Şeýleräk ýagdaý, meselem, meniň gowja tanaýan gurluşykçy işdeşim bar, geljekde güýçli gurluşykçylardan boljak biri, ýöne özi üçin daçasynda hajathana kabinasyndan başga hiç zat gurmady. Serişdesi ýetenok. Türk gurluşyk kompaniýalarynyň birinde, naharhanasynda işleýän ýene-de bir tanyşym baş-aşpezi bolup işleýä, ýöne öýünde şol çalt bişýän naharlar, ýeňil naharlar bilen, galybersede polufabrikat önümleri bilenem oňuberýä. Belki iş ýerindäki aşhanadan ýadap ýene öýdäki aşhana gelip bir zatlar taýýarlamak kän ýokýanam däldir. Şeýle-de, ýene bir gyz tanyşym Türkmenhowaýollarynda işleýä, ýöne özi başga welaýata gitjek bolsa hiç uçara münmeýä, gorkýän diýýä... garaz, bular ýaly ýagdaýlary sanasaň sanabermeli. "Adikçiniň ädigi bitmez" diýýäler, sizem şolardanmy?
Adikçiniň ädigi bitmez
-
Senem
12 years ago
- Hawa :-)
-
Aray
12 years ago
- @filip, zerurlygyn etdirmeyan zady yok diyjek bolyanda?
-
turkmenntug
12 years ago
- birinji we ikinji mysal nakyla ýakynla$ýa.
Ädikçiñ ädigi bitmez,diýen nakylda ,iliñ ädigni oñaryp özüniñkini oñarmaga wagty ýetmeýä.diýilýä öýdýän.
-
mirasymyz
12 years ago
- Aray aga dogry aydyan. Shonun yaly yagdaylara menem dushyan.
Sheydip sizem oz pikirinizi paylashawerin how. Belki sizem talyplan komandasyna alarys. 1-1 hasabynama dowamyny oynamaly.
-
Filip
12 years ago
- Elbetde aray! Haysy meselede bolsa ozinki zerur bolup durka sony bitirmeli. Oz zerur zadyny taslap ilinkini etsem, pul bolar diymek yalnysmyka diyyan!
-
Karat
12 years ago
- Tn'da pul problemasam bardyr. Mañada kän dushýa. Her kim dine pul, özi ýadyna düshenok.
-
Abadan
12 years ago
- Dogry aýdylan nakyl. Ýaka edýän tan$ym bar welin,zakaz ýaka alyp edip ýeti$ýärde,özùnika gezek galanda welin 1,2 aýdagy ýatýar. Häli ederin,$indi ederin diýip zakaz alanlaryny edýär. Bilmedim,wagty bolman etmeýärmi ýa özùñkiñki bolan soñ puly bolmaýanyndanmy
-
Gulmelek
12 years ago
- Dogry aýdylan nakyl mumkin köp ýerde pul ucindirem weli köp ýerde adamkarcilik bilen hem öz i$leri bitman galyan bolmagy ahmal...(durmu$dan mysal køp almaga)
Filip 12 years ago- Zerurlyk bolsa biter!