Günsaýyn bu ýagty jahan gözüme yssy görünýär. Onuñ her bir bölejigini mukaddes saýyp ugradym. Öñler beýle däldim. Ähli pishäm ol mukaddeslikleri ýykmak-ýumurmak bolupdy. Belki bu maña "rak keselli" diýlip diagnoz goýanlaryna eýýäm bir aýdan gowrak wagt geçenligindendir. Hawa,maña 3 aý ýasharsyñ diýdiler. Ol 3 aýyñ hem eýýäm bir ýarym aýy geçdi.Ýene bir ýarym aý... Soñ men bu ýagty jahanda ýok.Wah...Näme üçin men? Näme günä etdim? Näme üçin bashga biri däl? "Eý Allam,özüñ gowusyny edeweri"diýip dileg edýärdim.Näme üçin dilegler amala ashmady? Ýa gowusymyka shu? Ýok,gowusa bolmaly däl. Bu derdi hiç kim hatda dushmanyna-da rowa görmezdi ahyry. ARZUWLARYM.Bir-birinden ajaýyp,üýtgeshik arzuwlarym.Hany,siz nirede?Siz bilen köp menziller geçilipdi.Hany indi o menziller?Iñ bärkisi öýlenibem-ä bilmedim.O dünýä gidenimde yzymda meñ adymy ýöretjek zürýadam galmad- a.Oguljygym bolmagyny dilärdim.Ezizläp söýjekdim,il-günüñ gözünde bolar ýaly edip ýetishdirjekdim...Wah,amala ashman kalbymda guran arzuwlarym... ÝALÑYZLYK.Meniñ ýeke-täk syrdashym.Wagtym golaýlashdygyça özümi sheýle ýalñyz duýýan.Bash alyp gidiberesim gelýär.Ýöne ýüregim:"Nirä howlugýañ?Ömrüñ ahyrky pursatlaryndan bir lezzet al ahyry.Ölmäge wagt taparsyñ.Wagtyñam azalýandyr.Ýatda sakla,ojagaz wagty bir tygshytly ulan ahyry.Öñler-ä oñ gadryny bilmediñ,indi bir bil-ä"diýýär.Hawa,dogry. EJEMJAN.Wah,jan käbäm.Seniñ bolup oturshyña dözemok.Mydam gözüñ çygjaryp dur.Gynanma-da käbäm.Bu kesel bilen kesellän ýeke men däl ahyryn.Mert bol,ejem.Seniñ beýdip aglap ýörüshiñi görüp gitsem men mazarymda rahat ýatyp bilmerin-ä käbäm?! KAKAMJAN.Kyblam.Kakalar mydam mert bolýar diýýärler.Dogry,20 ýylyñ içinde ýeke sapar aglanyñy görmändim.Ýöne...Shol analizlerimi alyp gelenimdäki seniñ perishan keshbin shumadam hakydamda.Hawa,sen aglamajak bolduñ.Ýöne perzent söýgüsi señ mertligiñi ýeñdi."Balam,balamjan" diýip hamsygyshyñ göz öñümden gidenok.Gynanma kakam,ýazgytdyr.Gam çekme. WAH,ARMANLY SÖÝGIM.Señ bilen toý tutjakdyk,bagtly boljakdyk.Hany,nirede ol arzuwlar?Seniñ näzik keshbiñdäki gaýgyny görmek maña kyn düshýär janam.Hany,birje gezek ýylgyrsana.Haýysh edýän,söýgimiziñ hatyrasyna birje gezek ýylgyraýda.Boldy.Indi men razy.Bagtly bol gushum. EÝ SEN NÄLET SIÑEN ÝAZGYDYM!!!Näme üçin meni beýle köseýäñ?Näme üçin meniñ bagtyma badak atýañ?Sen näme üçin beýle biadyl? Näme üçin???Ençe adamlañ gözüni ýashlamak nämä derkar?Jogap ber maña ykbalym!Jogap ber! Wah,içigaragalmysh.Ýene dymýañmy? Näme üçin sen öz eden ishine jogap berip bileñok? Wah...Ýashasym gelýär.Meniñem dem alasym,bagtly bolasym gelýär.ALLAJAN,eshidäýdä dilegimi.Näme üçin maña ýekeje ömür hem rowa görmediñ?Näme üçin??? Näme etdim???

Köneler, mentalyp tarapyndan 12 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir