neçün seni hiç unudyp bilemok, bu gursagy paralaplar gitseň-de?! neçün ýene bagyşlanýaň ýürekde, özge yşklaň gapysyny itseň-de?! neçün seni hiç unudyp bilemok, gör, näçe gezekler etsem-de ähti. ah, näme üçin düýşlem sensiz gelenok, sensiz açylanok täleýiň şähdi?! neçün seni hiç unudyp bilemok, gör, kineler ýol salsa-da ömürden. gursagymda umyt bolup ýaşap ýör, sen ýylgyryp çykjak ýaly öňümden. neçün seni hiç unudyp bilemok, tutuş dünýäm gözleriňde doňan deý. bu ýüregiň urgusyna dönüpler, senli dünýä bar barlygym siňen deý. neçün seni hiç unudyp bilemok, bilsem-de ýaňadan dolanmajagyň. hem nämüçin şindem ynanyp ýörün, meňkidigne seň sähra deý gujagyň.

Köneler, Friendship tarapyndan 11 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir