Bu, elbetde, biziň üçin gülküli, Ýöne şeýle zadyň bolanlygy hak. “Aýal adammyşmy ýa-da dälmişmi?” Diýen gün tertipli uly bir ýygnak Bolanmyş bir çak. Turupdyr şeýle bir uly galmagal, Galmagal tasdanam ýazanmyş urşa: Birisi diýipdir: “Beýle zat bolmaz!” Biri: “Bolar!” diýip çykypdyr garşy. Birisi sorapdyr: “Nämüçin bolmaz?” Beýleki sorapdyr: “Nämüçin bolar?” Gurhandan, injilden mysal getirip, Üç gije, üç gündiz gepläpdir olar. Ahyry bir Sesiň köplügi bilen Aýalyň haýryna çözlüpdir sowal: Adam hataryna geçipdir aýal… Şol ýekeje Sesem bolmadyk bolsa, Onda neneň-niçik aýylganç ykbal Mynçgardyka seni, eý, sahujemal? Ol Ses täleýiňi üýtgetmese-de, Megerem, öňkiňe ýüz esse agyr Dertlerden gorandyr… Şol ýeke Sese Minnetdrlyk üçin ýazyldy şygyr.
Ýeke ses hakynda
-
Servi
12 years ago
- Sag bol yetirenine!
-
magnit
12 years ago
- nahili seska ol ?
-
ShahRiyar
12 years ago
- çagalary söýýän.. hasam ejesi owadan çagalary:D
-
sahett
12 years ago
- gowy
-
Filip
12 years ago
- Gyzykly. Yone bolmadyk hekaya.
-
1merdan
12 years ago
- awtory kimkän?....
pawel 12 years ago- berekella gadyrdan batdush! :)