Hawwa.. meniñ bu beladan dynanyma eýýäm 9 ýyl-dagy bolupdyr. Men ol wagt mekdebi tamamlan ýyllarymdy. Ine bir günem içim gysýar diýip, arassa howadan dem almak niýet bilen daşaryk çykdym. Görsem bir tanyş oglanym Çary gelýärdi, ol menden 3 ýaş-dagy uludy. Meniñ bilen salamlaşyp şeýle diýdi: - ýör gowy ýerik gideli, men Çaryñ aýdan sözlerine düşünmän: - nirä gowy ýerik? diýip soradym. Olam: - aý barañsoñ görersiñdä diýdide çala ýylgyrdy. Men onuñ teklibine garşy bolubam durmadym, şeýdip men Çary bilen näbelli ýerik ugradym. Biz barmaly ýerimize bardyk, dogrusy men otaýyny kän-bir halamadym, sebäbi diýseñ köneräk, idegsiz ýatan jaýa meñzeýärdi. Biz içeri girdik, ol ýerde iki sany nätanyş adam otyrdy, men olary tanamadym. Biz salamlaşdyk, ol barmanada Çary jübüsinden bölejik eplenen kagyzy çykardyda olara berdi. Men ol zadyñ nämedigini bilemokdym, emma şol zady çekip başlansoñlar welin onuñ neşedigini bilip galdym. Soñra Çary meniñ hem ol zady çekip görmegimi teklip etdi, men oña garşy boldym ýöne: - alhow, bir gezek çekeniñ bilen hiç zat bolmaz diýdide, maña neşäni uzatdy. şeýdip menem olara goşuldum. Soñra men öýe tarap ugradym, ýañky neşäñ keýpinemi nämemi? öýe nädip gelenimi hem bilmedim. Ol gün meñ üçin diýseñ gowy geçipdi, hamana täzeden dünýä inen ýalydym. Ertesi, men ol zady küýsedim, şeýdip neşä bolan höwesim artdy. Men näme etjegimi bilmäm Çarylara tarap ugradym we ondan ýene düýnki ýaly zat tapyp bermegini soradym. Ol şeýlehem etdi, bir günem ol maña: - eger ýene gerek bolsa, pul tapmagymy sorady. Men eýýäm neşäni öwrenipdim, men onsuz ýaşamajak ýalydym. Ilki men enem-atamdan pul sorapdym, ýöne olaram soña-baka pul bermesini kesdiler. Men näme etjegimi bilmän öýden zat ogurlap satyp başladym. şeýlelikde öýdäkiler meniñ neşe edýändigimi bildiler, öýe gelsem ejem: - oglum saña näme boldy, kimden öwrendiñ bu zatlary diýdide, onuñ gözlerinden ýaş damjalary gaçdy. Ine men şonda, 18 ýaşymyñ içinde gözlerinden heniz ýaş akmadyk käbämiñ aglanyny gördüm. Meniñ ol zady goýmagym üçin enem-atamyñ ýüz tutmadyk adamlary ýokdy, meni doktara, molla, tebibe alyp gitdiler, emma netijesi ýok. Meniñem şol haram zady goýmak isleýädim, ýöne nädip goýmaly? Onsuz maña kyndy, bir zadym kem ýalydy, ýöne nämede bolsa, hatda janym çykýanam bolsa men ol haram zatlardan dynmak isledim. Ine şeýdibem, men onsuz bir, iki, üç günläp diýen ýaly özimi saklamana çalyşdym. şeýdip özime bolan erkim, ynamym neşä bolan ýigrenjim bilen, men ondan üstün çykdym, özimiñ gül ýaljak ýaş ömrümi küle öwürdüm diýip, birdenem tursam düşüm ekenlaý:-)
Neşe...
-
idealman92
12 years ago
- bildimlay sheyle bolgusyzja sonunyn bardygyny)))
berekella,chary dostun hakykatda bar bolsa gacha duraweri,malo li chto
-
vipboy
12 years ago
- idealjon bizem yash wagty chekyadige:d
-
Shamahyly
12 years ago
- Nätdiňä muny? Neşeden daşda bolmagyňy maslahat berýän!!!
-
Karat
12 years ago
- Diysen gowy yazylypdyr
birdenem
tursam düşüm ekenlaý
yone bellemeli zat, bu zatlar hakykata gaty menzeya we 100 adamdan birem ozune yokardaky yaly erk edip bilmedi. Gaty kop eneler göz yash dokdi we kop sanly atalar cykalga tapman oz cagalaryny meyletin turma berdiler. Ba$gala bir atan care tapman danyp ya'da oyunde re$otkadan kapasa yasap saklanyny bolsa gorenleriniz az daldir. Hemmesinin gecdigi bolsun. Yene bir zat 10-20 yyl onki yetginjeklerin 70%-inin neshekesh bolanlygy hakykatdyr.
Cekilen hupbatlar bolsa duy$ yaly yatdan cykmady. Olar ak sacly ene'atalan, gelinlen we görguli cagalan yureginde ömurlik yatlama bolar we geljek nesil beyle yalny$lygy gaytalamaz diyip umyt edyan.
-
betyigit
12 years ago
- hormatly prezidentimize shul zady kesenine oluncham alkysh okajak.neche enelering gara sachlary agardy,intak olmeli dal eneler oldi,atalar dashyna chykaryp bilman ichinde gaty doredip olduler.ozleri bolsa sholaryn olenine begendiler,indi kellami agyrtjak adam yok diyip.nahili yagdayly adamlang oyuni pozdular,yolda gezip yoren geday edip tashladylar.ozum shayat bolup gordum sholar yalylara.
-
Yzganttm
12 years ago
- Howwala dogry aýtýañyz ne$e barada aýdara köple ol haramdan indi saklanýalar hudaýa $ükür!!!
Sagbol dogan ýene ýetirip dur $ular ýalak gyzyklyja düý$leriñden...
vipboy 12 years ago- bah gowy dush gorupsine :d