Görk-görmege aşyk kändir jahanda, Ýöne meniň kimin söýýän tapylmaz. “ugrunda men ölsem” diýer haçanda, Ölmeli bolanda ölýän tapylmaz! Aklym alyp, telbe edipdiň tas meni, Gara saçlaň halka edip as meni, Saherler oýanyp bagra bas meni, Günortan göreniň öýlän tapylmaz! Meger men deý yşga düşen bende ýok, Ýalan ýaşryk näzirgemek sende ýok, Şelaýyn söz boş wadalar mende yok, Mendeý dogrujasyn sözlän tapylmaz! Yşk bir şöhle- her kim gözün gapdyrar, Yşk bir derýa müň Tahyry akdyrar, Oduňda tutaşyp, ýanan ýapdyrar, Men deý kebap bolup, köýýän tapylmaz. Kim ýeter myrada jigerin ýakman, Aşyga, elbetde, örtenmek hökman, Waspyňa söz gözläp, gijeler ýatman, Gara gözňe ganlar öýýän tapylmaz! Dünýä bir ýalançy, boş söze ökde, Gaç onuň ýanyndan göterip ökje, Aýdýan kändir ýok sözleri ýürekde, Ýöne çyny bilen öwýän tapylmaz! Adam dünýä geler ondan ötmäge, Gara gözleň çuňlugynda ýitmäge, Soňky günde meň üstüme örtmäge, Don tapylar, sary öýmäň tapylmaz!

Köneler, Karat tarapyndan 11 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir