Bir gün okuwçylarymyň gündelik depderlerini barlaýyn diýip, olaryň ähli gündeligini işden soň, öz klas jaýymda barlamak üçin alyp galdym. Hersini barlap gözden geçirip, okuwçylaryň ýetişiklerine syn berýärdim. Ýenede bir okuwçymyň gündeligini açdym. Birinji sahypada gyrada gysdyrylan kagyzly bukja gözüm düşdi, ünsem bermän sahypalaryny agdaryp gündeligini barladym. Ýapjak bolanymda ýene şol bukja gözüme ildi. Ol bukja maňa bir zady syzdyran ýaly bolup gitdi. Okajagymam bilmedim, ýapjagymam. Ýöne ony okasym gelip ugrady, bu bukja maňa gaty tanyş görünýärdi. "Aý ýokla ol däldirle, Ýakup iň göreldeli okuwçym ahyryn, ondan beýle zat çykmaga haky ýok!" - diýip, geçiberjegem boldum ýöne bilesigelijilik gursun, halys meni erkime goýmady. Bukjany usullyk bilen ýerinden alyp ony açdymda, içindäki hatly ýazgyny okap ugradym. Çakym dogry bolup çykdy, Ýakup bu haty gündeliginden aýryp ýetişmändir ýada aýyrmagy unudan bora çemli. Hatly bukjada şeýle ýazgy bardy: "Salam Maral! Nämüçin sen her gezek maňa şol bir jogaby berýärsiň?! Asla sen, men hakda alada etmeýän ýalyla. Düýnem hatyňda ýene öňki jogabyňy ýazypsyň, "wagt geler, nesibedir" diýipsiň! Men seni hemme zatdan ileri görýän, men seni söýýän Maral! Söýýän, söýýän, söýýän ýenede söýýän! Maňa seniň birje jogabyň gerek, meniň saňa garaşyp kararym galmady!..." Hatyň yzam şeýleräk mazmunda gidýärdi, ýüzümiň ugruna okap çykdym. Okuwçyma girre gaharym geldi: "-gör seniň "mekdepde göreldeli, okuwyna ýetişikli" diýip ýören okuwçyň bolup ýörşüni??. Ertir okuwa gelsin bakaly, gyzlar bilen nädip "söýüşmäniň" ugruny öwredeýin men saňa.." Gaharyma şeýle pikirlere gümra bolup otyrkam, öz mekdep okuwçy döwrümiň ýatlamalary aňymdan kino lentasy ýaly bolup geçip ugrady.. Çagalykdanam Göwher bilen kän oýnanymyzdanmy, öwrenişenimdenmi nämemi, men 10-njy klasa aýak basyp ugramda ony hasam sulhum alyp ugrady. Bilmedim ýetginjekligiň ýelginem bardyrda. Ol gapdal setirdäki partamda oturýardy, menem onuň garşy gapdalyndaky partada oturýardym. Aramyzdan diňe ýörär ýaly aralyk bardy. Oýümiz hem, ýaşaýan ýerimizem goňşy bolup oturýardyk. Men ony şeýlebir söýýärdim, heý goýaý.. Okuw üçin her hili bahanalar tapyp ýanyndan gaýtmazdym. Onuň okuwa ýetişigi örän gowudy, ondan mydama asgyn gelýärdim. Menem ondan galmajak bolup okaýardym. Ine ahyry bir günem göwnümi bire baglap, oňa "söýgi hatymy" ýazdym, ýaşlykda.. Ýeri o wagt dilden syzdyrmak kimiň kellesine gelýär. Ýazdym iki listi dolduryp. Arakesme wagty hemme daşary çykansoň, onuň gündeligini açdymda şol hatly bukjany gündeliginiň gyraky burçuna gysdyryp, ylgabam klasdan çykdym. Sapak başlady. "Indi näme bolarka?" diýip, zol galpyldap Göwher tarapa seredýärdim. Göwher ahyry gündeligini açdy, hatly bukjany şobada gördi. Gatyny açyp okap ugrady, menem bilmezlie salyp kitaba güýmenen bolýardym, hemem oňa ogrynça seredýärdim. Birdenem Göwher maňa geň galýan ýaly seretdi-de, ýene okuwy bilen boldy. Ertesi alan jogabym şu ýeke sözlem boldy: "ony wagt görkezer, nesibedir." Soň-soňlar "söýgi hatlammy" Göwhere günaşa diýen ýaly ýagdyryp ugradym. Şol bir jogap: "garaş." Bolmasa okuwda gürleşýärdigem, degişýärdigem, ýöne söýgi hakda aramyzda gürrüň bolmazdy. Şeýdip nädip okuwyň dynyp barýanynam duýmandyryn. Basym 10-njy klasam aýaklap barýardy, emma ondan entegem belli jogap ýokdy. Göwher maňa ýokary okuwa synanyşjagyny aýdýardy, maňada şony talap edýärdi. Känbir meniň okuwa bolan höwesimä ýokdy, ýöne mende oňa bolan gabanjaňlyk duýgusy welin bardy. Göwher gidäýse, ol göwnüme ömürlik aýrylyp gidäýjek ýalydy. Bilmedim ol gyza bolan söýgim aşa bolanyndanmy, menem ekzamenlara yhlasly taýynlanyp ugradym. Bagtymyz çüwüp ikimizem synagdan geçip, ýokary okuw jaýyna talyp bolduk, okaýan ýerimizem bir kafedra. Soňam okuwy dynyp ikimizem mugallymçylyk kärine eýe bolduk, yzýanam bile durmuş gurduk.. Men birdenem ýaşlyk ýatlamalarymdan aýňaldymda, ýene ýaňky hatly bukja seretdim. Birdenem biri gapdalymdan böwrüme dürten ýaly boldy: "- Wah, paňkelle. Hany sen özüňden mysal al, özüňemä şular ýaly döwri başdan geçirmediňmi, seni şu dereja ýetirenem öz söýgiň dälmidi? Bular name adam dalmi, özüni sençe görenokmy. Ikisem mekdepde göreldeli okuwcylaň, ýada kilçik däl, aýnak däl. Näme sen okuwcykaň söýeňde bolýarda, bulara bolanokmy? Geler ertir okuwa, näme diýeniň, aýdanyň bilen olaň söýgüsini saklap bilerin öýdýärmiň, meňkä aýtmak.." Men näme etjegimi bilmän, iki egnimi gysdym oňaýdym. Ýaňky hatly bukjany ýenede öňküsi ýaly epläpjik gündeligne gysdyrdymda, gapdaldaky gündelikleň üstüne oklap goýberdim..
Hatly bukja
-
akgultm
12 years ago
- wah paňkelle:)
-
nlo
12 years ago
- gowy yazgy
-
dayy
12 years ago
- cheper yazypsyn sagja bol yegen!
-
hakykygyz
12 years ago
- Yegen oz bashyndan gechdimi yada oylanmamy
-
Ayyuzli
12 years ago
- yegen, uzynrak gorup, son okaryn diyip geciberjek boldum-da....
"Salam Maral! Nämüçin sen her gezek maňa şol bir jogaby berýärsiň?! Asla sen, men hakda alada etmeýän ýalyla. Düýnem hatyňda ýene öňki jogabyňy ýazypsyň, "wagt geler, nesibedir" diýipsiň! Men seni hemme zatdan ileri görýän, men seni söýýän Maral! Söýýän, söýýän, söýýän ýenede söýýän! Maňa seniň birje jogabyň gerek, meniň saňa garaşyp kararym galmady!..."
şu yerine gozum duşdi-de, okamaly boldum :)))))))
tuweleme, elin-gozun dert gormesin, gowy yazypsyn!
-
Agent007
12 years ago
- Yakup diyami................gowy yazylypdyr.yazypsyn.hakyky bolyan zat
-
Ayyuzli
12 years ago
- AGENT, ADYNYZ YAKUPMY???
-
Agent007
12 years ago
- Howwa.maral diyip klasdashymam barlay
-
Ayyuzli
12 years ago
- HMMM
-
Agent007
12 years ago
- Yone men ona hat yazmadym:-)
-
Multyk
12 years ago
- yegen oz bashyndan
gechdimi yada
oylanmamy
hakykygyz | 2012-08-06
19:44:13
yegeniñ okuwy gutoronno 3aý bolup barýa:D:Dmollumuno düzülenmikä diýýän menä.
-
Ayyuzli
12 years ago
Yone men ona hat yazmadym
BOLUP BILER, MENEM YAKUP TARAPYNDAN SOYULMEDIM :-)
-
Agent007
12 years ago
- bolup biler, menem yakup
tarapyndan soyulmedim
gowy dushunmedim,dushunshimce sorayyn ?
adyn maralmy
-
Ayyuzli
12 years ago
adyn maralmy
HOWWA
-
Agent007
12 years ago
- .Ya senem yakup diyip klasdashyn barmy ?
-
Ayyuzli
12 years ago
- YOK, OL-A YOKDY
-
Cwetocek
12 years ago
- Name diyeyin yakup bilen maralam bagtly bolsunlar! :-)
-
Ayyuzli
12 years ago
- eeeeeeeee, gozlerime ynanamok, cweta ozunmi??? gowjamy bala? goresim gelip gitda :(
-
Cwetocek
12 years ago
- Ozum :) shukur ozun gowmy? Ishler?
-
Ayyuzli
12 years ago
- howwa gowy. begendim cynym. yitip gitme. ozune gowuja seret @---\---\--
-
Ayyuzli
12 years ago
- guljagaz yasajak boldum welin onarmadym :((
-
Yegen
12 years ago
yegen oz bashyndan gechdimi yada oylanmamy
hakykygyz |
Ýokla Hakykyz, başymdan geçenokda, bu ýöne oýlanma. Hekaýa görnüşinde ýazylan bir eser, öz şahsy döredijiligimden
Minnetdar hemmäňizede, okap baha bereniňize!
akgultm 12 years ago- Wah, paňkelle. Hany sen özüňden mysal al, özüňemä şular ýaly döwri başdan geçirmediňmi, seni şu dereja ýetirenem öz söýgiň dälmidi shu sozleri ayaly gowher diyyarmi:):):):)::D