Men ony goradym ýaman gözlerden, Jalaý ýigitleriň her garaýşyndan. Sowuk gybatlardan, sowuk sözlerden, Tükenmez ýyllaryň gara gyşyndan. Goradym göriplen gargaýyşyndan, Ýakynlarymdanam goradym ony. Goradym dostlarmyň ýylgyryşyndan, Hiç bir zada rowa görmedim ony. Bişişini synlap ullakan almaň, Şol uly alma-da gorkuly garap, Ony ähli zatdan goradym, arman, Özümi şol gyzdan bilmedim gorap. Hanha, iňrik ýere ýazylyp barýar, Bilýän, bir ýerlerde eýýäm daň atdy, Oň söýgüsi misli bir uly derýa Zyňylan daş bolup, ýüregme ýetdi. In-e, syryp ýörüs köçeleň boýun, Bir-birimiz tanaman, nobata durus, Geliň, syr saklaman, alalyň boýun, Şol daşy näçämiz göterip ýörus. Bir jeza bar jezalaňam jellady: Wysallaryň myrat bolmak deregne, Adamyň eý gören, ynanan zady Bir gara daş bolup çökýär ýüregne. Ynamsyz ýaşamak mümkin däl, mümkin, Ony goramaly beýni hem ýürek. Ýöne ynamlaňňam synýan üçin, Käte ynamlardan goranmak gerek.
Ynam
-
Agent007
12 years ago
- Gowy goshgy eken.sagjabol
-
Bayramsoltan
12 years ago
adamyň eý gören, ynanan
zady
bir gara daş bolup çökýär
ýüregne.
:-( hakyky
-
akgultm
12 years ago
- hmmm
gowy yazylypdyr kim yazdy karat!?
-
Rahip
12 years ago
- Gurbannazar ezizow
-
pida
12 years ago
- gaty govy eken!sagja bol!
Ayyuzli 12 years ago
:(