(Hekaýa) Meniň atam bardy, atamyňam tabydy. Onuň haçan, nähili sebäplere görä tabyt ýasadanyny bilemok, ýöne men atamyň tabydynyň bardygyny bilýärdim. Tut agajyndan ýasalan şol berdaşly tabyt biziň ýerzeminimizde saklanýardy. Gijeler beýlede dursun, hatda gündiziň günortanlary hem ýerzemine girmek miýesser gelende, ýok zatlar ýadyma düşüp, depe saçym üýşýärdi. Iň beteri hem, ol tabyt mende adamyň kellesine gelip biljek iç ýürekgysdyryjy, iň bir tukat pikirleri oýarýardy. Şäheriň giden bir raýonynda bizden başga hiç kimde tabyt bolmansoň, onuň hyrydaram kändi. Kä günler ikiläp-üçläp hyrydar tapylýardy. Özümiziň saklap ýören şu geň emlägimize men ne begenjegimi bilýärdim, ne-de gynanjagymy. Tabydyň hyrydarlary zol gapymyzy kakyp duransoňlar, men “adamlar diňe ölýärler- ow” diýip pikir edýärdim. Şol tabyt howlymyzda peýda bolandan soň, atam bilen kakamyň arasynda ownukly-irili çaknyşmalar döräp başlady. - Kaka, sogap gazanmaga başga ýol ýokmudy? - diýip, kakam atamyň göwnüne degmez ýaly, seresabrak äheň bilen aýdardy. - Ýerimiz darlyk edenok, oglum! - diýip, atam sakgalyny sypalardy. - Ýolda-yzda oňa büdrejek gümanyň ýok. Ol ýerzeminde. - Ol-a şeýle welin... - Ýeri, weliniň näme?... - Howluda tabyt bolansoň, bu gün-erte ajal gelip ýakaňdan tutaýjak ýaly bolup dur... Atam şundan soň myssaja ýylgyrardy-da: - Gowy bor, oglum, gowy bor, käwagt ölüm hakynda pikir edäýmegem ýerliksiz bolmaz - diýerdi. - Onsoňam, özüň bilýäň, bu jelegaýda hiç kimde tabyt ýok ahyryn. Gürrüň şunda gutardy. Gapy bolsa şol kakylyp durandyr. Äkidilende üstüni ýukajyk tozan gatlagy basan tabydymyz gaýdyp gelende, ýuwlup-ardylyp, öz gögümtil reňki bilen enaýy öwüşgin berýärdi. Kakam ara wagt salyp, ýene atama igenerdi: - Kaka diýýän-ä, şu tabyt saklamagyň gowy niýetmi?
Tabyt
-
messibet
12 years ago
- Sagbol Karat. Men bilyanim su hekaya dordunji gezek goyulya. Nace okasanam tasirlendiriji.
-
Karat
12 years ago
sagbol karat. men
bilyanim su hekaya
dordunji gezek goyulya.
nace okasanam
tasirlendiriji.
messibet | 2012-03-27
13:43:00
bagyshla dost men birinji gezek okap barik gowja goremson geciraydim.
-
Kamilligetarap
12 years ago
- sagbol karat shu yere yazanyng un .koplere yetirening un . Menaa yazmaga yaltanyan .yogsam ong ''cykmadyk kitabym''(2) atly kitapda okapdym. G.ezizowyng hekayasy bolmaly. Oz durmushyndan naturalny yazan bolmagam mumkin.
-
konkretny
12 years ago
- Gowy
-
Yzganttm
12 years ago
- Sagbol karat dogan ýetireniñ üçin gowy eken!
-
Rahymtm
12 years ago
- gaty gowy karat !!!
-
Galtush
12 years ago
- Gowy ýazgy sagjabol karat.
-
Turkmenhanymy
12 years ago
- dogrudanam tasirlendiriji eken,yetirenin u/n sag bol karat dogan.
-
Turkmenhanymy
12 years ago
- dogrudanam tasirlendiriji eken,yetirenin u/n sag bol karat dogan.
-
Turkmenhanymy
12 years ago
- dogrudanam tasirlendiriji eken,yetirenin u/n sag bol karat dogan.
-
akylym1989
12 years ago
- birhili bolup gitdimdä okap, sag boluň paýlaşanyňyza
-
URGENCLI
12 years ago
- sagbol karat
-
nlo
12 years ago
- öran onat yazgy
Karat 12 years ago- - Gowy niýetmi, erbet
niýetmi, onçasyny özüň
bil. Ýöne adam diýeniň
sen isleseňem ölýändir,
islemeseňem. Il derdine
ýarajak şaýyň şumam
bolsa, saklamak erbet
däldir. Ine, men erte
ölerin. Şonda nädersiň? Iki
sany ýasy şalmanyň
üstünde ýuwup, şoňa
mündüribem ýola salaryn
diýjekmi?
Atamyň gaharynyň
gelenini bilip, kakam ýene
yzyna dolanardy.
Adamlar bolsa şol gelip
durandyr.
Wagtal-wagtal atam
tabydy howlynyň
ortasyna çykaryp,
sallançak bejeren ýaly,
onuň gowşan çüýlerini
berkiderdi, eger reňki
solupdyr diýip pikir etse,
alardy-da reňkläp
goýbererdi.
Şeýli söýgi bilen tabydy
bejerýän atama men
näme diýip näme
aýtjagymy bilemokdym:
“Onuň ähli duýgusy ölen
bolara çemeli” diýip, içimi
geplederdim.
Ýaz geçip tomus, tomus
geçip güýz geldi. Baglaryň
saralan ýapraklary ýere
şeýle bir göwünsiz
gaçýardy welin, göwnüňe
bolmasa, olar, iň
bolmanda, ölümiň öň
ýüzünde howada bir
salym saklanmaly diýýän
ýalydy.
Günleriň birinde kakam
pýan bolup gelip,
atamdan idinsiz tabydy
ýerzeminden çykardy-da,
ony palta bilen kül-
owram etdi:
- Kim saklasa, şol saklasyn.
Men indiden beýläk beýli
jeza çydam edip bilmen.
Penjireden seredip duran
atamyň gazaply sesi
gulagyma ildi:
- Haý, wenezzyna!
Ol şundan başga bir sözem
diýmedi-de, içini çekip,
aşak çökdi. Penjiräniň
aňyrsynda onuň nä
haldadygyny bilemok,
bilmänime-de şükür
edýärdim.
...Güýz paslynyň irginsiz
ýagşy ýaly, tabyt
gereklilerem şol gapyny
kakyp durýardylar.
“Tabyd-a ýokdur” diýen
jogaby eşidensoňlar, olar
ýagşyň astynda niräk
gitjeklerini bilmän,
aljyraňňy halda
maslahatlaşýardylar. “Aý,
bul-a bolmady” diýşip
zeýrenýärdiler.
Şeýle ýagdaýy görensoň,
atam ahmyrdan hem-de
gynançdan ýaňa müzzerip
galýardy, kakamyň
ýüzüne gazap bilen
seredýärdi-de, öz jaýyna
geçip gidýärdi.
Tiz wagtdan soň segsene
ser uran atamyň haly
ýaramazlaşyp ugrady.
Ýanyny mazaly ýere
beren atam täretinem
düşekde etmeli bolýardy.
Onuň indi galmajagyna
gözi ýetensoň, kakam
dogan-garyndaşlarymyza,
dost-ýarlarymyza habar
etdi: hoşlaşmakçy
bolsaňyz gijä galmaň!
Esasy geljek adamlar gelip
ýetişensoň, atam uzak
jepa çekmän jan berdi.
Pahyr agşamara jan
berensoň, ertir ir bilen
jaýlamaly diýen
maslahata gelindi. Ertirki
gopjak howsaladan hiç
kimiň habary bolmansoň,
kakam haýal etmän
atamyň doganyna -
ýaşulymyza tabydyň
ýoklugyny aýtmaly boldy.
Şuňa-da şükür.
Adamlar tabyt gözleginde
ikiýana urnup ugradylar.
Gijäniň ýaryna çenli
tabydy bolaýjak
adamlaryň hemmesiniň
gapysy kakyldy. Gidenem
iki elini burnuna sokup
gelýärdi. “Be, adamlar
hem meniň kakam ýaly
pikir edýän bolara çemeli:
şol şum zady bir
saklamaly. Gerek bolsa,
ilçilikdir, elbetde, tapylar”
diýýändirler diýip, men
içimi gepledýärdim.
Uly bir şäherde tabyt
ýokdy...
Ahyry daň saz berende, bir
ýagşy adam gapymyzyň
agzynda maşynyny
duruzdy-da, howla
gygyrdy:
- Birki sany adam çyksyn,
haw!
Howla reňki saralan,
çagşap giden tabydy
saldylar. Ilçilik-dä, şuňa-da
şükür!
Gün guşluk bolanda,
atamy tabyda mündürip
ýola düşdük.
Men öňem bu ýoldan
telim gezek geçipdim.
Emma ol hiç wagt şu
gezekki ýaly tagaşyksyz,
geň bolup görünmändi.
Elleriň üstünde jygyldap
barýan betgelşik tabytda
ýatan atam, göwnüme
bolmasa, häzir kellesini
galdyryp:
- Oglum, maňa çekiçdir
çüý, reňk getir, bu tabydy
päbrikden çykma edeli -
diýäýjek ýalydy.
...Adam soňky gezek
ynjamaz ýaly, tabytlar
berk bolmalydyr.
Gerek bolaýýar.
Ýeri : sowet edebiyat,
Gurbannazar Eziz