USSAT TERJIMEÇILER Hemra Şir, ýazyjy «Türkmen dili» gazeti, 2011-nji ýylyň 19-njy ýanwary Dürli milletlerden, dürli halkyýetden bolan adamlaryň biri-biri bilen düşünişmek meselesi ähli döwürlerde-de adamzat gatnaşyklarynyň esasy meseleleriniň biri bolupdyr. Şonuň üçin hem dilmaçlyk, terjimeçilik sungaty dünýä ýüzünde giňden ýaýbaňlanypdyr. Bu ynjyk meseläniň oňyn çözgütlerini gözlemek gadymy döwürlerden bäri elmydama üns merkezinde durupdyr. 1887-nji ýylda döredilen emeli halkara dil «esperanto» hem şeýle gözlegleriň biridir. Esasy sözlük düzümi ýewropa dilleriniň aglabasynda diýen ýaly kybapdaş terzde gabat gelýän sözlere esaslanyp düzülen, ýazuwy latyn elipbiýindäki bu dil näme üçindir giň meşhurlyk gazanmandyr. Häzirki zaman tehnologiýasynyň ösmegi «ýakyn gelejekde dürli milletlerden bolan adamlary biri-biri bilen jübi tiline oturdylan «terjimeçiler» düşündirip biler» diýlen pikir hem orta atylýar. Emma «jübi tili Ýer ýüzüniň uly tilleri bolan iňlis, arap, ispan, rus, hytaý, hindi, fransuz, portugal, nemes, dillerini şeýle hyzmat bilen üpjün edip bilse-de zor boldugy» diýlen garşylyklaýyn pikir-de bar. Kiçi halkyýetler bu babatda näme etmeli? Örän ýerlikli sowal. Sebäbi Ýer ýüzünde iki ýarym müňden gowrak dilde gürleşilýär. Olaryň bolsa aglabasy kiçi halkyýetleriň gürleşýän dilleri.
USSAT TERJIMEÇILER
-
sawyer
12 years ago
- Türkmeniň milli eseri derejesine ýetirilip terjime edilen ol kitap «Müň bir gije» kitaby, ýagny arap ertekileridir. «Müň bir gijeli» gürrüňe içgin girişmezden öňürti, geçen asyryň 50-nji ýyllaryndan başlap, dünýä edebiýatynyň «altyn gaznasyna» girýän eserleri işeňňirlik bilen terjime edip, okyjylarymyza ýetirmek, şeýdip, halkymyzyň ruhy medeniýetini baýlaşdyrmak, edebiýatymyzy derejeli edebiýat etmek döwri başlanypdyr. Bu beýik tutum şygyryýetde buýrasaç Puşkinden başlap, belli şahyry Lengston Hýuza çenli, kyssada Sadreddin Aýniden başlap, meşhur ýazyjy Ernest Hemungueýe çenli ýüzlerçe ägirt ýazyjy-şahyrlaryň «türkmençe gürlemeklerine » ýardam edipdir. Dünýä halkyýetleriniň beýik edebi mirasy hasaplanylýan eserler: ertekiler, rowaýatlar, balladalar, dessanlar, eposlar hem terjime edilip, okyjylarymyza gowşupdyr. Otuz ýyl gowrak dowam eden bu döwri terjime edebiýatynyň «altyn döwri» diýip atlandyrmak mümkin. Şol ýyllar çaphana hojalygynyň hem juda öwgä mynasyp işländigini bellemek gerek. Sebäbi çap edilenine ýarym asyr geçendigine seretmezden, heniz hem öz gaýymlygyny ýitirmän, halkymyza hyzmat edip gelýän müňlerçe kitaplar öz döwrüniň çäklije mümkinçilikleri bar çaphanalarda diýseň azaply «gurşuna guýma» usulynda ýygylyp, «gyzyl elli » işgärler tarapyndan «dünýä inipdir». Terjimeçileriňdir çap hojalygynyň bilelikdäki tagallasy netijesinde geçen asyryň segseninji ýyllarynyň ortalaryna çenli, ownuk žanrlary hasaba almanyňda, terjime edilip çykarylan göwrümli romanlaryň özi 100-den gowrak. Edebiýatymyzda hem halkymyza ýapylan, gör, nähili beýik serpaý! Terjime edebiýatynyň «altyn hazynasy» diýýän ýyllarymyzda galam işleden ýazyjy-şahyrlaryň ählisi diýen ýaly goşant goşan bu ägirt iş berekella diýerlikdir. Ine, «Müň bir gije» kitaby şol ýyllarda terjime edilip, okyjylara gowşan kitap.
-
sawyer
12 years ago
- Dünýä dilleriniň aglabasyna geçirilen «Müň bir gijäni» rus okyjysyna elýeterli eden belli terjimeçi M.Salýe bu ajaýyp edebi ýadygärlige ýazan girişinde: «Şährizadanyň meşhur ertekileri ýaly höwes bilen okalýan gyzykly kitap dünýä edebiýatynda az-azdyr» diýip, örän ýerlikli belleýär.
Orta asyrlardaky Arap Gündogarynyň şirin hem batnyklydilde beýan edilen durmuşy, erteki pisint wakalaryň hakykat bilen utgaşdyrylyp gürrüň berlişi, hereket edýän gahrymanlaryň öz gelip çykyş derejesine, wezipe-ornuna, hüý-häsiýetine görä gürleýşi, gabat gelýän nogsanlardan ägä bolmagy ündeýän bu eseri, dogrudanam, dünýä edebi ýadygärlikleriň iň beýikleriniň biri derejesine ýetirýär.
-
sawyer
12 years ago
- Kitaphonlaryň arasynda «Müň bir gije» iň bir gowy görülýän kitaplaryň biri bolmagynda galýar. Meniň özüm hem «Müň bir gijäniň» ölemen aşygy. Bu kitap bilen ysnyşmagyma diňe bir kitaphonlygym däl, ýazyjylyk sungatyny pişe edinenligim hem sebäp. Mahlasy, eger-de suratkeş uzak wagtlap eline kistini almasa, sazanda saz guralynda oýnamasa, onda olaryň senedinden elleri çykyşýar. Bu «ýoň» ýazyjylara hem mahsus. Eger haýsydyr bir durmuşy aladalara ukaşyp ýa-da «döredijilik çeşmäň wagtlaýyn köräp» biraz wagt goluňa galam almasaň, «diliň kütekleşýär», beýan edişiňe büdür-südürlik aralaşýar. Şeýle halatlarda özgeleriň nädýändigini biljek däl, özüm-ä «Müň bir gijäni» ýamaşgandan okap çykaýýaryn. Bu maňa «dilewarlygy», «beýan ediş akgynlygyny», «dil şireliligini» öwredýän mekdebi ýamaşgandan bitiren ýaly goltgy berýär. «Müň bir gijäni» türkmeniň milli eseri derejesine ýetiren terjimeçi Bäşim Atadyr. Bäşim aga bilen «Sowet edebiýaty» (häzirki «Garagum») žurnalynyň kyssa bölüminde işleýärkä – 1971-nji ýylda tanyşypdyk. Žurnalyň şol ýyldaky 9-njy sanynda «Böwet» atly hekaýamyň hem çykmagyna goltgy beripdi.
-
sawyer
12 years ago
- Esasan, adygan ýazyjylaryň eserlerine, ýagny kämil edebiýata niýetlenen bu žurnalda başlangyç ýazyjy bolup eser çykartmak üçin, ol ýyllar, dogrudanam, halypalyk goltgusy zerurdy. Geçen asyryň ýetmişinji ýyllarynyň aýaklarynda ýaşlar gazetiniň («Ýaş komunist») edebiýat bölüminde işleýärkäm bolsa Bäşim aga bilen has ýygy gabatlaşardyk. Şonda onuň öýüne redaksiýanyň terjime işini alyp barardym. Haýyşymyzy eglemänjik bitirip, yzyna özi alyp gelerdi. Bu işe eli werzişdigi üçin, eden işi gunt ýaly bolguçdy. Orta boýly, dolmuşdan popuş ýüzli bu adamyň kiçigöwünliligi, mylaýymlylygy ählimize ýarardy. Gazet işgärleri «Bäşim aga geldi» habaryny eşideninde begenerdi. Beýle derejeli ýazyjynyň gelmegi biz – ýaş galamgärler üçin edebi baýramçylykdy. Dünýä edebiýatynyň iň gowy nusgalyk eserleriniň onlarçasyny terjime edip, okyjylarymyza ýetiren halypa ýazyjy bilen her kim içgin tanyşmak, onuň çylşyrymly döredijilik dünýesi baradaky bähbitli gürrüňlerini diňlemek islärdi. Sebäbi ol ep-esli iş bitiren «edebi agramy» bar adamdy. Onuň bitiren işleri göz giderlikdi. Meşhur ýazyjylar Mihail Şolohowyň «Göterilen tarp» romany, Turgenewiň «Adamlar we perzentler» romany, Maksim Gorkiniň bir topar iri eserleri, ýene-de onlarça kyssa kitaplarynyň terjimesi Bäşim aganyň elinden çykypdy. Bu eserleriň hemmesi «Müň bir gijä» çenli eden işleridi.
-
sawyer
12 years ago
- Ussat terjimeçä terjime etdirýän zatlarymyz, köplenç, şol döwürdäki TASS-yň ýa-da «Balkan Presiň» adaty makalalarydy. Gazetiň şondan uly goldawa mümkinçiligi hem ýokdy. «Müň bir gije» ýaly eserleri aparan kişi ýönekeýje makalalary terjime etmäge kaýyl bolýardy. Eger-de owaldan-ahyra edilen terjime edebiýatyň hili babatda aýtmaly bolsa, Bäşim Atanyň «Müň bir gijesi» bu ugurdan ýetilen iň beýik derejeleriniň biri bolsa gerek. Eseriň häsiýetine kybapdaş dil bilen, beýan edilýän wakanyň şüwlümini ýetirýän äheňde, aňrybaş akgynlylykda, türkmen diliniň mümkinçiliklerini doly derejede peýdalanyp edilen bu iş biziň milli dilimiziň dünýäniň hiçbir dilinden pes däldigini görkezýän terjime ýadygärligi diýsek hem öte geçdigimiz bolmaz. Öwran-öwran okanyňda-da, «Müň bir gije» ýadatmaýar.
-
sawyer
12 years ago
- Eger, galam adamsy bolsaň-a, başda aýdyşym ýaly, «Müň bir gije» süýjüdilliligi, akgynly beýan ediş ussatlygyny öwredýän özboluşly bir «halypa». Ony okanyňda terjime edilen eserdigine ynanasyň hem gelmeýär. «Göwherlerini» gaçyrman, türkmen milli eseri derejesine ýetirip terjime etmek üçin bolsa, gör, näçe başarnyk gerek. Türkmen dilindäki «Müň bir gijä» ýüzden gowrak iri kyssadan ybarat göwrümli iri eseriň bary-ýogy on iki ertekisi saýlanyp alynypdyr. Şeýle-de bolsa şol on iki erteki hem bu eseriň, hakykatdanda, ajaýyp halky eserdigine göz ýetirmäge mümkinçilik berýär. 1986-njy ýylda paýtagtymyzyň kitap dükanlaryna «Müň bir gijäniň» Moskwanyň «Prawda» neşirýaty tarapyndan neşir edilen saýlama ertekileriň dört tomlugy geldi. Ýöne onuň her tomluguny almak üçin, kyrk kilogram möçberinde köne kagyz tabşyrmalydy. Şeýdip, «azabyny çekip» alan «Müň bir gijämiň» dört tomlugy bilen Bäşim Atanyň «Müň bir gijesi» tekjämde ýanaşypjyk dur. «Müň bir gijäniň» rusçasyny okanyňda, Bäşim aganyň terjimesiniň onuň derejesinden birjik-de pes däldigine göz ýetirýäris. Dünýä ýurtlarynda «Müň bir gijäniň» ertekileri esasynda gowy filmleriň birnäçesi dürli ýyllarda surata düşürildi. «Müň bir gijäniň» ilkinji neşiriniň ýetmiş müň nusgalykda (tüweleme az-küç däl!) çykarylandygyna seretmezden, ol kitap dükanlaryndan dessine satyn alynypdy. «Dört derwüş», «Totynyň hekaýalary» kibi «Müň bir gije» hem arap edebiýatynyň iň gowy eserleri hökmünde, goldan goýulman okalýan, artykmaç satyn alnyp goýlup, birek-birege sowgat edilýän kitaba öwrülipdi. Bu üstünlik «Müň bir gije» ýaly ägirt eseriň terjimesini amala aşyrmaklygy batyrgaý guran neşirýatçylaryň, ony diýseň göze gelüwli kitap katdyna çap eden çapçylaryň, esasy hem yhlasynyň aňry çäginde terjime eden Bäşim Atanyň bilelikdäki azaplarynyň netijesidir.
-
sawyer
12 years ago
- «Müň bir gije» barada gürrüň gozgalanda, gowy ýazyjy, tapbiler adam Sapargeldi Annasähedi hem ýatlaman geçip bolmaz. Sebäbi onuň-da «Müň bir gijäniň» «Müň bir gije» bolmagyna goşan goşandy az däl. Ünssüz okyjy ähmiýetem bermez welin, «Müň bir gijäniň» on üçünji sahypasynyň aşagynda ownuk harplar bilen «Kitabyň içindäki goşgy setirlerini terjime eden Sapargeldi Annasähedow» diýen ýazgy ünsli okyjynyň gözlerinden sypmasa gerek. Ine Sapargeldi aganyň «Müň bir gijä» saldamly goşandy şondan başlanýar. Asla men Sapargeldi Annasähede diňe bir «Göroglynyň gözleginde», «Beýtullanyň synmagy» ýaly nusgawy kyssa eserleri döredendigi üçin däl, «Müň bir gijedäki» juda çylşyrymly mesnewilerdir gazallary ussatlyk bilenterjime edendigi üçinem sarpa goýýardym.
-
sawyer
12 years ago
- Olar bilen 2004-nji ýyla çenli goňşurajyk oturdyk. Agşamlaryna, galam işinden ýadan kellesine dynç bermek üçin, birsalym gezelenç etmegi gowy görerdi. Milli edebiýatyň häzirki derejesine ýetilýänçä görülen görgüler, çekilen azaplar barada, hut öz işinde bolan wakalary delilleýin magadyna ýetirip gürrüň bererdi.
Ol ömrüniň soňrakky ýyllary adynyň yzyna ata-baba sarpalanyp tutulýan ady hem tirkäp, eserlerini «Sapargeldi Annasähet Iner ogly» diýip çapa berýärdi.
Sapargeldi aga täze-täze romanlar, powestler, hekaýalar bilen kyssa edebiýatymyzy baýlaşdyryp, tüýs Iner ogludygyny, ruhunyň hem edebi gaýratynyň bekdigini subut edip gitdi.
-
1merdan
12 years ago
- essalamyaleýki sawyer dost hoş gördük!!!
-
sawyer
12 years ago
- Ine, bir gezek, agşamky gezelenjimize çykanymyzda, gürrüňçilik edebiýatyň terjime ulgamyna syrygyp, bu ugurda soňky ýyllarda depginiň gowşandygyny, dünýä edebiýatynyň täze döreden kämil eserleriniň türkmençä geçirilip halkymyza ýetiriliş derejesiniň peselendigini Sapargeldi Annasähet Iner ogly gynanç bilen belläp: «Iň bärkisi, Nobel baýragyna mynasyp bolan ne gowy romanlardyr powestlerem terjime edilenok» diýdi.
Ol bu babatda gürlemäge hakly adamdy. Döredijilik ömrüniň belli bir bölegini terjimeçilik işine bagyşlapdy. «Türkmenistan» neşirýatynyň dünýä ýazyjylarynyň kämil eserlerini aýak aldygyna terjime etdirip, okyjylara ýetirýän geçen asyryň ýetmişinji ýyllarynda neşirýatyň terjime bölüminiň müdiri bolup oturan adam, elbetde, bu hysyrdyly işi ussatlyk bilen guran Sapargeldi Annasähediň özüdi.
-
sawyer
12 years ago
- Men Sapargeldi aga «Müň bir gijedäki» goşgulary ezberlik bilen terjime edendigini, olaryň gadymy tilsimde ýazylan şygyrlaryň nusgalyk terjimesi derejesine ýetirilendigini aýdanymda: «Hä, seniň gözüňe ilipdir-ow» diýip hoşal bolupdy.
«Müň bir gije» baradaky şu işimi taýynlaýarkam, men Sapargeldi aganyň terjime eden şol goşgularyny sanap çykdym. 1100 setir. Az-küç däl ekeni. Özbaşdak şygyr kitabynyň möçberi. Onda-da kyssawy tekstiň içinde mana baglanşyp gelýän çylşyrymly klassiki tilsimdäki şygyrlar.
-
sawyer
12 years ago
- 1978-nji ýylda gowy bezegler bilen, daşy gaty sahaply, 604 sahypalyk möçberdäki «Müň bir gije» kitabynyň çapdan çykmagy terjime edebiýatymyz üçin uly baýramçylyk bolupdy.
Baryp-ha, otuz ýyl gowrak ýyl mundan ozal çap edilen «Müň bir gijäniň» terjimesiniň azaply taraplarynyň kän bolandygyny, rusça terjime edilen 8 tomluk «Müň bir gijeden» bary-ýogy bir kitap möçberi saýlap almakda, haýsy ertekilere «gol ýapylsa» gowudygy barada köp oýlanyşylandygyny Sapargeldi aga birin-birin gürrüň berdi: «Şonda Bäşim Ata 8 tomy hem terjime etdirilen bolsa, gör, nähili gowy bolardy. Indi bolsa: «terjime ediň» diýlende-de, Bäşim Ata ýok. Hany onuň ýaly terjimeçi?!» diýip Bäşim aga belent sarpa goýýandygyny aýdypdy. «Onuň terjimä kynlyk berýän baş berýän, gahrymanlaryň özara derejeli gatnaşyklaryny aňladýan, yşk-söýgüli pursatlary sypatlandyrýan sözleri jüpüne düşürip, şirelilik bilen terjime edişine haýranlar galaýmaly!» diýdi. Soňra terjimäniň redaktory: «Eli gül» Rejep Allanazaryň hem «Müň bir gijäniň» türkmen eseri derejesine ýetmeginde goşandy az däl» diýdi.
-
sawyer
12 years ago
- Hawa, günleri-aýlary tirkäp, wagt kerweni ötip dur. Ol kerwen bilen iş bitirip, il içre adygan adamlar hem, gynansakda, gidip barýarlar. Nätjek! «Baky gelen barmy eýsem?!».
«Müň bir gijäni» milli eserimiz derejesine ýetiren Bäşim Atadyr Sapargeldi Annasähet Iner ogly babatda-da şeýle.
Ýöne olaryň bitiren bu işi gaýta-gaýta neşir edilip, müňlerçe gije-gündiz türkmen kitaphanalarynyň halap okaýan kitaplarynyň biri bolmagynda galar.
Sebäbi bu eser tüýs türkmen ruhy siňdirilen, kalbymyza ýakyn öz «Müň bir gijämiz».
-
sawyer
12 years ago
- Ýurdumyzy häzirki zaman derejesindäki ösen edebiýatly etmek babatda yzygider aladalanýan merhemetli Prezidentimiziň «Dünýä edebiýaty» atly göwrümli žurnaly çykarmak baradaky görkezmesi diňe bir milli edebiýata däl, eýsem dünýä edebiýatyna ýapylan uly serpaý boldy.
Şeýle žurnal çykyp başlasa, älem içre adygan «Müň bir gije» kibi eserleriň ýüzlerçesi terjime edilip, okyjylarymyza gowşar. Öz edebiýatymyzyň iň oňat nusgalarynyň bolsa daşary ýurtlaryň dillerine geçirmek, dünýä ýaýylmagyna ýardam eder.
-
sawyer
12 years ago
- Makalanyň awtory: Hemra Şirow, ýazyjy.
Çeşme: «Türkmen dili» gazeti, 2011-nji ýylyň 19-njy ýanwary.
-
sawyer
12 years ago
essalamyaleýki sawyer dost hoş gördük!!!
1merdan | 2012-06-16 04:03:24
Waleýkimessalam, merdan dost! Menem sizi görenime örän şat! Gowumy ýagdaýlaryňyz?
gelenime görä, boş gelmäýin, elim "sowgatlyja" geleýin diýdim. :) Makalany haladyňmy? Pikirleriňi diňläp bilerismi, dost?
-
sawyer
12 years ago
- Agzalara käbir soraglar:
1. Terjimeçi Başim Ataýewi tanaýadyňyzmy?
2. Terjimeçi, ýazyjy Sapargeldi Annasähedowy tanaýadyňyzmy?
3. "Müň bir gije" (arap ertekileri) kitabyny okap görüpmidiňiz?
4. Ýazyjy Hemra Şirowy bir tanaýaňyzmy? Haýsy eserini okapdyňyz?
-
ahmetjan18
12 years ago
- hemra shirowyñ cagalar üçin niyetlenen eserlerini bir wagtlar okapdym
-
nfs4001
12 years ago
- "müň bir gije" ertekilerni kicirakkam enem gurrun bererdi, gyzyklydy showagtlar, hazir bashga zatlar gyzyklandyrya dogrysy
-
Yegen
12 years ago
- Gyzykly maglumatlaryn uçin kop sag bol Sawyer "Mun bir gije" kitabyny on okuwçykam kan okapdym. Gaty ussatlyk bilen terjime edilipdir. Olary bize yetiren Bashim Atayew, goshgularyny nagyshlanam Sapargeldi Annasahedow diysenizlan. Dogrusy ol ertekiler gaty çeper yazylan ertekiler. Gyzyklysyna has gyzyklam welin ondaky gurrun berilyan wakalar içi-içi sepleship gidip otyr. Ertekide bir zady gurrun berse, onunam içine girip yene bir taze wakalary açyp gidip otyr. Bu kitap yatkeshlik ukybyny osdurmagede has ukyply. Sebabi ondaky bolyan wakalara dushunjek bolsan yatkeshligi talap edyar, "mun bir gije" ol ayratyn bir dunyani açyp gorkezyar. Bizin neshiryatçylarymyz ol kitaby tazeden neshir edip satuwa çykarsalar, gaty gowy ish bitirdikleri bolardy. Hemra Shirowy tanayan, çagalar yazyjysy bolmaly
-
1merdan
12 years ago
- arada bir agza bilen edipdik şu terjime sungaty hakda gürrüň, aslynda "müň bir gijäni" terjime etmek adaty eserlerdenem gaty kyn bolaýmasa diýýän, sebäbi ol bir halkyň milli buýsanjy (araplaryň) bolyp durýar, men dogrusy Bäşim ataýew terjime edenini bilýädim, emma goşgularyny Sapargeldi Annasähedowyň edenine ünüs bermändirin (bul meň üçin gowy maglumat boldy)
«Müň bir gije» baradaky şu işimi taýynlaýarkam, men Sapargeldi aganyň terjime eden şol goşgularyny sanap çykdym. 1100 setir. Az-küç däl ekeni. Özbaşdak şygyr kitabynyň möçberi. Onda-da kyssawy tekstiň içinde mana baglanşyp gelýän çylşyrymly klassiki tilsimdäki şygyrlar.
gyzykly maglumat
-
1merdan
12 years ago
- hemra şirow diýlende, bir zat ýadyma düşýär, meniň ilkinji kitap satyn alşym, unwermagdan ady "saýlanan eserler" bolmalydy şu günki ýaly ýadymda. tormuzsyz tigiriň gezmäge gidişi, kelje batyr, w.şm lary gaýta gaýta okardym.... hany ýatkeşligimi barlap göreýin şeýle setirler bardy bir goşguda:
ýorganyna kömür diýirsiň,
ýuwulmandyr ömür diýirsiň.
ýassygynda ýok ýataýjak,
kirden ýaňa kelle taýjak:-)
..ilkinji okan kitabymdaky setirler 4 nji klas wagtym şol döwür 80 köpüge satyn aldym:-)
-
1merdan
12 years ago
Hawa, günleri-aýlary tirkäp, wagt kerweni ötip dur. Ol kerwen bilen iş bitirip, il içre adygan adamlar hem, gynansakda, gidip barýarlar. Nätjek! «Baky gelen barmy eýsem?!».
gaty dogry, özümem poeziýada kerim gurbannepesow bilen, atamyrat atabaýewiň terjimelerini gaty gowy görýän,
-
Abadan
12 years ago
- 4,5 ýyl mundan ön men okapdym "mún bir gije "kitaby. Bizde bar so kitap,yöne basy 160 sahypadan baslayar,ònuni øn name edenlerini bilemok. terjimesinen kimin edenini bilemokdxm. Kitapda "dalili kempir we .."yzy yadyma dùsenok,so hekayany gowy. Yöne bu wagta doly yadymada dusenok hekayalary,name hakda gidyani. Yøne patysan haremhany d.p köp azalan "haremhana"sözune su wagtam dusunemok
dogrysy.
Hemra $irow yazyjynam tapmacalar d.p cagalar un kitapcasxny okapdym.
sawyer 12 years ago- Özara düşünişip bilmekden ötri, ylmy açyşlar, çeper döredijiligiň «datly miweleri» durmuşyň ummasyz köp ugurlaryndan edilen bähbitli gözleglerdir. Bulary nädip özüňe elýeterli etmeli?
Ine şeýle mesele, uly bolsun, kiçi bolsun, islendik halk üçin iň bir wajyp meseleleriň biridir. Her bir halk ähli babatlarda dünýädäki üstünlikli gözlegleri öwrenip, durmuşyny has gözel, has amatly, has gyzykly etmek, ruhy dünýäsini baýlaşdyrmak, döwür bilen aýakdaş gopmak, şeýle hem, öz eden beýik işlerinide äleme ýaýyp, pähimli, derejeli halkdygyny äşgär etmek isleýär. Diýmek bu iki-taraplaýyn bähbitli iş. Bu işi bolsa diňe terjimeçileriň kömegi bilen amala aşyrmak mümkin.
Başyny resmileç diller bilen başlan bu makalamyzda maksadymyz terjimeçilik işiniň inçe taraplarynyň köpdügi, olaryň taýynlanylyşy baradaky çuňňur ähmiýetli meseleleriň häzirki döwürde hem öz wajyplygyny asla ýitirmändigini ýaňzytmak bilen, esasan çeper edebiýatyň, onda-da ýekeje kitabyň terjime ediliş ahwaly barada öz bilýänimizi beýan etmek.