Haýyşam, kalbyňy arassa sakla: Seniň, gör, nähili ajap kalbyň bar. Ýagtylýar ol, gökde ýyldyrym çaksa, Ýeke söze umman bolup tolkunýar, Salkynlara ol, säher ýylgyryp baksa.. Haýyşym kalbyňy arassa sakla: Sakla ony desterhan deý päkize. Sen iýen päkize çöregiň hakla, Bugdaý sözüňi diý kalby päk ile. Haýyşym, kalbyňy howaly sakla: Badalgaňdyr haýyň gaçyp gelende. Hiç bolmanda pes işinden jahanyň, Bet işinden göter ony belende. Haýyşym, kalbyňy juda giň sakla: Giň dünýäde darlyk gelişmez, ynsan! Kalbyň – gabahatdan gaçybatalga Hem saňa zyndan! Haýyşym, kalbyňy juda giň sakla: Oňa asman bilen zemin ýerleşsin. Dymyljan ruhuňy täzeläp herdem, Ýagyş geçsin, ýagmyr geçsin, ýel geçsin! Haýyşym, kalbyňy arassa sakla: Zeý alan toprakda boý alar ýylgyn, Zeý alan toprakda baýnamaz çynar. Sen içden çüýredip başlasaň kalbyň, Soňky yhlas puç bor, gök öwüsmez ýel! Hapa kalpda gögermeýär ideal, Mukaddeslik… Kalbyň jadyly guşdur, Ol durşuna ajap, täsin bir hyýal, Ol senem göterip, asmana uçsun. Haýyşym, kalbyňy juda baý sakla, Egsilmez baýlykdyr köňül söýgüsi. Dünýäň hazynasyn berseňem hatda Halas edip bolmaz ruhy göýdügi. Seniň gözleriňde kalbyň görünýä, Men oňa gudrata bakan deý bakýan. Päk bolmagyn isleseňiz dünýäniň Öňi bilen kalby arassa sakla!

Köneler, Makestm tarapyndan 12 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir