J Salam agzalar ,men size bu gün bir täsin wakany gürrüň bermekçi ýagny it bilen pişigiň jetliginiň sebäbini düşündirmekçi. Baryp-ha, gadym wagtlar it bilen pişik ýegre dost bolupdyrlar. Ömürboýy şeýle ýagdaýada galjaklygyna kasam edipdirler. Olar ençeme ýyllar erkinlikde, agzybirlikde ýaşapdyrlar. Ikisi üçin hem hezil bolupdyr.Şeýlelikde aýlar aýlanyp,ýyllar ötüpdir. Ine birdenem görülip-eşdilmedik gazply gyş gelen ekeni. Her gün diýen ýaly ýagyp, üsti-üstüne sepeläp duran gardan ýaňa Ýer galyň buzly ýapynja bilen örtülipdir. Iýmäge zat,oňly ykyşyk tapman, hor-homsy bolýan dostlar çykalga gözläpdirler. Eginlerindäki possunlary-da soňabaka ýuka görnüpdir. Aldajy aýazdan ýaňa gagşap äňleri şakyrdaýan ekeni. Onsaň it bilen pişik özara maslahaty bişiripdirler. Delalaty adamlardan gözlemeli. Olar ugurtapyjy hem akylly bolmaly. Içinde ot ýakylýan jaýlaryny penalap ýatsaňam, üşejek gümanyň bolmaz diýen netijä gelýäler. Digdenekleşip baryşlaryna, gorpa ýykylan pişik aýagyny agyrdanmyş. It ony arkasyna alypdyr-da , selikildäberipdir. Gün ýaşaýmanka,oba aralaşypdyr. Bäri başky bir öýüň gapysyna garap , mugt ýal iýmejekdiklerini, ähtiwarly garawul boljakdyklaryny mälim edipdirler. Öý eýesi gojanyň rehimi gelip , bulary synap görmegi ýüregine düwen. Tabagy dolduryp, höregem beripdir. Gije möjekdir şagaldan ägä bolmalydygyny ýatladyp öýünde arkaýyn gyşaranmyş. -Sen ýolda horlandyň. Arkaýyn ýatyber. Mugthorlary golaýa getirmen-diýip,it pişige ýüzlenipdir. Dogrudan hem ol janawar üýrüp, uzak gije aýlanyp şöwür çekýär. Adam özüne şeýle ynamdar kömekçi tapandygyna diýseň begenipdir. Şol wagt açyk gapydan bugdaýly haltany deşip, iýenini iýip, iýmedigini döküp zaýalaýan syçana gözi düşen pişik bir bökende, gemrijiniň ýeňsedamaryndan dişlerini geçiripdir. Hojaýynyň keýpi hasam kök bolupdyr. „senem öýde höküm sürýän syçandyr, alakalara göz-gulak bol“ diýenmiş. Täsin teklip pişigiň huşuny başyndan uçurypdyr. Ol şatlygyny gizläp bilmän, dostuna garap: -Gördüňmi,dost, maňa hakyt öýüň töründen orun berildi. Gynansagam nädeýin, öň aýdyp bilmän ýördüm. Seniň ýaramaz porsy ysyň bar. Şonuň üçinem daşarda günüňi görmeli borsuň-diýenmiş. Muňa itiň şeýle bir gahary gelipdir. Tüýleri hüjjürdip, pişige topulypdyr. Pişik ondan zordan gaçypdyr. It pişigiň şol günäsini häli-häzirem bagyşlap bilenokmuş.
Jetligiň sebäbi.
-
Yegen
12 years ago
- Hahaha :-) dogrudanam "edil it bilen ýaly" diýilýära! It mydamada pishigi halap duranok, görse kowalaýar! :-)
-
Yegen
12 years ago
- Sorry: "it bilen pishik ýaly" bolmaly :-)
-
makgush
12 years ago
- Gyzykly eken, sagbol akyl ýetireniñ üçin.
-
nlo
12 years ago
- öran gyzykly
-
idealman92
12 years ago
- akylym1989,gyzykly hekaya.yone it bilen pishigin dushmanchylygy hakynda oran kop erteki,hekayalar bar.bu hem sholaryn biri
-
akylym1989
12 years ago
- hawa buda şeýle ertekileriň biri
-
1merdan
12 years ago
- G o w y ekeni
BelarusynTalyby 12 years ago- akylym1989 sagbol paylashanyna gyzyklyja eken :-)