Ötünç soramak... Belki-de ynsanyñ iñ beýik sypatlarynyñ biridir ýürekden " bagy$la! " diyip bilmek. Belki, " bagy$la " sözü, sözleriñ içinde iñ bir jadylaýjy sözdür. Iñ bir il ýamany türmede ýatan nekgende ogul, " oña hakymy halal etmeýärin " diýen ölüm ýassygyndaky ejesiniñ ýanyna " düzelenim üçin günäm geçildi, senem meni bagy$la eje! " diýip gelse, ýatan ene janyny tab$yrmakdan heder etmese gerek. Hawa, bir sözde gudrat bar bolsa, " bagy$la " sözündedir. Bir gowy häsiýetli adam bar bolsa, ynsanlardan ötünç soraýan, allasyna tobakär bolan ki$idir. Nebisli ýaradylan ynsana iñ ýaraýan söz " men seni gowy görýärin " sözi bolsa gerek. Heý, bir ýakyn görýän adamyñyza " meñ üçin sen iñ gowusysyñ ! " diyip gördüñizmi ? " sen meniñ iñ gowy dostum, eje men seni gowy görýän, seniñ ýaly gowy mugallyma sata$armykam, ey watan, sen meniñ ýa$ap biljek ýerlemmiñ içinde iñ ezizisiñ " bu jümleleriñ her biri mukaddeslik derejesine ýeten sözler. Bir gyza bir metr öñünde durup: " men seni allah ryzasyna söýýärin! " diýen erkege ýok diýen gyz barmy ? Nebissiz we ýalñy$syz adam ýok. Emma ýerliksiz ýere ulanyp, mukaddeslikleri ýere dü$ürmäliñ, mukaddeslik gitse länet geler.

Köneler, Kuraldyshy tarapyndan 12 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir