1946-njy ýylyň başynda 10 muň çemesi goşgy setiri (iki ýüzden gowrak goşgy we iki poema) Magtygulynyňky hasap edilip Türkmenistanyň Golýazmalar fonduna kabul edildi. Olaryň ep-esli bölegi çap edildi. “Täze tapylan 10 müň setiriň, şol sanda “Türkmeniň” diýen goşgynyň Magtymgulynyňkydygyna biz şübhelenýäris. Biz şu makalada öz delillerimizi aýdýarys. Okyjylar (ylaýta-da, filologlar) pikirimizi goldarlar diýip umyt edýäris. Gürrüňi “Türkmeniň” diýen goşgudan býşlaýarys. Goşgynyň başky iki sözlemi: Jeýhun bilen Bahry Hazar arasy, Çöl üstünden öser ýeli türkmeniň. Ikinji sözlem dogry, emma birinji sözlemiň HABARY ýok. Jeýhun bilen Bahry Hazaryň arasy näme? Çöllükmi, daglykmy, şormy—näme? Ýa-da Jeýhun bilen Bahry Hazaryň arasy müň çakyrym ýolmy? Belki awtor “Jeýhun bilen Bahry—Hazaryň arasyndaky çölüň üstünden türkmeniň ýeli öser” diýjek bolaýandyr, emma diýip bilmändir. Awtoryň “Jeýhun bilen Bahry-Hazaryň arasy türkmeniň ýurdy” diýjek bolandygy hem ahmal, emma bu pikir ýapa degenok, çünki XVIII asyrda hem, Hazar hem türkmenler diňe Jeýhun bilen Kaspi deňziniň aralygynda ýaşanoklar, Magtymgulynyň öz watany Astrabat (häzirki Gürgen) welaýaty hem Jeýhun bilen Kaspiniň aralygynda däl. Yrakda, Siriýada türkmen welaýatlary bar. Diňe Owganystanyň özünde, şol ýerik baryp gelgen ýazyjy Abdyreşit Taşowyň sözüne görä häzir 4 milliona golaý türkmen ýaşaýar. Türkmenler XVIII asyrda-da Owganystanda ýaşapdyrlar. Ikinji aýtjak zadymyz: Eger Magtymguly Jeýhun bilen Kaspi deňziniň aralygyndaky türkmen ilatynyň durmuşy hakda goşgy ýazan bolsa, onuň mazmuny gözýaş bolardy. “Türkmeniň” diýen şygyrda ilat baý, mes, hemme zat gülala-güllük, ýöne Magtymgulynyň döwründe Lebap, Buhara emiriniň, Daşhowuz oazisi we häzirki Balkan oblasty Hywa hanlygynyň golunyň aşagyndady. Mary oazisi kä Buhara emirliginiň, kä Hywa hanlygynyň, kä hem Eýranyň gol astyna geçýärdi (ýekeje mysal: Seýitnazar Seýdi we onuň ildeşleri Buharanyň emirinden gaçyp, Mara gelenlerinde, Hywa hanyňyň süýtdeş dogany ol ýeriň häkimi ekeni!), Ahal gaýta-gaýta çapawula sezewar bolýar ekeni. Magtymgulynyň döwründe Jeýhun bilen Kaspi deňziniň arasynda ýaşaýan ilat tragediýa duçar bolupdyr. Hakyky Magtymgulynyň goşgularyndan logiki taýdan nädürs pikir, bimany sözlem ýa-da nädogry ulanylan söz tapyp bolanok. Emma “täze tapylan” goşgularyň hemmesinde diýen ýaly bimany sözlem, nädogry söz telim gezek gabat gelýär. Mysal hökmünde ýene “Türkmeniň” diýen goşga ýüzlenýäris: şygyrda “Daglar lagla döner, gyýa bakanda” diýlýär. Gyýa bakmak — Närazylyk bilen garamak, lagyl — ýakudyň goýy gyzyl reňkli görnüşi. Bir türkmen gyýa baksa, daglaryň nädip gymmat baha daşa öwrüljegi bize düşnüksiz. Goşgyda türkmen hakynda “Gargyşa, nazara griftar olmaz” diýilýär. Türkmen gowy halk, ol gargyşa griftar (ýagny, sezewar) bolmaz, ýöne türkmen kimiň nazaryna sezewar bolmaz? Näme üçin nazara sezewar bolmaz? Belli-däl! Galyberse-de, “nazara sezewar bolmak” diýen söz düzüminiň özi dilimizde bar zat däl. “Türkmeniň” diýen goşgudan ýene bir mysal: Tireler gardaşdyr, urug ýarydyr, Ykballar ters gelmez, hakyň nurudy. Tireleriň gardaşlygy dogry, ýöne haýsy urug türkmeniň ýarydyr? “Urug ýarydyr” diýen sözlem bimany söz düzümi. Urug — bir ata-babadan emele gelen adamlaryň topary. Ýokarda mysal alnan setirdäki “hakyň nurudyr” diýen sözlem hem bimany, Näme hakyň nury? Ters gelmejek ykballarmy ýa türkmen hakyň nurumy? Goşgynyň iň soňky bendinde “Gözüm gaýra düşmez, köňül eglenmez” diýen setir bar. Köňül eglenmezlik — halamazlyk. Kimiň köňli nirede, kimde eglenmez? Sözlem bimany. Gepiň tümmek ýeri, “Türkmeniň” diýen goşgy, biziň pikrimizçe beýik söz ussady Magtymgulynyňky hasaplanmaly däldir. Aslynda bu goşgy şahyryň “Gürgeniň” atly eserine öýkünilip häzirki döwürde döredilen şygyrdyr. Ol hiç bir gadymy çeşmelerde we bagşylardan ýazylyp alnan goşgularyň arasynda-da duş gelenok. Aşyrpur Meredow
MAGTYMGULY PYRAGYNYŇ “TÜRKMENIŇ” GOŞGUSY
-
turkmenntug
12 years ago
- mende pdf görnü$i bar.okaryn diyen habarla$aýsyn!
-
mirasymyz
12 years ago
- Turkmentugyn yazyan teswirlerinin bary Ashyrpur agan sozi diysene asyl. Menem nabileyin Turkmentug dil-edebiyaty mugallymymyka diyipdirin.
Sawyer, yone Dildar gelneje Ashyrpur aga Magtymgulyshynas dal diyen yeri bar eken. Gaty bir owup barmandyr.
Sagbol Sawyer dost!
-
turkmenntug
12 years ago
- :)
Miras aga.men ýokarsynda.Alym $eýle diýip ýazýa.diýendirin!üns berseñ,onsañam,edil bary däl,
Size $u makalany dolusyny ugradypdym .mailñze.aýdypdyma,bardymy?
-
turkmenntug
12 years ago
- alymyñ bu barada ýazan synynda
(gysgarak aýtsak" $eýleräk
diýilýä:
diýip ba$laýa o ýazgyda meñ teswirlem.
Miras aga.biraz dykgat et.her zatda meni günälejek bolup durma!
Meñ A$yrpur agada.Gylyç mûlläde hormatym uly,olaryñ derejesine daw etmek ýaly pes häsiýete meni dykma!
Okap gör.sabyr bilen.men elden geldigice makala hakyndaky ýazgydan gaca durandyryn.
Onsañam.pikir edi$iñ nähili señ.men $o zatlary oýlap tapmajagym bellä.her zatda bir ce$mä salgylanylýa.men ba$dan aýaga aýdyp gelýänä awtor hakda.teswirlemde.
Ýa sen göreñokmy,teswirler copi edilenmi?ýokmy?
Hersiniñem çägi bar.syla$yk iki tarapdan bolsa ýeg.sylanmazlygam edil $eýle!
-
mirasymyz
12 years ago
- Degishyanlay Turkmentug gardash. Yok ugradanlan-a gelmandir.
-
Kamilligetarap
12 years ago
- beh.sawyer agzamyz 2 tema acypdyr 2sem duyn - shu gun (pamoy 2isem meng un yazylan). Ilki men beyleki temany okapdym. We bir yeri meni gaty geng galdyrypdy .1nji temany okap anketasyna seretdim we yende geng galdym. Bu temadan song bolsa bir netija geldim sawyer bu turkmentug.onung angyrky temasyndaky aydan sozi 'men yygnagyng shayady ' diyen soyem yalam we psihiki udar ucin yazylan. Sawyer-hormatly turkmentugyng 2nji adresi. (bagyshla nejep !!!! Men bu 2 temada hic zat yazjak dal !)
-
mirasymyz
12 years ago
- Kamil gardash, Sawyer duybunden Turkmentug daldir.
Sawyer edebiyata uly sarpa goyyan oglan diyip tanayan. Mammet Seyidin "Kesearkajyny" we Ata Gowshudyn "Dordepelini" mobilni formata zada gechirip yordi.
Bulam busurlyp yatan hazynadyr.
-
mirasymyz
12 years ago
- Onsonam biri birzat diyse ozune chekyan ekeninay. Bu gowy hasiyet, eger edep-terbiye maksady bilen aydyan bolsalar, senem yerne yetirsen. Yone bulan aydyany oz sozleri dal, alymlan sozlerinden getirdiler.
-
turkmenntug
12 years ago
- aýow,nätdiñaý Nury dost.beh...
Menä näme diýjegmi bilemok bu adamlara.nirden,nädip sizi gaplaýa beýle gûmanlar ...Nury dost.$u ýerdäki,ýa da ertir.com daky köneräk agzalardan sora,sawyer kim.turkmentug kim,bilýändirler.bir zatda karara gelmänkäñ pikirlen hem pikir aly$!...
...indem ikiýüzli boldum :(
-
sawyer
12 years ago
beh.sawyer agzamyz 2 tema acypdyr 2sem duyn - shu gun (pamoy 2isem meng un yazylan). Ilki men beyleki temany okapdym. We bir yeri meni gaty geng galdyrypdy .1nji temany okap anketasyna seretdim we yende geng galdym. Bu temadan song bolsa bir netija geldim sawyer bu turkmentug.onung angyrky temasyndaky aydan sozi 'men yygnagyng shayady ' diyen soyem yalam we psihiki udar ucin yazylan. Sawyer-hormatly turkmentugyng 2nji adresi. (bagyshla nejep !!!! Men bu 2 temada hic zat yazjak dal !)
Kamilligetarap | 2012-03-27 01:29:56
kämilligetarap (ýaşlyk teleýaýlymynda alnyp barylýan telegepleşik) dost, siz ýalňyş pikir edýärsiňiz. men türkmentug agza däl. Siziň beýle pikir edip bilmegiňiz ýerlikli. ýalňyşmasam, siz düýn türkmentug agza bilen aşyrpur aganyň makalasy üstünde oňuşmansyňyz. şol sebäpli hem siz meni şol agza hasaplaýarsyňyz. emma, bu nädogrudyr. meniň bu tema barada mowzuk açmagym, siziň aşyrpur agany (ýatan ýeri ýagty bolsun!) kemsitjek bolmagyňyzdyr. Aşyrpur meredow - magtymgulyşynas alym bolup, ol uly magtymgulynyň 3 tomluk düşündirişli sözlügini taýýarlapdy. Şeýle hem alym A. Meredow başga bir alym S. Ahally bilen Türkmen edebiýatynyň sözlügini bilelikde ýazypdy. siz şeýdip bilermisiňiz???
-
Yegen
12 years ago
- Jeýhun bilen bahry hazar arasy,
Çöl üstünden öser ýeli türkmeniň.
Shu pikiriñ nämesi ýalñysh? Jeýhun-Amyderýa bolsa, arasynda hem Garagum çöli ýerleshýär ahyryn.
Çöl üstünden öser-bulam dogry. Öser dälde öwser bolaýmasyn. Ýekeje harp ýalñysh bilenem shu günlere ýetendir. Goý diýeli öser bolsun, ýöne shahyr ileriñ hazar, gaýrañam amyderýa, ortañam garagum çölüdigini aýtjak bolupdyr bu ýerde. Muny kesä çekmek bolmaz.
-
sawyer
12 years ago
- kämilligetarap (telegepleşigi), meni tanamakçy bolsaňyz, ine, şu linki basyň:
bu link "sawyer" hakynda.
eger-de siz türkmentug agzany tanajak bolsaňyz, onda bu linki basyň:
bu-da türkmentug agzanyň linki
-
sukomoto
12 years ago
- bää men nirä düşüpdirinaý, baryňyz jurnalistmaý?!!
-
Yegen
12 years ago
- Gül gunçasy gara gözüm garasy,
Gara dagdan iner sili Türkmeniñ
Egerde Siriýa, Yrakda hem Türkmenler ýashaýan bolsa, añryñam daglykdygyny Pyragy aýdyp geçipdirä. Nämüçin muny alym ýazmadyka...
-
sawyer
12 years ago
Shu pikiriñ nämesi ýalñysh? Jeýhun-Amyderýa bolsa, arasynda hem Garagum çöli ýerleshýär ahyryn.
Çöl üstünden öser-bulam dogry. Öser dälde öwser bolaýmasyn. Ýekeje harp ýalñysh bilenem shu günlere ýetendir. Goý diýeli öser bolsun, ýöne shahyr ileriñ hazar, gaýrañam amyderýa, ortañam garagum çölüdigini aýtjak bolupdyr bu ýerde. Muny kesä çekmek bolmaz.
Yegen | 2012-03-27 01:57:04
Ýegen dost, seniň soragyňa jogap, ine aşakda:
Jeýhun bilen Bahry Hazar arasy,
Çöl üstünden öser ýeli türkmeniň.
Ikinji sözlem dogry, emma birinji sözlemiň HABARY ýok. Jeýhun bilen Bahry Hazaryň arasy näme? Çöllükmi, daglykmy, şormy—näme? Ýa-da Jeýhun bilen Bahry Hazaryň arasy müň çakyrym ýolmy? Belki awtor “Jeýhun bilen Bahry—Hazaryň arasyndaky çölüň üstünden türkmeniň ýeli öser” diýjek bolaýandyr, emma diýip bilmändir.
Awtoryň “Jeýhun bilen Bahry-Hazaryň arasy türkmeniň ýurdy” diýjek bolandygy hem ahmal, emma bu pikir ýapa degenok, çünki XVIII asyrda hem, Hazar hem türkmenler diňe Jeýhun bilen Kaspi deňziniň aralygynda ýaşanoklar, Magtymgulynyň öz watany Astrabat (häzirki Gürgen) welaýaty hem Jeýhun bilen Kaspiniň aralygynda däl. Yrakda, Siriýada türkmen welaýatlary bar. Diňe Owganystanyň özünde, şol ýerik baryp gelgen ýazyjy Abdyreşit Taşowyň sözüne görä häzir 4 milliona golaý türkmen ýaşaýar. Türkmenler XVIII asyrda-da Owganystanda ýaşapdyrlar.
Ikinji aýtjak zadymyz: Eger Magtymguly Jeýhun bilen Kaspi deňziniň aralygyndaky türkmen ilatynyň durmuşy hakda goşgy ýazan bolsa, onuň mazmuny gözýaş bolardy. “Türkmeniň” diýen şygyrda ilat baý, mes, hemme zat gülala-güllük, ýöne Magtymgulynyň döwründe Lebap, Buhara emiriniň, Daşhowuz oazisi we häzirki Balkan oblasty Hywa hanlygynyň golunyň aşagyndady. Mary oazisi kä Buhara emirliginiň, kä Hywa hanlygynyň, kä hem Eýranyň gol astyna geçýärdi (ýekeje mysal: Seýitnazar Seýdi we onuň ildeşleri Buharanyň emirinden gaçyp, Mara gelenlerinde, Hywa hanyňyň süýtdeş dogany ol ýeriň häkimi ekeni!), Ahal gaýta-gaýta çapawula sezewar bolýar ekeni. Magtymgulynyň döwründe Jeýhun bilen Kaspi deňziniň arasynda ýaşaýan ilat tragediýa duçar bolupdyr.
-
Yegen
12 years ago
- daglar lagla döner, gyýa bakanda” diýlýär. gyýa bakmak — närazylyk bilen garamak, lagyl — ýakudyň goýy gyzyl reňkli görnüşi. bir türkmen gyýa baksa, daglaryň nädip gymmat baha daşa öwrüljegi bize düşnüksiz.
goşgyda türkmen hakynda
“gargyşa, nazara griftar olmaz
Shulam ýalñysh.
Manysy: "Nazar aýlanda dasham bolsa gyzyla öwrer" diýen manyda gelip bilýär.
Daglar lagna döner gyýa bakanda
Ýene bir wariant: "daglar lagna döner" bolaýmasyn. Lagna diýmek, ejizlär manysynda hem getirilýär. Ýene harp ýalñyshdan giden bolmagam ahmal.
Gargysha nazara giriftar olmaz
bulam dogry. Giriftar-zar manyny berýär.
Gargynç alyan daldir yada ozune gargynç aldyrmayan halk hökmünde suratlandyrýar.
-
Yegen
12 years ago
- Sawyer, men yokarda yazdym dost jogaby, okap gör.
magtymgulynyň döwründe jeýhun bilen kaspi deňziniň arasynda ýaşaýan ilat tragediýa duçar bolupdyr.
alym sheyle netija gelaydimika, ol wagtlar yurdum bolsady diyip arzuw edip, sheyle goshgy yazylmadymyka. Dine hasratly goshgulardan shahyram yadan bolmagy mumkin, wasp goshgam duzmeli bolar ahyryn.
-
Yegen
12 years ago
- tireler gardaşdyr, urug ýarydyr,
ykballar ters gelmez, hakyň nurudyr.
tireleriň gardaşlygy dogry, ýöne haýsy urug türkmeniň ýarydyr? “urug ýarydyr” diýen sözlem bimany söz düzümi. urug — bir ata-babadan emele gelen adamlaryň topary.
Tireler gardashdyr, urug yarydyr
Shuñ nämesi düshnüksizka? Tireler gardash, dost-dogan many bolsa, urug-taypalar olaryn yardashy, syrdashy diyen manyny berýär ahyryn.
ýokarda mysal alnan setirdäki “hakyň nurudyr” diýen sözlem hem bimany, näme hakyň nury? ters gelmejek ykballarmy ýa türkmen hakyň nurumy?
Ykballar ters gelmez, hakyñ nurudyr
Bulam dogry ýazylan. Ykbalymyz ters gelmez, hakyn nury, nazary eglenen halk diýen manyda getirilýär.
-
sukomoto
12 years ago
- kabir yerde yegen bilen ylalasyan.
jeyhun bilen bahry hazar arasy...
şu ýerde setiriň yzynda köp nokat bar diýip düşünmeli. bir salymda türkmeniň ýurduny göz öňüne getirýär. ondan soňra düýbünden täze sözlem başlaýar:
çöl üstünden öser ýeli türkmeniň.
bu ýerde sazlanyşyk gül ýaly.
ýöne käbir beýleki ýerlerinde manysy we sazlanyşyk taýdan gowşak ýerleri hakykatdanda bar. şoň üçin goşgy magtymgulynyňky, ýöne hemme ýeri däl. maňa esasanam soňky bendi ýaraýa goşgynyň.
Serhoş bolup çykar, jiger daglanmaz,
Daşlary syndyrar, ýoly baglanmaz.
Gözüm gaýra düşmez, köňül eglenmez,
Magtymguly sözlär - tili türkmeniň.
-
sukomoto
12 years ago
- onnoňam, türkmenistan diýlende diňe hasratly goşgy ýazlaýmaly diýen düşünje, ýegeniň aýdyşy ýaly, düýbünden ýapa ýanaşmaýan pikir.
-
Yegen
12 years ago
- (bagyshla nejep !!!! men bu 2 temada hic zat yazjak dal !)
kamilligetarap | 2012-03-27 01:29:56
Siz azajyk gaharlanjak bolýañyz tersiñize gaýdylsa, derrew gyzarylyberýäñiz. Bu taýda adam-adamyñ göwnüne degmek maksady ýok ahyryn. Taryhy dörülýär, edebiýaty dörülýär ahyryn.
-
sawyer
12 years ago
bää men nirä düşüpdirinaý, baryňyz jurnalistmaý?!!
sukomoto | 2012-03-27 02:02:08
dost, siziň ol: jukki, sukki, pikgi diýen şepeleriňiz ýok indi. Biz bar. Näme, nedowolnymy? :)
-
sukomoto
12 years ago
- häъ, ol şepeler zordulaý.
-
nlo
12 years ago
- hany dine bu goşgyny dernap oturman egerde magtymguly pyragy türkmenin goşgusyny yazan bolsa türkmenler hakda dine yeke goşgy yazan daldir .şol goşgulary hem okap görün
-
6armel
12 years ago
- 6u sorag onem 1i yazyp iberipdi. dogry bolsa dogrydyr yalny6lyk gidenem bolsa gidendir
-
6armel
12 years ago
- 6u sorag onem 1i yazyp iberipdi. dogry bolsa dogrydyr yalny6lyk gidenem bolsa gidendir
-
6armel
12 years ago
- 6u sorag onem 1i yazyp iberipdi. dogry bolsa dogrydyr yalny6lyk gidenem bolsa gidendir
sawyer 12 years ago- Aşyrpur Meredow - tanymal edebiýatçy alym, Magtymgulyşynasdyr. Biziň hiçimiz onuň ýaly bolup bilmeris. Şonuň üçin, gaýrat edip, şahsa geçmän, mowzuk barada pikir alşalyň.
Temanyň çeşmesi: "Edebiýat we Sungat" gazetiniň 1989-njy ýyldaky sany.