Hz. Pygamberimiz sallallahy aleýhi wesellem: “Aýallar bilen salyhatly gatnaşykda boluň, sabyrly hereket ediň, çünki aýal gapyrga süňkünden ýaradylandyr. Bu süňk egridir. Ony düzeltmäge çalyşsaň, döwersiň, öz erkine goýberseň-de şol egriligine galar”. “Ymmatyma kynçylyk bolmajagyny bilsedim, onda olara her namazda miswak ulanmakylyryny emir ederdim”. “Sizden biri erbetlige duş gelen wagty ony eli bilen gaýtarsyn. Oňa güýji ýetmese, dili bilen onuň erbetdigini aýtsyn. Muňa-da güýji ýetmese, ýürekden ol işi, ýagdaýy ýigrensin. Munuň soňkusy imanyň iň pes derejesidir”. “Ýadynda Kurandan hiç hili aýat bolmadyk bir kişi haraba dönen bir öý kimindir”. “Kuranyň haram eden zatlaryny halal hasaplan kişiniň Kurana ynanmadygydyr”. “Kurandan bir harp okan birisi bir hasene (ýagşylyk) gazanar. Onuň ol ýagşylygyna bolsa on esse sogap berler...”. “Allah Tagala gürrüňsiz bu Kuran bilen (amal edýän we okaýan) kowumlary beýgelder. Onuň bilen amal etmeýänleri we ony okamaýanlary bolsa peselder.” “Kimde kim Kurany okasa we ýat tutsa, Onuň halal eden zatlaryny halal, haram edenini-de haram kabul etse, Allah Tagala ol kişini jennete alar. Aýratyn hem ýakynlaryndan jähenneme girjek bolan on kişä şepagat etme haky berler”.

Köneler, muzazzi tarapyndan 12 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir