gara ýeriň üstünde, gök asmanyň astynda “heleý” diýilýän sözi kim tapdyka aslynda? ol sözi ilki tapan ne-hä daýhan, ne çopan. diýýärler: ilki sapar ol gödek sözi tapan kyrka çenli kyrk sapar öýlenen ýekegapan. gyzyl göz ýekegapan, han ogly ýekegapan gujagna getirlende garyp gyz ogulsapar, onuň adyn tutmagy-da kemlik saýyp özüne, “bärik gel-eý!” diýenmiş öz öýlenen gyzyna. şeýdip ýuwaş-ýuwaşdan üýtgeşip “gel-eý!” sözi, gara günli ülkämizde döränmiş “heleý” sözi... garyp gyz ogulsapar, naçar gyz ogulsapar, sen täzeden dogulsadyň, wah, ýene-de bir sapar. “ogulsapar jan” bolardy bu gün seniň lakamyň. saňa “gel-eý, gel-eý!” diýip, “heleý” adyn dakanyň özlerine gowşurdyk öz döreden adyny. bu gün arşa ýetirdik gelin-gyz şöhratyny. bu gün gelin-gyzlarmyz jahan bilen garyşýar, bilbil bilen bäsleşýär, keýik bilen ýaryşýar. bu gün biziň aýallarmyz durna bolup daranýar. altmyş ýaşa ýetende-de gelin bolup görünýär. ...görk goşuldy gelin-gyzlaň gözlerine, ýüregne. müňläp ogulsaparlaň aglanynyň deregne bu gün olar paý alýar şatlyk bilen gülküden. ...gülüň, gülüň, keýpden çykyň bu şadyýan ülkede. gülüň! gülüň! gülkiňizden gözleriňiz ýaşarsyn. siziň göwnüňize degsek, goý, agzymyz gyşarsyn. ýöne sizem ýarlarňyzyň degmäweriň göwnüne. erkekleň hem işi ýetik, sanjy bolmaň böwrüne. -//- -//- -//- ýeke ses hakynda bu, elbetde, biziň üçin gülküli, ýöne şeýle zadyň bolanlygy hak. “aýal adammyşmy ýa-da dälmişmi?” diýen gün tertipli uly bir ýygnak bolanmyş bir çak. turupdyr şeýle bir uly galmagal, galmagal tasdanam ýazanmyş urşa: birisi diýipdir: “beýle zat bolmaz!” biri: “bolar!” diýip çykypdyr garşy. birisi sorapdyr: “nämüçin bolmaz?” beýleki sorapdyr: “nämüçin bolar?” gurhandan, injilden mysal getirip, üç gije, üç gündiz gepläpdir olar. ahyry bir sesiň köplügi bilen aýalyň haýryna çözlüpdir sowal: adam hataryna geçipdir aýal... şol ýekeje sesem bolmadyk bolsa, onda neneň-niçik aýylganç ykbal mynçgardyka seni, eý, sahujemal? ol ses täleýiňi üýtgetmese-de, megerem, öňkiňe ýüz esse agyr dertlerden gorandyr... şol ýeke sese minnetdrlyk üçin ýazyldy şygyr. -//- -//- -//- söýgi şerti. gözel gyzlar, juwan gyzlar gül ýüzli hoş-zyban gyzlar. bir rowaýat aýdyp berjek gadym, gadym zaman gyzlar. bolanmyşyn zyba peri dakynan eken tylla zeri ýöne welin ýaman ýeri oýnar eken ýigitleri. söýgi biziň ýolumyzda, gurlup goýlan sessiz gapan heý barmykan dostlar oňa düşmän sypan, aman sypan. söýgi atly şol gapana düşenmişin garyp çopan garyp çopan çöküp dyza diýenmişin zyba gyza: tä, habarymy alýançaň dönmerin gyz, dönmen yza isle ur ýa gapa gul et şonda-da dönmerin yza. - bir şertim bar synap görjek söýýänligiň çynyň bolsa şol minaradan özüň okla söýýänligiň çynyň bolsa. ol minara belent eken depesi baryp göge ýeten gözi bilen ölçäp ony ýylgyrypdyr garyp çopan. her ädimde yza garap, her ädimde gyza garap çopan gidýär – assa ýöräp. gyz begenip tapanyna, oýnamagyň çäresini, “hany bar, nädýärkä?”- diýip, iberipdir jorasyny. bir salymdan jorasy hem, ylgap gelýär sojap- haşlap, - ol-a eýýäm ölüp ýatyr minaradan özün taşlap.... ol gyz ylgap baryp görse, çopan oglan läş bolupyr. urunsa-da eýläk-beýläk nätjek! boljak iş bolupdyr. ol gyz hem özün oklapdyr, şol minaraň depesinden bular şeýdip dynypdyrlar bu dünýniň nepesinden. gözel gyzlar, juwan gyzlar gül ýüzli hoş-zyban gyzlar siziň gödek oýnuňyzdan aman-aman, aman gyzlar. k.gurbannepesow
8-nji mart degişmesi
-
Barmaley
12 years ago
- Kerim agan soz yokla goshgularyna.
-
vipboy
12 years ago
- ay sho 8 martda achmasanlara tema gyzlara bagyshlap ozleri bagyshlap mowzuk achdylarmay
-
maloyjan
12 years ago
- dogry
-
missmaysa
12 years ago
- dogry dal,acsynlar
-
missmaysa
12 years ago
- bay bay oglanlar?tema acylsada gysganjak bar eken :-(
-
maloyjan
12 years ago
- moysa name bolly
-
missmaysa
12 years ago
- bolan zat yokla weli men moysa dal
-
maloyjan
12 years ago
- bor yalnysh yazypdyrynda bagyshla mayso
-
missmaysa
12 years ago
- bolan zat yokla
-
missmaysa
12 years ago
- bolan zat yokla
-
missmaysa
12 years ago
- bolya bolya
-
maloyjan
12 years ago
- bolyalay yogsam alada edip dawlenyam galypdyr shuwagt
-
missmaysa
12 years ago
- molayjon mumkin bolsa indikide yalnyshma
-
maloyjan
12 years ago
- muysajan nadeyin yalnyshmayan adam bamy
-
missmaysa
12 years ago
- :-)
-
maloyjan
12 years ago
- (:
-
maloyjan
12 years ago
- buda gecer
-
magnit
12 years ago
- , den bolmalyn, gutlalyn
-
maloyjan
12 years ago
- buda gecer
-
makgush
12 years ago
- gyzlar name halayakaray, name sowgat alaslary gelyarka?:-)
-
maloyjan
12 years ago
- awyny alsynlay shol gyzlar hic zadam berme
-
Barmaley
12 years ago
- "Gozel gyzlar, gozel gyzlar" diyip aydym bara:-)
Kurtoy 12 years ago