Bir ýaş ýigit derýanyň ýakasyna suwa düşmäge barýar, görse, bir suw perisi dünýäden bihabar suwa düşüp ýörmüş. Ýaş ýigit ýeserlik bilen baryp, donuny atyp, suw perisini tutýar: — Men seni söýdüm, sen meniň maşgalam bol! — Ýigit, sen söýmezçe ýigit däl ekeniň, emma sen-ä suwuň astynda, men hem ýeriň üstünde ýaşap bilmerin. Bu söýgi ikimizi hem bedibagt eder, gowusy, men seni köňül maksadyňa ýetireýin. Emma sen paýhas et, akyl et, öz mynasyp ýaryňy saýla! Suw perisi ýigide derýadan geçip, dagyň etegine baryp ot ýakmagy buýurýar hem saçynyň taryndan ýekeje taryny berip, ony hem oda tütetmelidigini aýdýar. Ýigit aýdylyşy ýaly edýär, birden gara dagyň gerşi darka ýarylyp, derweze açylýar, ýigit içine girip gidýär. Seretse, suw periniň aýdyşy ýaly, gapdalda ullakan jadyly aýna duranmyş. Ýigit aýnanyň öňüne baryp özüni kemsiz synlaýar, soňra perdeden aňryk geçýär. Ýigidiň gözleri gamaşyp gidýär. Bezemen, owadan köşgüň içinde iň beýik tagtda bir peri oturanmyş, oňa ýigidiň nazary kaklyşanda edil ýyldyrym uran ýaly süňki-süýekleri saňňyldaýarmyş, onuň sagynda pesräk tagtda bir peri gyz oturanmyş, durşuna göwher, dür-lagyl, altyn-kümüş şaý- sepleriň içinde zordan görünýärmiş. Sol taýdaky tagtda ýene bir peri gyz otyrmyş, ýüzünden-gözünden nur, mähir- muhabbet ýagyp durmuş. Ýigit bir zaman gyzlary synlap, baş tagtda oturan perizadyň golundan tutup alyp çykýar. Derwezeden çykan ýerinde ýanyndaky perizadyň görk- görmegi nurly gün bilen kaklyşyp, gökde Gün tutulýar. Ýigit buýsanç bilen perizadyna bakýar, görse, onuň tutup duran owadan şa gyzy — ýylanmyş. Ýigit allaniçiksi bolup, suw perisine gygyrýar: — Sen perizat diýip, maňa kimi tutdurdyň? — Ol ýylan däldir. Nesip bolsa, toýdan soň aždarha bolar! — Aždarha alyp berer ýaly, men saňa näme ýamanlyk etdim? — Men saňa giren ýeriňde aýna bardyr, aýna seret diýdimmi? — Diýdiň. Men seretdim... — Sen aýna seretseň-de, özüňi görmänsiň, sen özüňi gören bolsaň-da tanamansyň. Sen kümüş halyňa altyn gyzy saýlap aldyň, indi ol bir gün perizat bolsa, iki gün aždarha bolar!.. Seniň paýyň ýüzünden- gözünden mähir ýagyp duran nurana gyzdy, sen oňa, ol saňa mynasypdy. Sen indi bu perizadyň ýary bolmarsyň-da, hyzmatkäri bolarsyň — diýip, suw perisi deňziň düýbüne çümüp gidipdir.

Köneler, Medik tarapyndan 12 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir