Salam Talypcomçylar! Men shu gün size el telefonlarda opera mini-lerde nädip bellik depderçesini orsça operalarda bolsa zakladkalary nähili ulanyshyny düshündirmekçi. Elbetde, internetiñ ösmegi netijesinde täze gelýänlerem az däl, olaram öñünden öwrenip gelenok, kem-kem özleri gelip özleshdirýärler. Indi men size türkmen opera mini-leriñ 6-lyk wersiýalarynda bellikler orsça zametka diyen funksiyany dushundirmekçi. Men türkmençesini düshündireýin, orsçasynada özüñiz düshünersiñizda, ikisem deñ. 1) Ilki bilen operada menýu-ny basyñ, funksiýalar çykansoñ bellikler diýen sahypa giriñ. 2) Sahypa açylansoñ ýene menýu-ny basyñ dolandyr diýen ýazga basmaly, onsoñ 3 sany ýazgy çykarar. Shonuñam iñ ashaky täze bukja diýennede bir gezek basyñ, size telefonyñyzyñ zametkasy ýaly ýazgy ýazgy ýazylýan sahypa açar. Ýazyberiñ shoña kelläñize gelen zady. Isle hekaýa, isle goshgy ýada bellijek bolsun. Umuman ol saña bellik depderçäñ bolup hyzmat edýär. 3) Indi siz ýazgyny doly taýyn edip bolanyñyzda, birje gezek ok basyñ, bolany. Eýýäm siziñ ýazgyñyz taýyn. 4) Siz ol ýazgyñyza täzeden duzedish girizmekçi bolsañyz, onda ýazgyñyza baryñda dolandyr diýen, has takygy menýu ýazga basyñ. 3 sany ýazgy çykarar. Shonuñam ortaky üýtget diýen ýazgysyna giriñde özleshdiriberiñ. Soñam ok basyñda, gapdaldaky sakla diýenede bir gezek basyñ, bolany. 5) Hemmesi taýyn bolansoñ biz muny kopiýalamak üçin näme etmeli. Ýazgyñyzyñ deñine geliñde üýtget diýen ýazga basyñ. Soñam 1-birlik knopka basyp göçür diýeni saýlañ, ol eýýäm siziñ ýazgyñyzy dolulygyna göçürip alýär. Ondan soñ ýazan temañyzy ýada teswiriñizi haýsy saýta, mowzuga goýjak bolsañyz getiriñde goýaýyñ. Men ýönekeý etmeli detallaryna çenli düshündirdim öýdýän. Düshünmeseñiz ýene sorap bilersiñiz, bilenimden kömek edeýin. Ýada ýokarky ýazgylara gowja üns berseñiz dolulygyna düshünersiñiz. Hökman ýazgy däl, smaýlikleriñ linkinem belliklere belläp bilersiñiz. Sebäbi siz tekstiñize smaýlik goýjak bolanyñyzda kynçylyk çekmez ýaly, gönümel belliklerden alyp kopi-past edäýmeli. Bir boshrak günüm nesip bolsa, smaýlikleriñem birgiden linklerini ýazjak tema bilen, siz ol linkleri belliklere kopiýalarsyñyz. Ilki shuny öwreniñ, bilmeýänler bar bolsa. Bu köpüñize peýdasy deger diýip umyt edýän. Esasanam s40 we s60 telefon ulanýanlara gerek bu tema. Android, smartfon ulanýanlar bilýändir muny, sebabi olaryñ öz telefon zametkasyndanam kopi-past edip bolýar, olarda bar ýörite bu funksiýa. Ýada kompýuter ulanýanlar word-da kopiýalaýshy ýaly bularam sheýdip kopiýalaýmaly. Wiý, ýene bir zat ýadyma düshdi, onam aýdyp galaýyn. Häzir ashakda ýazjak: Saklanan sahypalar Operañyzyñ menýusynda shu saklanan sahypalar diýen funksiýa hem hökman bolaýmaly. Bu funksiýa nähili ish bitirýär. Eger siz bir saýtyñ temasyny, ýazgysyny halan bolsañyz siz ol temany durshuna surat görnüshinde operañyza göçürip bilersiñiz. Munuñ üçin siz näme etmeli, bu gaty ýönekeý, serediñ meselem shu temany alalyñ: 1) Edil shu ýerden menýu basyñda operañyzda saklanan sahypalar diýen bölümine giriñ. Shu temañ linki iñ ýokarda birinji durandyr. Shoña baryñda sakla diýene ýada ok basyñ, bolany. Ol etýýäm shu temany durshuna suratyny alýär. Gerek wagty internet ishlemedik halatynda hem siz muna arkaýyn girip okap bilersiñiz. 2) Indi siz muny okamak üçin näme etmeli. Elbetde, ýene saklanan sahypalar diýen bölüme baryñ, siziñ göçürip alan temañyz ol ýerde durandyr. Üstüne baryp açmak diýen ýazga, soñam menýu basylýan funksiýa birki gezek basyñ. Eýýam ol tema açylar. Men köplenç göwnüme ýaran temalary sheýle usul bilen alyp galýan. Ýada sputnikleriñ kodlary gerek bolsa, täzeden interneta girjek bolman shol ýere bellik edip goýýan. Täzeden görjek bolsañam üstüne bir gezek bassañ internetam täzeden açýar ony. Umuman shu operalañ funksiýalaryna düshünseñ kompýuteriñ edýän ishlerine golaý ishleri ýerine ýetirip berýär. Kömegim degse bolýar, düshünensiñiz diýip umyt edýän!

Köneler, Yegen tarapyndan 11 years ago
    King001 11 years ago
  • Sag bol yzganttm dost gül ýaly ishleýär
    Yegen 11 years ago
  • IW, Parahatchylyk agzamyza naçe minnetdar bolsagam azdyr, gaty gowy komek etdi Turkmen halkyna! Yenede goshandy kop bolsun, komegni yetirip dursunda!
    Multyk 11 years ago
  • Dogry aytyañyz
Teswir ýazmak üçin Içeri gir

© talyplar.com 2007-den bäri diri