Bazardan gelýärin. Elimde sebet, Sebedimiň içi – pamidor, kelem, Kartoşka, badamjan.. Duralga çenli Gurady aýaklam – Guruşdy ellem. Şonda-da dyrjaşyp bar güýjim bilen Bazardan çykýan-da duralga ýetýän. Duralgaň öň ýanda – kijijik dukan, Kiçijigem bolsa – içinde et kän. Ondanam bir budy sebede atýan… Awtobusa münýän. Sagynýan sakga. Keýwany “bir düzüm gyzyl burç getir!” Diýipdi ahbetin. – Haý, şofýor, sakla! Awtobusy sakla! – Näme, ýaşuly? - Aý, neme… gyzyl burç çykypdyr ýatdan… Näme diýýänimi aňşyrmasa-da, Gowy ýigit eken. Geçdi-de ýapdan, Maşyny togtatdy. Açyldy işik, Menem derrew bökdüm. Aslyşdy sebet. Bir aýal yzymdan gygyryp galdy: “Bu şlýapaň bolup ýörşüne seret! Bir gün unaşyňy burçsyz içeňde Geçmez öýtdüňmi sen bokurdagyňdan?!” Awtobusyň içi sarsdy-da gitdi Burç söýmez adamlaň pykyrdysyndan. Menem hüňňürdedim: “Gülüpler geçiň, Öýe gyzyl burçsyz barmajagym hak. Keýwanyň buýrygy – meň üçin kanun: Burç getir diýdimi – burç alyp barjak, Zäk getir diýdimi – zäk alyp barjak, Ol meniň öz işim. Size bagly däl. Onsoň men siziň äriňiz ýaly, Ýa oglyňyz ýaly ejemogly däl!…” Şeýdip öz-özüme teselle berip, Bazaryň çetinden ätledim ýene. Şeýle bir burçlar bar, köz ýaly burçlar! - Essalawmaleýkim, burç satýan ene! Burçyňyz ajymy? – Datdajyk göräý. Edil zirk ýalydyr.- Sagja bol, mama. Ozalam ot ýaly agzymyň içi. Keýwanyňkam ýetik. Wah, seňki näme! … Kelemli, käşirli, soganly, burçly Bir putluk sebede kertdirip elim, Bazardan saýlandym, giň köçä çykdym. Köçe durşy bile gyz bilen gelin. Garşymdan gyssanyp bir ýigit gelýär Garagyýçak ýigit, dogumly ýigit. Bir maralyň ýanna howlygyp barýar Gujagy bir harman bägülli ýigit. Şeýe bir, şeýe bir gyssanýar ýigit, Onda-da şeýebir gyssanyp gelýär. Göýä bägülüne bakýanlardanam Bägülüniň ysyn gysganyp gelýär. Wah, nämä gyssanýaň, bägülli ýigit? Wah, beýle gyssanmak nämäňe gerek? Ýa-da eliňdäki bägüle derek Sebediňi kartoşkadan dolduryp, Gyzyl burçdan (we başgadan) dolduryp Gitmeli günüňe gyssanýarmyň sen? Wah, nämä gyssanýaň, Bägülli ýigit? Cheshme.E-mekdep.com
Bagulli yigit (Kerim Gurbannepesow)
-
Turkmenboytm
12 years ago
- Köp köp sag bol !
-
makgush
12 years ago
- Keýwanyň buýrygy – meň üçin
kanun:
gowja setirler eken:-)
sagboluñ ýetireniñe, gyzykly goshgy, kerim agañ her-bir goshgularyny gyzyla gaplaýmaly.
-
sahett
12 years ago
- Kerim aga neme ozuni gaty pese dusuryanle dogry bu sizin doredijiliginiz yone bir az erkegi hakykatdanam ayalynyn guly yaly edipsizniz...gosgyny okayan her ynsan ol gosgydaky gahrymana menzejek bolyar...dogry miwesiz agaja das zynylmayar..yone,bu gosgynyz.......
-
Shahyrjyk
12 years ago
- Gowy gosgy sag bol yetirenin u.n!
Sahett name diyjek boldun, gonilesene...
-
sahett
12 years ago
gowy gosgy sag bol yetirenin u.n!
sahett name diyjek boldun, gonilesene...
shahyrjyk | 2012-04-02 02:06:28
dusunmez yaly zat aydamok sahyrjyk...
nlo 12 years ago- gaty gyzykly sag bol yene şular yaly goşgudan yetirip durun