Siziň ýurdyňyzda iki zat ösýän däldir: Koffýa hem Demokratiýa. Olary biz daşary ýurtdan getirýäris. Dagy nätjek? Bizde koffýa gögerenok-bolany!.. Bu ýerde oňa ne howa. Ne suw. Ne toprak, garaz hiç zat ýaramly däl. Şonuň üçinem biz oňa elimizi salgadyk. Demokratiýa gezek gelende bolsa welin, başgaça, biz şonyň ösmegi üçin burnymyz bilen ýer sürip, depämiz bilen daş döwmäge razy.
Koffýa we demokratiýa
-
1merdan
12 years ago
- bu bir hekaýa oglanlar
-
YaSwami
12 years ago
- demo sözüni halamokda :),ýone bizde demo sözde gaty oňat söz bar,adalatlyk,biziň demokratiýa bolmazllygymyza has dogrysy adalatlyk bolmazlygymyza gaty kän faktorlar rol oýnaýar,halk bütunligi,din butunligi,sowatlykyk,jemagat gatnaşyklary,imanlylyk,bu alamatlar ýok bolsa şol güýç bilen saklanýan ýurtlardan bolup durýasda !
-
URGENCLI
12 years ago
- EZIZ NESINIŇ syýasatyň üstünden gülüp yazan täsirli hekayalary başga-da kop, belki 1merdan dostumyz yene-de dowam eder.
sagbol 1merdan
-
sahett
12 years ago
- bah....no comment...
-
jumanji
12 years ago
- kofe biziñ obamyzda ekilýär,özlerine bolar ýaly.
Eziz nesiniñ ömri-döredijiligni okap göresim gelýär.1merdan link beräýdä,öñùnden sps!
-
Kamilligetarap
12 years ago
- hmmbehh.gowuy tema. Hakykatdanam gowu tema. Demokratiya un dostlar ynsap gerek ynsap.(we yen bir zady bellasim gelyar dostlar 'alemdarow'yng hool temasyndaky yaly 'populer' bolmaklyy islemek, yagny halk icinde ozungi sylatjak bolmaklyk,sengkini yanyngdakylar goterip gezmeklik,sanga yaranjanglyk etmegi islemeklik (shahsiyet kulty) bn demokratiki duzgunde yashamaklyk ikisi bir yere sygyshmayan zatdyr!) we yenede , name bolup dur? Kim gunakar? Name etmeli? Diyen 3 soraga 'yzgiderlilikde' 'dogry' jogap tapyp bilsek yokardaky (temadaky) demokratiya meselesini cozup bileris.
-
URGENCLI
12 years ago
- turkmenlerde demokratiya öňlerem bolupdyr. käbir mysallar: gowşudyň han saylanmagy,gökdepe urşundaky halk maslahatlary.....
umuman gadymy däbimiz bolan halk maslahaty demokratiyadan nyşandyr
-
URGENCLI
12 years ago
- turkmenlerde demokratiya öňlerem bolupdyr. käbir mysallar: gowşudyň han saylanmagy,gökdepe urşundaky halk maslahatlary.....
umuman gadymy däbimiz bolan halk maslahaty demokratiyadan nyşandyr
1merdan 12 years ago- Taryh bolsa: “Ýüz ýyla golaý mundan öň siziň topragyňyza demokratiýanyň tohymy atyldy” diýip seslenýär. Biz şondan bärem, näme edýändir öýdýäňiz?
Gygyrýas: “Biziň demokratiýamyzyň şinesi!.. Biziň ýaş demokratiýamyz!..
Bar güýjümizi edip ösdürmäge dyrjaşýarys, onyň bolsa göwni bir ýaly, şol şineligi. Ah eger-de biz şu derdimizi koffýa öndermäge gönükdüren bolsadyk, onda walla, biziň koffýamyz jeňňel bolyp giderdi.
Başda kelle bilen pikir edilmelidi. Ýok beýle edilmedi. Ur tut demokratiýa ekilip ekip başlanyldy! Ine-de gerek bolsa netijesi! Beýle demokratiýa biziň nämämize gerek diýsene! Onsuz näme erbetmi? Hany sen koffýasyz ýaşajak bolyp görda? Ony hiç zat bilen çalşyp bolanok. Ýekeje pyýala koffýa içme, kelläň özüňki däl ýalydyr. Aýlanyp durandyr. A Demokratiýa? Ol boldam bir bolmadam, onsaň ol demokratiýa biziň nämämize derkar. Şeýlede ol bizde dolyp ýatyr. Mugut zat. Oňa pul tölejek aladaň ýok, şonuň üçinem nirä barsaň demokratiýanyň gürrüňi.
A koffýa başga mesele? Üsti gyrlyşyk-özem puljagazyňy tňlemeli.
Ýaramaz ýeri, biz koffýa öwrenipdiris, biz onsyz oňyp bilemizok ahyry. Bize koffýanyň iň uly hünärmenleri hem diýse boljak. Haýsy koffýa ýaramaz, haýsy koffýa gowy, haýsy garyndyly, haýsy garyndysyz islän adamyňdan sora, jogabyňyň nagtdyr.
Bize emeli koffýa sokjak bolýan haýyr-yhsançylaram tapyldy. Ilki arpa suwyny oýlap tapdylar- bolmady, soň nohut şerbetini-olam bolmady, indi noýba içgisinden gandyrjak bolýarlar, a biz olara: “Ýok sagja bolyň “ –diýdik. Hiç bir zatdan başymyz çykmasada, koffýany saýlamagy başarýarys. Ähli zady sokga sorýarys- ýöne emeli koffýany welin kes-kelläm- hiç mahal içemizok!...
Egerde demokratiýadanam koffýadan baş çykaryşymyz ýaly baş çykarýan bolsadyk, onda......
(Eziz Nesin) türk ýazyjysy