Belki, seň boýnuňda Ol beýik ýazyk, Düşünýäň, Ökünýäň, Ýüzüňem aşak… Belki meň ýalňyşym kükregim ýaryp, Durun huzuruňda, ýeňsämi gaşap…. Bu ne ýalňyz hasrat, Bu ne täk düwün? Eýsem bu gün gözlemekmi kärmiz? Ine bildigemdä kimiň päkligin, Ine, tapdygamda günäkäri biz! Birimiz “perşde” Birimiz “şeýtan” Bar, şeýle hem eken, Şeýle-dä ine! Ah nireden gelip awuly peýkam Sanjylyp dur ýüregimiziň göwsüne? Ýürek dymýar şeýle agyr purstda, Ýigrenç bilen söýgüň arasy ýakyn… Kerbela çölüne dönen gursakda Şehit ölen söýgüň mazary ýatyr Ajy derman kimin ýuwduldy lebiz, Geçir söýgüm zat goýmadyň uýmaga, Ant içip, “Söýýän” diýip ýetişdigem biz, Otly gitdi… Ýetişmedik söýmäge! Köçede duş gelseň sowulýaň biryani Başym alyp çykaýynmy şäherden? Şeýdip bu gijede bir özüm barýan- Aýak sesim diňläp ýatyr Bäherden. Bu gije kalbymda harasat gopýar, Oýlar çyra üýşen çirkeýler ýaly… Gökde topar ýyldyz maňa göz gyrpýar. Ýekelige gyjyt berýän mysaly. Başymyz ýalaňaç söýgüň öňünde- Adyl hökum täzeledi keşbimiz. Men bilmedim: Nädip syndy Bir günde Şunça ýyllap diken söýgü köşgümiz?... Haýsymyz günäkär? Parhy ýok bu gün. Synamyzda başga derdiň azary: Ot ýaly ýürekde- Çigişen düwün. Kerbela çölünde- Yşkyň mazary.

Köneler, Friendship tarapyndan 12 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir