Dü­zü­min­de iň köp şe­ker muk­da­ry­ny sak­la­ýan mi­we üzüm­dir. 100 gram üzüm­de 16 gram şe­ker bar. * * * Or­ta­ça ag­ra­my 1400 gram bo­lan beý­ni­mi­ziň 90 gö­te­ri­mi suw­dur. * * * Yn­sa­nyň beý­ni ça­nak­la­ry­nyň ara­syn­da­ky oňur­ga-ýi­lik su­wuk­ly­gy her gü­nüň do­wa­myn­da 400 mil­li­litr­den 500 mil­li­lit­re çen­li tä­ze­le­nip dur­ýar. * * * Dün­ýä­dä­ki al­ty müň­den gow­rak di­liň mü­ňe go­la­ýy Hin­dis­ta­na de­giş­li­dir. * * * Iň­lis di­lin­de iň köp ula­nyl­ýan harp­lar şu­lar­dyr: e, t, i, n, s, we r. * * * Her mi­nut­da 10 dam­ja­jyk suw dam­dyr­ýan kran bir aýyň do­wa­myn­da 170 litr su­wy is­rip edip bil­ýär. * * * Agyr at­le­ti­ka bi­len meş­gul­lan­ýan wag­ty­ňyz adat­ça harç­la­ýan kis­lo­ro­dy­ňy­zyň muk­da­ry se­kiz es­sä çen­li ar­typ bil­ýär. * * * Ada­myň öw­ren­ýän, bil­ýän zat­la­ry­nyň 83 gö­te­ri­mi gör­me­giň, 11 gö­te­ri­mi eşit­me­giň, 3,5 gö­te­ri­mi ys­ga­ma­gyň, 1,5 gö­te­ri­mi el­le­me­giň, 1 gö­te­ri­mi bol­sa dat­ma­gyň ne­ti­je­sin­de ama­la aş­ýar. * * * Iň­lis­le­riň or­ta­ça 40,2 gö­te­ri­mi, tu­tuş dün­ýä ila­ty­nyň bol­sa 6 gö­te­ri­mi äý­nek da­kyn­ýar. * * * Gar­ga­lar or­ta­ça 120 ýyl ýa­şa­ýar­lar. * * * Dün­ýä­dä­ki süý­ji suw gor­la­ry­nyň dört­den üç bö­le­gi An­tark­ti­da de­giş­li­dir. * * * Dün­ýä bo­ýun­ça aw­tou­lagyň sa­ny yn­san sa­nyn­dan has tiz art­ýar. * * * Rus­si­ýa­da ýa­şap ge­çen Wa­sil­ýew 75 ýa­şy­na bar­ýan­ça (1782-nji ýyl), onuň ça­ga­la­ry­nyň sa­ny 83-e ýe­tip­dir. Ha­çan-da, ol dün­ýä­den öten­de, onuň ça­ga­la­ry­nyň sa­ny 87-ä ba­ra­bar bo­lup­dyr.

Köneler, sahett tarapyndan 12 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir