Nedir şa(1688-1747) XVIII asyrda Eýranda şalyk süren Nedir 1688-nji ýylda dünýä inýär. Ol gelip çykyşy boýunça türkmenleriň awşar taýpasynyň garakly tiresindendir. Nediriň ýaşlygy Abywert - Deregez (häzirki Kaka etrabynyň territoriýasyndaky serhet ýakasy) etraplarynda geçýär. 1711-nji ýylda kakasy Ymamguly han ýogalandan soň, Nedir kerwenleri talaýan garakçylara baştutanlyk edip başlaýar, şeýle hem ol Abywerdiň häkimi Babaly begiň hyzmatynda bolup, türkmenleri hem-de kürtleri özüne tabyn etmek üçin birnäçe harby ýörişler geçiripdir. Şeýlelikde, Nediriň şan-şöhraty kem-kemden giň gerim alyp ugraýar. 1723-nji ýylda Maşadyň häkimi Mälik Mahmydyň goşun serkerdesi bolansoň, Nediriň şöhraty has-da artyp, onuň ady bütin Horasana ýaýraýar. Nedir 1726-njy ýylda Tahmasp şanyň goşun serkerdesi hökmünde gulluga başlaýar. Ol öz bäsdeşlerini kem-kemden ýok edip, iň ynamdar, esasy serkerdä öwrülýär. 1732-nji ýylda Tahmasp şany tagtdan agdaryp, häkimligi öz eline alýar. Şondan soň1730-njy ýylda Mugan çöllüginde Nediri dabaraly ýagdaýda şa diýip yglan edip, başyna täç geýdirýärler. Şeýlelikde, Nedir şa zalymlygyny has-da güýçlendirip başlaýar. Sähel göwnüne ýaramadyk adamlary ýok etdirýär, hatda öz uly ogly Ryzaguly hanyň hem gözlerini oýdurýar. Nedir şa Kawkaza, Dagystana, Bagdada, Hyrada, Gandagara, Hindistana, Buhara, Hywa harby ýörişler geçirip, ägirt uly imperiýa döredýär. Nedir sanyň asly türkmen bolsa-da onuň türkmenler barada ýöreden syýasaty Eýranyň öňki şalarynyňkydan tapawutlanmandyr. Ol türkmenleri boýun egdirmek üçin olara örän rehimsizlik we zalymlyk bilen darapdyr. Şu ýagdaýlar bilen baglanyşykly Eýran taryhçysy Mürze Mehdi han Astrabady özüniň "Taryh-i-Nadiri" ("Nediriň taryhy") atly kitabynda türkmenlere dogabitdi, tebigy pitneçi, gozgalaňçy adamlar hökmünde nädogry baha beripdir. Nedir şa Horasan we Hywa türkmenleriniň üstüne telim gezek gandöküşikli harby ýörişleri geçiripdir. Ol ilkibada Abywert töwereklerindäki galalary basyp alýar. Ondan soň Nedir Mara tarap ugraýar, ýöne Tejen derýasyndan geçip bilmän, Sarahsa tarap sowulýar we ony eýeleýär. Sarahsy alandan soň, Duruna gelip, gozgalaň eden türkmenleri gyrgyna berýär. Soňra ýene-de Mara ýöriş edip, ol ýerdäki "tatarlaryň" (türkmenleriň bir tiresi) üstüne hüjüm edip, şäheri basyp alýar. Nedir şa Amyderýa boýunda ýaşaýan türkmenlere-de gün bermändir. Onuň Marydaky goşunlary Kalbaly hanyň baştutanlygynda Çärjew, Kerki türkmenleriniň üstüne çozup, olary gyryp, mal-garalaryny talapdyr. Şeýle-de bolsa, türkmenler Nedire boýun egmändirler, yzygiderli gozgalaň turzup durupdyrlar, salgydy hem doly tölemändirler. Halk arasynda ýaýran gürrüňlere görä, dag etek türkmenleriniň Nedir şanyň zulmuna garşy hereketlerine Keýmir kör ýolbaşçylyk edipdir. Keýmir kör özüniň örän akyllylygy, ugurtapyjylygy, batyrlygy, dilewarlygy bilen tapawutlanypdyr. Ol akyl-paýhasy bilen öz halkyny köp sanly pajygaly wakalardan, gyrgynçylykdan aman saklamagy başarypdyr. Şoňa görä-de, Keýmir kör hakyndaky rowaýatlar, gürrüňler halk arasynda biziň günlerimize çenli dowam edip gelýär. Nedir şa Hytaýy basyp almak üçin ýörişe taýýarlanyp ýörkä, dildüwşük netijesinde öz awşar garyndaşlary tarapyndan 1747-nji ýylyň iýun aýynda Maşadyň golaýynda öldürilýär. Netijede, Nedir şanyň şeýle gysga möhletde, çaltlyk bilen guran imperiýasy özi öldürilensoň, öňküsi ýaly çaltlyk bilen hem dargaýar. Çeşme: Türkmen hanlary we serdarlary. A.:Türkmenistan Ylymlar Akademiýasy "Ensiklopediýa" neşirýaty, 1992. Üns bereniñize minnetdar!
Nedir şa
-
Yegen
12 years ago
- Sag boluñ sizedem Turkmenntug!
Egerde arañyzda taryh bilen gyzyklanýanlaryñyz bar bolsa, shu saýtada göz aýlamagyñyzy maslahat berýärin! Saýtyñ ady gollanma.com örän gowy saýt, köp taryhy shahslar bilen tanshyp birersiñiz! Özümä käte girip okaýaryn bosh wagtym, sizem gyzyklansañyz!
-
turkmenntug
12 years ago
- hawa.menem dûyn öñünlikde (sawýer agañ salgysy bilen) baryp gördúm.gaty gowy ýer.tüweleme ,oglanlaryñ eli ýûzi dert görmesin.hemme zady ýerbe ýer eken!
-
Makestm
12 years ago
- Sagbol yegen dost yetirenin un
-
Multyk
12 years ago
- Ýegen sagja bol ýetirenñe
-
sawyer
12 years ago
hawa.menem dûyn öñünlikde (sawýer agañ salgysy bilen) baryp gördúm.gaty gowy ýer.tüweleme ,oglanlaryñ eli ýûzi dert görmesin.hemme zady ýerbe ýer eken!
turkmenntug | 2012-03-27 01:50:36
Gollanmanyň admini meniň dostum. Ol ertir-de hem agza. Adyny aýtmakdan saklanýaryn. Ol taryhy şahslary bolsa, şol ýazylan çeşmeden (kitapdan) başga bir dost oglan iş edinip ýazyp, gollanma.com-a hödürledi. Eger sizem bir zat ýazyp bilseňiz, gollanma.com-y has-da ulaltmak, giňeltmek we ösdürmek üçin gowy bolar. Peýdaňyz deger.
-
Yegen
12 years ago
- Sag boluñ Sawyer dost, gaty gowy ishler edýärsiñiz! Indi taryhy kitaplary tapmakda köplenç bökdençlik döreýär, köpüsihä ýitibem barýar. Ol saýty mundan beýlägem has hem baýlashdyrmagyñyzy arzuw edýän! Egerde men hem taryhy wakalary beýan edýän faktlara dushsam, hökman shahsyñyza ugradaryn. Özüñiz seljerip özleshdirersiñizda. Ishiñizde üstünlik arzuw edýän size!
turkmenntug 12 years ago- sag bol Ýegen daýy.
bize ýetireñe minnetdar!
Taryha hormat goýýan adam,ertir ücin özûne hormat gazanýan adamdyr!