen bir wagtda Milli futbol ýygyndymyzyň hem tälimçilik wezipelerini ýerine ýetiryär. 2000-2001-nji ýyllarda Rossiýanyň ''FC Kristall Smolensk'' futbol toparynda tälimçi bolup işleýär. 2001-nji ýylyň 1-njy awgustyndan bäri bolsa ''Rubin'' (Kazan, Rossiýa) futbol klubynyň baş tälimçisi, 2004-nji ýyldan bäri bolsa tälimçilik bilen bir wagtda ''Rubin'' futbol klubynyň wise prezidenti wezipesinde işläp gelýär. Tälimçilik karýerasy: 1986-1989ý - ''FC Himik Dzambul'' 1991-1992ý - ''FC Taraz'' 1993-1994ý - ''Gençlerbirliği'' 1994-1995ý - ''FC Kairat'' 1996ý - ''FC Kaspiý" 1997-1999ý - ''Nisa'' hem-de Türkmenistanyň Milli futbol ýygyndysy 2000-2001ý - ''FC Kristall Smolensk'' 2001-nji ýyldan bäri - ''Rubin'' Gurban Berdiýew tälimçi hökmünde 1992-nji ýylda ''FC Taraz'' bilen Gazagystanyň Kubogynda toparyny finala çykarmagy, 1996-nji ýylda bolsa ''FC Kaspiý'' toparyny ýarym finala çykarmagy başarýar. 1998-nji ýylda ''Nisa'' bilen Türkmenistanyň Kubogyny eýelän Gurban Bekiýewiç, 1999- njy ýylda ýene şol klub bilen Türkmenistanyň çempiony bolmagy başarýar. 2002-nji ýylda ''Rubin'' bilen Rossiýanyň 1-nji dwiziýonynda ýeňiji bolup, Rossiýanyň Premýer Ligasyna çykan ýyly, ýagny, 2003-nji ýylda çempionatda hormatly 3- nji orny eýelemegi başarýar we Rossiýanyň Premýer Ligasynda taryha girýär. Ol 2008-nji we 2009-njy ýylda ''Rubin'' futbol toparyny Rossiýanyň Premýer Ligasynda yzly-yzyna iki gezek çempion etmegi başarýar. Bulardan başga-da 2010-njy ýylda Rossiýanyň Super Kubogyny hem eýelemegi başarýar. Bu ýyl, ýagny, 2010- njy ýylda bolsa Gurban Bekiýewiçiň ''Rubin'' futbol topary çempionatda hormatly 3- nji ýer eýelemegi başardy. Gazanan üstünlikleri: 2008ý, 2009ý - Rossiýanyň çempiony 2010ý - Rossiýanyň Super Kubogynyň eýesi 2003ý, 2010ý - Rossiýanyň çempionatynda 3-nji ýer 2002ý - Rossiýanyň 1-nji dwiziýonynyň çempiony 1998ý - Türkmenistanyň çempiony 1999ý - Türkmenistanyň Kubogynyň eýesi 1992ý - Gazagystanyň Kubogynyň finalçysy 2010ý - GDA Kubogynyň ýeňijisi

Köneler, Agent007 tarapyndan 11 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir