Şapagyň gyzgylt sary şöhlesi baglardan gaýyp ýere gaçýan saryja ýapraklar bilen utgaşyp, durmuşa rahatlyk berýärdi. Şemalyň badyna bagdan ýere gaçýan ýapraklar durmuşa rahatlyk çaýýardy. Güýzüň ganatynda alyslardan alňasap gelýän sowujak şemal ýaňagyn ýelpäp geçende, duralgada duran zenanyň bar aladasy uçup gidene döndi. Güýz günleriniň özboluşly ýaraşygy bolan garagol şemal Merjeni juwanlygyň goýnuna alyp gitdi. Talyplyk ýyllarynda hut şu duralgada ömrüniň manysyna öwrülen söýgüsine sataşyşy, gaýtalanmajak pursatlar onuň hyýalynda janlandy. *** Olar ilkinji gezek awtobus duralgasynda sataşypdylar. Myrat lukmançylyk, Merjen bolsa inžinerlik ugrunda okaýardy. Şol ilkinji duşuşykdan soňra ýene görüşmek üçin her säher şol bir wagtda, şol bir duralgada, şol bir awtobusa münerdiler. Näçe ýygra-da bolsa, şol gün Merjeniň görki Myrada dil açdyrypdy. Merjen Myradyň diňe bir dilini däl, bagtyny hem açan ýaly boldy. Alabaharyň täsirinden mele topragyň keşbini üýtgedip, ýaşyl lybas geýnişiniň geň bolmaýşy ýaly, nätanyş gyzyň bir bakyşda ozal tanamaýan ýigidiniň ýüregini eredip gidişi hem geň däl. Ol diňe ýigidir gyzyň özüne geň. Mümkin, ýaz gününiň ýylysy bilen ýaşyl dona bürenişi topraga-da geňdir?! Ýöne ony aýdara toprakda dil ýok. Aslynda, olaryň ikisiniň hem ilkinji sataşan duralgalary öýlerinden çykyp her günki awtobusa münýän duralgalary däldi. Myrat şol gün dosdunyň öýünde myhmançylykda bolandygy üçin, Merjen bolsa giç agşama çenli daýzasynyň tikin-çatyn işlerine kömekleşip, olarda ýatanlygy sebäpli, irden şol duralgada sataşypdylar. Şondan bäri hem diňe bir-birlerini görmek üçin, her gün irden öýlerinden ir bilen çykyp, şäheriň ol ujyndaky şol duralga, ýagny şol arzyly duralga gelýärdiler. Emma bu hakynda olaryň hiç biri dil ýaranokdy. Okuwlaryny tamamlanlaryndan soňra derrew durmuş gurdylar. Olaryň bagtyna göreniň gözi giderdi. Ýyllar bularyň söýgüsini barha güýjetdi. Olaryň durmuşda ýekeje ýetmeýän zady çagady. Perzentsizlik her näçe ajy hem bolsa, bu ýagdaý olaryň biri-birine bolan söýgüsine badak atyp bilmedi. Olar çaga siňdirjek söýgüsini hem biri-birlerine bagyşlap ýaşaýardylar Merjen işden gelende aýnanyň öňünden her dürli hat tapardy: “Mähribanym, çagalar otagyndaky tekjäňe seret!”. Çagalar otagyndaky tekjede bolsa başga bir ýazgy bardyr: “Aşhanadaky stolyň üstüne seret!”. Aýnanyň öňündäki, çagalar otagyndaky, aşhanadaky stolda goýlan hatlardaky söýgüden püre-pür setirleri okap, indiki syrly haty okamaga gyssanýan Merjen ahyrynda özi üçin goýlan bir desse güle, käte süýjä, käýarymam gymmatbaha sowgatlara duşardy. Ine, şeýle bagtyýar günleriň birinde Myrat demini alan gök çaýyň başynda pikire gark bolup otyrka, ýanyna gelni Merjen geldi-de: “täze jaýymyzyň taslamasyny neneň görýäň, elinjek özüm çyzaýandyryn” diýip, elindäki kagyzy ýanýoldaşyna görkezdi. Olar begenişip, birhowa arzuw ummanyna çümdiler. Bir salymlygam bolsa, hyýallarynda taslamasy çyzylan şol jaýda ýaşadylar. Merjen: - Myrat, göz öňüne getirýäňmi, säher bilen örenimizde, howlymyzdaky gür baglykda bilbiller saýraýar, bizem çagajyklarymyz bilen hezil edip sekide ertirlik edinýäris. -Nesip bolsa, ezizim, seniň o diýýän günleriňem indi daşda däldir. Könelerimiz “Ýagşy niýet- ýarym döwlet” diýipdirler. Perişdeler “Omyn” diýse, bolar ötägider-dä. Şu gürrüňlerden soň tizara Myrat iş bilen daşary ýurtlaryň birine gitmeli boldy. Goş birikdirenleri bäri bir-birinden hepdelik aýra ýaşap görmänsoňlar, birbada olaryň ikisine hem bu aýralyk ýokuş degdi. Olar her gün telefonda gürleşerdiler. Uzaga çeken hepde ahyry tamamlandy, Myrat öýüne gaýdyp geldi. Daşary ýurtdan gelenden soň, birbada bildirmese-de, Myradyň bolşy üýtgedi. Şu ýaşyna çenli başyna täç edip gelen gelnine sowuk-sala garap başlady. Öňküler ýaly dyzlaşyp çaý içişmek indi olar üçin ýatlama öwrülip başlady. Merjen bu ýagdaýy ýoldaşynyň işiniň ýetikdigine ýordy. Ýöne ol täze jaýyň gurluşygy barada gürrüň gozganda, Myradyň beren jogaby ony serpmeden gaýdan ýaly etdi: -Merjen, dogry düşün, seniň çyzan bu taslamaň biziň gurbumyz çatardan çökder. Gowusy, sen täze jaýly meseläni kelläňden çykar! -Myrat, saňa soňky döwür bir zad-a bolýar. Saňa ne döw çaldy? Merjen ýoldaşynyň içine-daşyna girse-de, oňa düşünip bilmedi. Tersine, gitdigiçe, onuň özünden daşlaşyp barýanyny duýdy. Ahyry “paltasy daşa degip”, jorasyna içini dökdi. Jorasy Merjeniň garaşmaýan tarapyndan geldi: -Jora jan, Myrat saňa ikilik edýär. Ol her gün ýaşajyk bir zenan bilen günortanlyk edinýär. Işden bile gaýdýar. -Erteki otarma, gyz, Myrat seniň diýän adamlaryň hilinden däl. Merjen jorasynyň al-petinden alsa-da, içinde kiçijik ünjüjik döredi. Agşam adamsy işden dolananda, ömründe etmeýänini edip, oňa igendi, aglap, onuň üstüne gygyrdy. Myrat bolsa, näme üçindir, gelnine barmysyňam diýmedi. Ýoldaşynyň bu bolşuna çydam etmedik Merjen öýkeläp atasy öýüne gitdi. Myrat her zada taýýar hem bolsa, Merjenden beýle zada garaşmansoň, bu ýagdaý ony “otdan alyp, suwa urdy”. Bir ömre ýeter öýden söýgi kyssasynyň beýle tamamlanmasy Myradyň ruhyny sarsdyrdy. Merjen hem ençe wagtlap özüni ele alyp bilmedi. Myradyň täze söýgülisini alyp, başga şähere göçüp gidendigini eşitdi. Adamsyny namartlykda aýyplady. Ýalňyz wagtlary bolsa, henizem özüniň şol “namart” adamy söýýändigini boýun aldy. Aradan bir ýyl geçdi. Hemme zadyň dermany saýylýan wagt Merjeniň derdine derman bolardan ejiz gelýärdi. Bir gün irden Merjeniň gapysy kakyldy. Gapynyň agzynda gözüni ýaşlap, Myradyň soňky söýgülisi durdy. Merjen: “Sen utanman, nä ýüzüňe bize gelip bilýäň?” – diýip, gygyrmak isledi, emma sesi çykmady. Oňa derek çagyrylmadyk myhman aglap, gürrüňe başlady: -Merjen gaýrat et-de meni diňle. Aslynda, hiç bir zat seniň pikir edişiň ýaly däl. Seniň Myradyň hiç haçan seni terk etmedi, saňa ikiligem etmedi. Myrat daşary ýurda-da iş bilen bagly gitmändi. Ol daşary ýurtda lukmançylyk barlaglaryndan geçmäge gidipdi. Lukmanlaryň “Kelläňizde dörän çişe wagtynda seretdirmänsiňiz, indi giç. Köp bolsa, ýene-de ýyl ýarym ömrüň bar” diýen sözleri bilen ylalaşman, özüni daşary ýurtlarda hem barladyp görmek isledi. Gynansagam, daşary ýurtly lukmanlaryň barlaglarynyň netjesi hem üýtgeşik çykmady. Ikinji söýgülili gürrüňem, biwepalygam toslama. Ol özüne bir zat bolaýsa, seniň onsuz ýaşap bilmejegiňi bilensoň, seni özünden daşlaşdyrmak üçin şeýtdi. Mendenem täze söýgülisiniň keşbini ýerine ýetirip bermegimi haýyş etdi. Ol hiç ýere göçmedi, başga şähere-de gitmedi. Onuň ýüreginde, dilinde hemişe sen ýaşap ýördüň. Soňky barlaglar bolsa hemme zadyň özgerendgini, Myradyň operasiýa edilse, gutulyp gitjekdigini görkezdi. Ol dessine operasiýa girdi. Operasiýa şowly tamamlandy. Ýöne Myrat heniz özüne gelenok. Ol huşuna gelip, gözüni açanda, goý, öz ýanynda seni görsün. Gyssan! – diýdi-de, Merjen bilen hoşlaşdy. Merjen aňk-taňk bolup, ol zenanyň sözlerini doly seljerip ýetişmese-de, “Myrat saňa garaşýar, gyssan!” diýen sözlerini akylynda aýlap, howul-hara gyňajyny daňynyp, ýola çykdy. Tä hassahana ýetýänçä, begenjine gözýaşyny saklap bilmedi. Ol şeýle bir kän gözýaş dökdi. Söýen gözlerden akan gözýaşlar Myradyň ähli ýazygyny ýuwdy. Merjeni Myradyň ýanyna goýberdiler. Myradyň ýatan otagyndaky tekjäniň üstünde hatlar üýşüp gidipdir. Iň üstündäki kagyzda bolsa: “Haýyş edýän, hatlary yzygiderli oka!” diýen ýazgy bardy. Merjen hatlary birin-birin okap başlady. “Seni çyn ýürekden söýýärin” diýenimde, maňa “Seniň üçin ölerin” diýip söz beripdiň. Dogry aýdýanyňy bilýärdim. Ýöne meniň üçin ölmegiňi islemedim. Indi bolsa maňa söz bermegiňi isleýärin. Meniň üçin ýaşamalysyň, düşünişdikmi?!” Merjen okamak üçin soňky haty galdyranda, onuň astynda bir açaryň ýatandygyny gördi. “Täze jaýymyzy seniň taslamaňa görä gurdurdym. Gür baglykda, guşlaryň jürküldisini diňläp, ertirlik edinjek günleriň indi daşda däl, ezizim!”. Tekjedäki hatlary ýekänme-ýekän okap, gözüni ýaşlap oturşyna, içinden bir-birine bolan söýginiň hormatyna Myradyň basym aýaga galaryny dileýärdi. *** Merjen duralgada güýzüň nurana görnüşini synlap, hyýallar derýasyna çümüp durşuna, Myradyň täze awtoulagynda ýanyna gelip saklananyny hem aňşarmady. Ol iki sany garagözelek oguljygynyň elinden tutup, özüniň bagtyna duşan duralgasyndan maşyna mündi. Myratdyr Merjen arkalaryna gaňrylyp, ömürleriniň manysyna öwrülen duralgalaryna seredişip, syrly ýylgyryşdylar. Olar täze jaýlaryna tarap ýola düşdüler. Yhlas Muhammedow Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň Hukuk fakultetiniň 1-nji ýyl talyby
Bagt duralgasy
-
Batdush
12 years ago
- Tuweleme
-
Abadan
12 years ago
- Ýalny$masam su hekaýany nesil gazetinda okapdym. Uzynrak diýmesen gyzykly hekaýa.
-
ttmli
12 years ago
- hawwa abadan. Nesil gazetin 2.fewral sanynda capdan cykardyldy. Menin ilkinji makalam
-
Karat
12 years ago
- Tüweleme gaty gowy hekaya eken. Hemme kishä sonunda sheyle bagtly yashamak nesip etsin! Yene yazjak hekayalaryna garashyas.
-
nohurlyagza
12 years ago
- gaty gow sag bol gusp bilmän otyrdm.
nlo 12 years ago- yhlas muhammedow yokary derejli hekaya berekella